ÜÇÜNJI BAP: ADAMLAR BILEN GÜRLEŞMEGIŇ EDEPLERI BARADA — Dymyp, köp gürlemän gezmekligi özüňe dost tut. Şeýle etmeklik seniň akyllykaň abraýyňa, akmak halyňa aklyňa we ejiz halyňa mylakatly we geçirimliligiňe delalat eder. Manysyz boş sözlerden daş dur, ýogsam, ol seniň aýbyňy açar we duşmanyň ýatyşan gaharyny täzeden tutaşdyrar. — Adamyň gepi we gürrüňi onuň derejesiniň we akylynyň ölçegidir, şonuň üçin gysga we ýerlikli gürlemäge çalyş. — Hergiz soltanyň gaharyny getirme we dostlaryny çagyrma, kim soltanynynyň gaharyny getirse, oňa ölüm howpy abanar we kim öz dostlaryny çagyrsa, ol adam azatlykdan we rahatlykdan daş düşer. — Her bir adam gürlän sözi we eden işi bilen tanalýandyr, sen hem dogry sözle we gowy işleri et. — Kim abraýyny saklap, manysyz boş sözlerden daşlaşyp, özüne peýdasyz zatlardan daş durup, adamlaryň hem aýbyny gözlemese, ol adam her bir bela-beterden aman bolup, edenine puşman etmez. — Manysyz, erbet sözlerden diliňi saklap, adamlara eliňden geldigiçe ýagşylyk etmeklik gowy adamkärçilikdir, erbetlik bolsa özüňe degişli bolmadyk zatlar bilen meşgul bolmaklykdyr. — Az gepleýän kişilerden bol, ol seniň hakyky dostlaryňy köpeldip, betpäl dostlaryňdan halas eder we seni haýbatly görkezip hiç haçan ötünç soramaklyk gerek bolmaz. — Az gürlemeklik danalygyň alamaty, akyllylygyň hem (zehinliligiň) paýhaslylygyň alamatydyr, dogruçyllyk bolsa takwalygyň we päkligiň alamatydyr. — Az gürlemek danalykdyr we dogruçyllyk bolsa üstünligiň açarydyr. — Köp gürlemek (lakgyldamak) diňleýjini irizer we köp soramak bolsa ony gaçyrar. — Dostlaryny äsgermedik adam taşlanar we soltanyna hyýanat eden adam bolsa öldüriler. — Köp gürlemeklik gulagy irizer, doýman köp soramaklyk bolsa öňküjesindenem mahrum eder. — Iň gowy söz diňleýjini irizmeýän, oňa pitjiň atylmaýan sözdür. Eger delil okaşsaň, onda pes oturma we eger hötjetlik edäýseňem çenden geçme. Eger deliliňde kemterlik etseň, ýeňilersiň, hötjetligiňi köpeltseň weli, günäkär borsuň. — Köp lakgyldaýanyň günäsi we gybaty köpelip, haýbaty gaçar we oňa hiç bir ýerde hak berilmez we adamlaram onuň dilinden aman bolmazlar. — Wagyz-nesihat hem bolsa adamlara peýda getirmeýän her bir sözden diliňi sakla. Esasanam adamlaryň arasynda ýigrenilýän sözlerden gaça dur, ýogsam, gowy adamlar senden gaçyp, ýerine daşyňy akmaklar gurşap alarlar. — Az gürläp, agzyňy ýumup gezmeklik ýerliksiz samrap ýörmekden gowudyr. Näme üçin diýlende, dymmaklyk aýyp däldir, emma samrap ýörmeklik seni akmaklyga getirer. — Manysyz zatlary samramaklykdan saklan, ýogsam, ol seniň aýagyňy taýdyrar we golaýyňdakylary hem irizer. — Köp gürlemeklik seniň ýalňyşmaklygyňa hem dost-ýarlaryň senden gaçmaklygyna, töwerekdäkileriň irmekligine, senden bizar bolmaklygyna getirer. Şonuň üçin az gürle hem saňa erbetlik getirjek we senden adamlary gaçyrjak zatlary hergiz diliňe alma. — Kim çendenaşa köp gürlese, hatasy köpeler we kim töweregindäkileri äsgermese, ol adamyň il içinde hiç bir orny bolmaz. — Az gürläniň aýby örtüler we başgalara hormat goýanyň bolsa öz hormaty artar, şonuň üçin diňe zerur bolanyny gürle we başgalara bolan hormatyňy hem kemeltme. Seniň aýbyň örtülip, adamlaryň ýüreklerindäki söýgä mynasyp bolarsyň. — Köp gürleýän we başgalara hormat etmeýän adam her hili erbetliklere we adamlaryň käýinjine duçar bolar. — Dogruçyllyga we hakykata dogry gelmeýän her bir zat ýalan we nädogrudyr. — Saňa zalymlyk bilen elini uzadýan we diňe seniň garşyňa bolan zatlary diňleýän adama hergiz bir zatlar düşündirjek bolup dyrjaşma. Hatda öz deliliň we sözüň bolaýanda-da, ol adam hakykaty islemeýär. — Iň güýçli delil gorkmaklyk bilen taşlanmadyk we iň ejizi bolsa gylyjyň öňünde durup bilmeýän delildir. Munuň ýaly delile hiç daýanmagyn. — Käbir deliller ýüregiňe şypa bolup ýerine düşer we käbirleri bolsa bogazyňa tegek bolup demiňi tutar. — Şol bir zady gaýtalap ýörmeklikden saklan. Ýogsam, ol ýüregi kineden dolduryp, agzalalyga sebäp bolar. — Dilsiz bolup, aman bolmak, gürläp, soňam oňa ökünmekden gowudyr. — Özüňe makul bolanyny we sözüňi düşündirip biler ýalysyny gürle. Ondan artykmajyny diliňe alaýma. Ýogsam, ol seniň aýagyňy taýdyryp, ökünje sezewar eder. — Diliňde aýyp bolup gürläp bilmezlik başyňa bela bolan dile çeperlikden gowudyr. — Deliliňi güýçlendirýän bilimsizlik adamlaryň saňa bolan söýgüsini gidirýän peýdasyz ylymdan ýagşydyr. — Peýdaly ylym saňa nähili gowy gepleşmäni öwredýän bolsa, şonuň ýaly hem käbir ýerde dymmaklyk bilen özüňi gora. — Il-halka peýdaly zatlary gürleýän adam olardan gowy, süýji sözleri eşider. Eger az gürleseň, aman bolarsyň we utanç-haýaly bolsaň welin hormatlanarsyň. — Kim adamlara ýüzlenende, töweregindäkileri sylaman gürläberse, basym adamlardan göwnüne degiläýjäk pert-pert jogaplary eşider. — Kim adamlara ýüzlenende, olary ynjytjak zatlar bilen ýüzlense, onuň garşylygy hem özüni ynjydar. — Adamlara ýagşy, süýji sözler bilen ýüzlenmeseň, senem olardan süýji söz eşitmersiň. — Hiç haçan erbet sözler sözläp, aýyplanjak işleri etmegin, ýogsam, her sözüň jogaby we her işiňem zowaly bardyr. — Hiç haçan ajy sözi diliňe we şer işlerem eliňe almagyn. Beýle etmegiň bilen saňa sogap ýazylmaýar we il arasynda ýaýramagy bilen seni utandyrjak işlere nebsiňi öwrenişdirmegin. — Hiç haçan hökümdarlaryň bilen çekeleşmegin we dostlaryň bilen sögüşmegin, hökümdarlary bilen çekeleşen onuň gaharyna, dostlary bilen sögüşen bolsa olaryň ýigrenjine sezewar bolar. — Saňa güýji ýetýän, diýenini etdirip bilýän adam bilen hiç haçan biderek ýere çekeleşmegin, ýogsam, başyňy bela sokarsyň. — Hakykaty beýan edýän ýa-da nädogry batyl işleriň soňuny puja çykarýan, ýa-da bir hikmetli sözleri ile ýaýýan hemem Allanyň beren nygmatyna şükür edýän bolmasaň, başga zatlardan diliňi sakla. — Adamlara çirkin ýigrençli sözler aýdyp ýörmeklikden we elmydama ötünç soramaklykdan diliňi sakla. Ýogsam, adamlar senden gatnaşygyny kesip, seniň soran ötünçleriňe hem şek-şübhe edip başlarlar. — Adamyň akylyna, onuň gürlän sözi bilen, onuň aslyna bolsa edýän işi bilen baha bererler. — Artykmaç gürlemekden daş dur, ýogsam, ol seniň gowy taraplaryňy ýaşyrar, akylsyz lakgy görkezer hemem dostlaryň senden irmekligine ýol açar, emma az gürlemeklik seniň kemçilekleriňi örter, adamlar hem senden irip gaçmazlar. — Dili uzynyň akyly gysga. — Adamyň akyly onuň az gürlemekligi, onuň hoşniýetligi bolsa, berimliligi bilen bilinýändir. — Köp gürlemeklik adamyň akylynyň azlygynyň, tamakinlik bolsa onuň harsydünýäliginiň aç-açan delilleridir. — Tyg ýarasy dostlugyňy kesýändir, emma dil ýarasy ömrüňi kesýändir, beýle bolsa diliňden geljek belalardan goran we özüňi jenaýata atma. — Dili uzynlyk ömrüňi gysgaldar, emma az gürlemeklik seniň gowy arzuwlaryňy köpelder. — Az gürle, käýinçden aman bolarsyň. — Adamlar bilen gowy, mylakatly gatnaşsaň, hiç haçan eden işiňe ötünç soramaly bolmarsyň we diliňi ýerliksiz zatlardan saklasaň, aman bolarsyň. Hiç wagt öz utanjak sözüňi diýme, abraýyňy dökjek işi etme, ýogsam, seniň öňüňde her sözüňe jogap bermeklik we her bir eden erbet işiň üçin hem biabraý bolmaklyk bardyr. — Adamyň akyly onuň az gürlemekligi bilen, onuň hormaty bolsa pespäl mähribanlygy bilen biliner. — Adam ogluna gürlän sözüne we eden işine görä baha berilýändir. Şonuň üçin sözüň gadyr-gymmatyňy artdyrjak zatlary gürle, sogaply işler bilen meşgul bol. — Dilini erbet zatlardan saklanyň akyly kämilleşer we dogry sözli bolmaklyk bolsa hormatyňy artdyrar. — Dost-ýarlaryňa mylakatly bol, olara diliň bilen ezúet berme, dil ýarasy tyg ýarasyndan beterdir. — Hergiz edim-gylymyny, ýoluny bilmeýän işleriňe baş goşup, bilýänsirän bolup gürläp ýörme, seniň bu bolşuň akylyň we bilimiň pesligini ýüze çykarar. — Başyňy aman-sag saklajak we gowy görülýän akylly sözlerden başgasyndan diliňi sakla. — Kä wagtlar artykmaç aýdylan birje söz seniň ölümiňe sebäp bolup biler we käwagtlar bolsa ýerlikli aýdylan birje söz seni tükenmez bagta ýetirip biler. — Seniň nähili gürleýändigiňe görä, akylyňa baha bererler, şonuň üçin elmydama diňe peýdaly sözleri aýt. — Tussaglygyň uzalyp, janyňy özüň heläk etmäkäň, boş sözlerden diliňi sakla. — Iň köp tussaglykda saklamaly zat dogry ýoly görkezip bilmeýän we her bir zada jogap berip duran dildir. — Diliňi samrap ýörmeklikden saklasaň, soltanyň gazabyndan hem aman bolarsyň. — Şu günüňde seni erbet görkezjek we geljekde bolsa saňa zyýany etjek zatlary hergiz diliňe alma. — Belki-de, bir söz seniň başyňa bela-beterleri getirip, seniň at-abraýyňy we hormatyňy gidirip, bir adamy başga birine duşman edip biler. — Dostuň göwnüne degjek zady öz nebsi-howaňa ýarasa-da, oýun edibem diýme. Käbir oýun edilip diýlen sözler seniň dostlaryň gaçmaklygyna we başyňa belanyň gelmegine sebäp bolup biler. — Illeriň öňünde örtüp saklaýan zadyňy ýalňyzkaňam äşgär etme, şonuň üçin sen öz eden ýaramaz işleriňi we gowy işleriňi soraga çekip dur. — Görmekligiň bilen saňa zyýan getirýän zatlardan kör bolan bol-da, bilmekligiň bilen zyýan getirýän zatlardan bolsa akmaksyran bol-da gaç. Saňa ynanmaýan adama syryňy aýtma, seniň nesihatyňy kabul etmeýäne bolsa nesihat berme. Bir zady aýdyp galmandyryn diýip hem ökünme, soralmadyk ýerde hem hergiz jogap berme. — Adam üçin dilini saklamakdan kyn zat ýokdur. Hak zatlary  ýaýratmak we haýyr işlere gönükdirmeden başga ýerde diliňi berk sakla. — Köp gürlemeklik danany azaşdyryp, diňleýjini hem irizer. — Az gürleseň igenerler, köp gürleseň, ýüzüňi alarlar we özüňi öwseň, iliň gözünden düşersiň. — Dymanlygyňa ökünmek, gürläp aman bolmakdan ýagşydyr. — Dymyp gezmeklik seniň geljegiňi öwgä duçar eder. — Iň ynamly we adamlaryň arasynda iň az bolan zat dymmaklykdyr. — Dymyp gezseň, aman ýaşarsyň. — Sözleriň iň erbedi töweregiňdäkini begendirmek üçin manysyz köp gürlemek we hiç kime peýdasy ýetmeýän sözdür. — Iň erbet aýyp nadanlykdyr  we iň erbet söz bolsa ýerliksiz gürlemekdir. — Dawwa-jedel etseň hem, hiç öýkeleme, hemem özüňe zyýany bolmaz ýaly gepiňi köpeltme. Eger akmak adama dymmaklyk bilen jogap berseň, onuň üçin iň gowy we agyr jogaby berdigiňdir.

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir