«Adatlar» çärýeginiň öz içine alýan zatlary «Ybadatlar» çärýeginiň öz içine alýan gatnaşyklaryndaky halal-haram zatla­ryň beýanyny bilmezden aýratynlykda dürs gurnalmaýar. «Fykh ylmynyň garaýan esasy zatlary ahyret işleridir. Olar iman, namaz, zekat we halal-haramdyr» diýip sorasaň, onda biz saňa: «Sen fakyhyň ahyr maksady barada oýlanyp görseň, onda dünýäniň soňunyň ahyrete eltýändigine göz ýetirersiň. Eger sen bu zatlary[1] bilseň, galan zatlar saňa aýan bolar» diýip jogap bereris.Iman-fakyhyň dürs we bozuk zatlar hem-de imanyň şert­le­ri hakynda aýdýan sözleridir. Onda diňe dil bilen aýtmaklyga däl-de, eýsem aýdan zadyňy kalp bilen ykrar etmeklige äh­mi­ýet berilýär. Pygamber alaýhyssalam fakyhyň kalbyndan çyk­ýan sözleri soltanyň gylyjyna daýanyp, yslamy ýaýratma­gyn­dan ýokarda goýdy. Fakyhyň dürs imany gylyjyň ýardamy as­tyn­da uly güýje eýe bolýar. Ýöne fakyh gylyjyň öz maksadyny aýan etmeýändigini bilýär we adamlaryň kalbyndaky nadanlyk perdesini aýyrmaýandygyna düşünýär. Emma ol gylyç eýesine ýol görkezýär. Çünki, gylyç eýesi onuň gözegçilik edýän mese­lelerine ymtylýar we malyna el uzadýar. Bu ýagdaý iman gylyç eýesiniň kalbynda däl-de, dilinde bolsa şeýle bolýar. Dünýäde köplenç beýle ýagdaýlar ýüze çykyp durýar. Şonuň üçin Py­gam­ber alaýhyssalam: «Men bu adamlar: «Alladan başga Hu­daý ýokdur» diýip aýdýançalar we oňa ýürekleri bilen uýýan­çalar söweşmeklige emr edildim» diýdi.Emma ahyret barada aýdylanda onuň üçin malyň nepi ýok­dur, belki kalbyň nurlarynyň, syrlarynyň we päklenmeginiň peýdasy bardyr. Bu peýda diňe bir fykh ylmynyň üsti bilen ýe­til­ýär. Eger fakyh fykh ylmyna yhlas bilen ýapyşsa, onuň da­şyn­dan dilewarlyga we tebipçilik ylymlaryna daýansa, onda onuň işi netijeli bolar.Namaz barada aýdylanda, fakyh dürs pitwalary bermelidir. Eger fakyh daş sypatyny oňaryp namaza dursa, içinden bolsa namazyň başyndan ahyryna çenli bazar gatnaşyklary baradaky pikire meşgul bolsa, onuň bu namazyndan ahyretde özi üçin hiç hili peýda tapmaz. Ol beýle pikire namazdan öň ýa-da soň özü­ni berip biler. Munuň özi ýürekden çykmaýan iman baradaky sözi dil bilen aýdan ýalydyr. Fakyhyň özi dürs pitwalara amal edip, beýleki bendelere görelde bolmalydyr.Kalbyň yslama tabynlygy we oňa berlenligi ahyret amal­la­ryn­dadyr. Zahyry amallar[2] diňe tabynlyk bilen peýda berer. Fa­kyh muňa goşulmaz, sebäbi bu onuň mowzugynyň daşyndadyr.Zekat barada aýdylanda, onda fakyh oňa soltanyň talapla­ry­na görä nazar salýar. Eger zekat berilmän saklansa, soltan ony hökümetiň güýji bilen alyp biler. Çünki, raýatlar soltanyň ygtyýaryndadyr. Hekaýat edilişine görä, Abu Ýusup[3]baýly­gy­ny üstünden bir ýyl geçensoň, aýalyna peşgeş berer eken. Peş­geş berlen zatdan bolsa zekat alynmaýar. Bu ýagdaý barada Abu Hanypa[4] (goý, Beýik Taňry oňa rehimdarlyk etsin!) aý­dyp­dyrlar. Ol: «Bu onuň öz fykhydyr»[5] diýdi. Hawa, onuň bu dünýäniň fykhydygy tassyk edildi. Ýöne onuň ahyretdäki zy­ýany ähli jenaýatdan uludyr. Zyýanly ylmyň mysaly hem edil şunuň ýalydyr. Emma halal we haram barada aýdylanda bolsa ol takwalykdyr. Takwalyk bolsa hudaýhonlygyň esasy şerti bo­lup, ol diniň haram eden zatlaryndan saklanmakdyr. Takwa­ly­gyň dört sany basgançagy bolýar. Birinji basgançakda kele­mä­ni dürs aýtmak we ony kalbyň bilen ykrar etmek şert edilýär. Kelemäni terk etmek bilen ynsan yslam ähli bolmaklykdan çyk­ýar. Bu şerti berjaý etmek görnetin haramdan saklanmak­dyr. Ikinji basgançak ýagşyzadalaryň takwalygydyr hem-de ha­ram ähtimallygy bar bolan şübhelerden saklanmakdyr. Pygam­ber alaýhyssalam: «Şübhelenýän zadyňy terk edip, şübhe­len­meýän zadyňy saýlap al!»; «Günä kalbyň titremesidir» diýdi. Üçünji basgançak takwalaryň takwalygydyr we berjaý edilme­ginde harama eltmek howpy bar bolan halaly terk etmekdir. Pygamber alaýhyssalam: «Hiç bir adam harama eltjek halaly terk edýänçä takwa bolmaz» diýdi. Beýle takwalygyň bir my­sa­ly, gybata eltmek ähtimallygynyň bardygy sebäpli adamlaryň ahwallary barada sözlemekden saklanmak, işdäniň açylmagyn­dan heder edip, lezzetli tagamlary iýmeklikden saklanmak ýaly zatlardyr. Dördünji basgançak syddyklaryň takwalygydyr we ol Allatagala gowuşmaga peýda bermeýän zatlardan daşlaşyp, ömrüň her bir pursatynda Taňrydan başga zatlaryň pikir-alada­syny etmekden saklanmakdyr. ömrüň her bir sagadyny sarp et­mek bilen Taňrydan başga zatlaryň pikirini etmekden sak­lan­mak­dyr. Eger ynsan şu derejeleri bilýän bolsa we olary berjaý edýän bolsa, onda ol haram işi etmez. Bularyň birinji dereje­sin­den başgasy fykh ylmynyň nazaryýetinden gelip çykýar. Fyk­hyň nazaryýetini berjaý etmeklik kazylary we güwälik berýän­leri takwalyga eltýär. Onuň ýaly adamlar adyllykda, dürslükde ýazgarylmaýar we ahyretde günäkär hasaplanmaýar.Pygamber alaýhyssalam: «Saňa her hili pitwa berseler hem, sen kalbyňa geňeş, kalbyňa geňeş, kalbyňa geňeş» diýdi.Fakyh kalbyň duşmançylygy we onuň duşmançylyk bilen edýän işleri barada däl-de, eýsem ony düzetmegiň ýollary bara­da söz açýar. Fakyhyň kesgitnamalarynyň hemmesi dünýä bi­len bagly bolup, ol fykh ylmynyň üsti bilen ahyret ýoluny dü­zet­mek baradadyr. Eger fakyh kalbyň häsiýetleri we ahyretiň hökümleri barada söz açsa, onda ol sözüni kärine düşünmek bilen başga ylymlardan mysal getirip aýdýar. Ol sözüne tebip­çi­lik, hasap, ýyldyzlar, kelam we nahw ylymlaryndan, dana sözlerden, şygyrlardan mysal getirýär.Zahyr (fykh) ylmynyň ymamy Sufýan Söwri: «Zahyr (fykh) ylmynyň ahyretde hiç hili peýdasy bolmaz» diýdi. Çünki, alymlar ylma amal etmegiň ylmy bilmekden sogaply­dy­gy baradaky pikire kesgitleme jähetden ylalaşdylar. Onsoň fykh ylmyny bilmek Allatagala ýakynlaşdyrýan işlerden däl di­ýip kim oýlap biler? Beýle alym, elbetde mejnundyr. Kalp we agzalar bilen amal etmek hormatly işdir.Sen: «Näme üçin fykh ylmyny tebipçilik bilen deliller ge­tirip deňeşdirmediň? Tebipçilik ylmy hem dünýä bilen bagla­nyşykly ahyryn!» diýip aýdarsyň. Dogry, tebipçilik ylmy hem dünýä bilen baglanyşykly. Ol bedeniň saglygy bilen meş­gul bolýar. Şonuň üçin diniň düzüw berjaý edilmegi oňa hem bagly bolup durýar. Ýöne bu deňeşdirme musulmanlaryň ijma­gyna gap­­ma-garşy gelýär. Bu ýerde fykh ylmy bilen tebipçiligi de­ňeşdirmek däl-de, eýsem tapawutlandyrmak zerur. Fykh yl­my üç nukdaýnazardan tebipçilik ylmyndan hormatlydyr. Ola­ryň biri fykh ylmy şerigat ylmydyr we ol tebipçilik ylmynyň ter­si­ne esaslaryny pygamberlik ylhamyndan alýar. Tebipçilik ylmy bolsa şerigat ylmy däldir. Olaryň ikinjisi tebipçilik yl­my­na syrkawlar, hassalar diýäýmeseň, ahyret ýoluna düşenleriň hiç biri mätäç bolmaýar. Hassalar bolsa azdyr. Olaryň üçünjisi fykh ylmy ahyret ylmynyň goňşusydyr. Çünki, ol agzalaryň amal­larynyň nazaryýetidir, olaryň çeşmesidir, kalbyň sypatla­ry­nyň terbiýeçisidir. Oňlanylýan amallardan oňlanylýan hem ahyrete halas bolan şekilde getirýän ahlaklar döreýär. Oňlanyl­maýan amallardan oňlanylmaýan ahlaklar çykýar. Agzalaryň kalp bilen birleşýändigi bolsa ýaşyryn däldir. Emma saglyk hem hassalykdan gutulmak ikisiniň maksady beden lezzetini tapmakdan ybaratdyr. Bu bolsa kalbyň däl-de, eýsem bedeniň sypatlaryndandyr. Hut şu sebäpli-de men fykhyň tebipçilikden hormatlydygyny ykrar etsem öte geçdigim bolmaz. Ahyret ýolu­nyň ylmyny fykh ylmyndan artyk tutsam hem uly gep­le­di­gim bolmaz. Çünki, ahyret ýolunyň ylmy fykh ylmyndan hor­mat­lydyr. Eger sen: «Ahyret ýolunyň ylmyny düşündir» diý­seň, onda ondan aňryçäkde ylym bolmaz. Bu ylym iki bölüm­den ybaratdyr, aýanlyk ylmy we ahlak gatnaşygy ylmy. Bu ylym batyn ylymdyr. Bu ylym hemme ylymlaryň ymtylýan aň­ry­çäk maksadydyr. Erenleriň biri: «Men bu ylymdan nesibesi bolmadyk kişiniň ahyrynyň ýaramaz boljakdygyndan gorkýa­ryn» diýipdir. Başga ‎‎eren: «Iki sany häsiýeti bar bolan adama bu ylymdan hiç zat nesip bolmaz. Olar bedgat we ulum­sy­lyk­dyr» diýipdir. Aýdylyşyna görä, kim dünýäni söýse ýa-da neb­sine tabyn bolsa, ol ahyret ylmyna ýetmez, belki beýleki ylym­lara ýeter. Kim ahyret ylmyny inkär etse, onuň azaby köp bolar we ahyretiň lezzetlerinden hiç zat datmaz. Şahyrlaryň biri şeýle aýdypdyr: Ahyreti ret edip, bolsa tekepbir kişi,Azaba duçar bolmak, onuň ahyrky oň işi. Aýanlyk ylmy syddyklaryň we Taňra ýakynlyk tapan weli­le­riň ylmydyr. Bu ylym ‎erbet ahlaklardan tämizlenen we päk­lenen bendäniň kalbyna siňen nurdur. Netijede, köp işler aýan bolýar. Syrly manylara açylýar. Allatagalany we onuň baky sy­patlaryny bu ylym arkaly oňa aýan bolýar. Netijede, bu alyma Bu ylym pygamberlik, wahynyň hakyky manysy, şeýtanyň ynsany waswasa salyşy, perişdäniň[6] pygamberleriň ýanyna gel­şi, olara pygamberlik ylhamynyň iberilişi, asmanlaryň we ýer­leriň mülkleri bilen tanyşlygy, perişdeleriň hem şeýtanlaryň biri-birlerine gapma-garşy duruş ýollary, perişdeleriň toparlary bilen şeýtanlaryň toparlarynyň arasyndaky tapawut, jennet hem dowzah hakyndaky düşünje, gabyr azaby, Syrat köprüsi, mizan terezesi we ahyret hasaby hemmetaraplaýyn äşgär bolýar. Ol Alltagalanyň: «(Kyýamat güni her bendä): «Kitabyňy oka! Bu gün saňa garşy hasapçy hökmünde öz nebsiň ýeter» diýerler»[7] diýen aýatynyň, «Eger bilseler, hakyky ýaşaýyş ahyret ýaşaý­şy­dyr»[8] diýen aýatynyň manysyna ‎düşüner. Şeýle hem Taňry bilen duşuşygyň, Taňra ýakynlygyň, Taňrynyň dergähine bar­mak­lygyň, beýik derejeli menzilde ebedi bagtyýarlyga ýetme­giň, jennet ähliniň arasyndaky tapawutlaryň we başga zatlaryň manylaryna göz ýetirer. Onuň öwrenýän mowzuklaryny näçe sana­saň sanap oturmaly. Bu işleriň hemmesi şol makama ýet­me­dik adamlar üçin geň bolup görünýär. Beýle beýik derejäni Allatagala ýagşyzada bendeleri üçin taýýarlady. Ol dereje gu­laklaryň eşitmedik, gözleriň görmedik, ynsan kalbyna gelmedik pikiriň derejesidir. Käbir adamlar bu zatlaryň pikire hem gel­me­ýän zatlary mysaly hökmünde hasapladylar. Başga bir topar bolsa olara hakyky manysynda düşündiler. Ýene bir topar adam aňynyň bu zatlara düşünmekden ejiz gelýändigini ykrar edýär. Ýene bir topar Taňryny tanamaklygyň ägirt işdigini tas­syk­laýar. Bir topar bolsa Taňryny tanamaklygyň çägi hem­me­le­riň düşünip biljek görnüşindedir» diýdiler. Taňry bardyr, eşidijidir, görüjidir we sözleýjidir.Ine, biziň mukäşefe ylmyndan maksadymyz, Allatagala­nyň sypatlaryna we işlerine aň ýetirmäge perde bolýan päs­gel­çi­liklerden we poslardan kalp aýnasyny päkläp, lowurdat­ma­gyň serişdesini habar bermekdir.Biz ahyret ýolunyň ylmy diýip şol kalbyň aýnasynyň şöhle saçyp, puçlugy aýan etmegine düşünýäris. Şol puçluk bolsa Be­ýik Taňry bilen ynsanyň arasynda duran perdedir we Onuň sypatlaryny bildirmeýän örtükdir. Ynsan kalbyny nebis arzuw­la­ryn­dan saplamak hem päklemek, ähli ýagdaýda pygamber­lere, (goý, olara Taňrynyň ýalkawy we salam bolsun!) uýmak bi­len ol örtügi aýryp biler. Oňa kalbyň aýnasynyň päklen­me­gi­niň şöhle saçyş mukdaryna laýyk mukdarda hakykatyň syrlary aýan bolar. Ýöne ol beýle hala diňe kalbyňy türgenleşdirmek bilen ýetip biler. Kalp türgenleşiginiň usullary barada biz öz ýerinde aýdarys. Bu ylym barada diňe şol makama ýeten adam kitaplarda setirleri ýazýar we Taňrynyň beýle nygmatlary ha­kyn­da söz açýar. Çünki, ol bu agzalan ýoly ýörän we ol ýoluň syrlaryny düşünen adamdyr. Ine, şu ýaşyryn ylym Pygamber alaý­hyssalamyň: «Ol ylym gizlenen dür ýalydyr. Oňa diňe Taňryny tanan adamlar düşünýärler. Eger olar bu ylymdan söz açsalar, olara diňe özlerini tekepbir alyp barýan topar nadanlyk ýükläp biler. Siz Taňrynyň onuň ýaly öz pazlyndan ylym beren adamsyny harlamaň. Çünki, Taňry hem ylym berlende olary harlamady» diýen sözünde şu ylym göz öňünde tutulýar.Emma ikinji topar ahlak gatnaşygy baradaky ýa-da kalbyň hallary hakyndaky ylymdyr. Ahlak sypatlaryndan oňlanylýan­lary sabyrly bolmak, Taňrydan howpda bolmak, Oňa şükür etmek, Ondan razy bolmak, halalhonlyk, takwalyk, kanagatly bolmak, sahylyk, hemme hallarda Taňrynyň ýagşylyklaryny bil­mek, adamlar barada ýagşy pikirde bolmak, olar bilen ýagşy gatnaşykda bolmak, dogruçyllyk, päklik ýaly gylyk-häsiýetler­dir. Bu hallaryň hakykatyny, çäklerini, sebäplerini, alamatla­ry­ny ol ahlaklar gowşak bolan ýagdaýynda olary güýçlendirme­giň ýollaryny bilmek ahyret ylmyna alyp barýar.Ahlak sypatlaryndan oňlanylmaýanlary garyplykdan howp etmek, çaksyz gaharlanmak, ýigrenç, göriplik, bahyllyk, aldaw­çylyk, beýik mertebe islemek, öwülmegi halamak, dünýäde uzak lezzetli ýaşamagy gowy görmek, ulumsylyk, duşman­çy­lyk, tamakin bolmak, gysgançlyk, baý ýaşamagy gowy gör­mek, şükür etmezlik, bozuklyk, baýlara ýaranjaňlyk etmek, ga­ryp­lary halamazlyk, öwünjeňlik, bäsdeşlik etmek, bol ýaşaýşa hondanbärsi bolmak, kişiniň hakyny äsgermezlik bilen iýmek, peýdasyz sözleri geplemek, köp geplemek, öz pikiriňi gögert­mek, adamlardan gowy geýinmek we gowy iýip-içmek, özüňi go­wy görmek, öz aýybyňy ýaşyryp, adamlaryň aýyplaryny ile ýaý­mak, ýüregiňde gaýgy-gamy köp saklamak, Taňrydan gork­ma­gy kalbyňdan çykarmak, kişä zulum etmek, ýaltalyk, hy­ýa­nat etmek, mekirlik, aldawa salmak, ýüregiň gatylygy, gödek­lik, dünýä şatlanmak, öten zada gynanmak, wagşylyk, haýwan­lara sütem etmek, harsallyk, ýeňilkellelik, utançsyzlyk, geçi­rim­sizlik ýaly gylyk-häsiýetlerdir. Bu ahlaklar kalbyň bozuk­ly­gyna alyp barýan ýaramaz işleriň ýüze çykmagyna sebäp bolýar.Beýle ahlaklaryň çöwre tarapy oňlanylýan ahlaklar bolup, olar tagatyň we Taňra ýakynlygyň çeşmesiniň gözbaşlarydyr. Olaryň hakykatlarynyň sebäplerini, miwelerini, terbiýelenişini öwrenýän ylym ahyret ylmydyr. Bu ylym ahyret ylymlarynyň pitwalarynda parzy aýndyr. Bu ylmyň görkezmelerini berjaý etmedik kişi bu dünýäde hökümdaryň tabşyryklaryny berjaý et­me­dik adamyň onuň gylyjyndan heläk bolşy ýaly, ahyretde Beýik Taňrynyň gazabyna sataşyp heläk boljakdyr. Fakyhlaryň parzy aýna ähmiýet berşi dünýä işlerine ähmiýet berşinden has ýokarydyr. Çünki, parzy aýn ahyretiň bähbitleri bilen baglany­şyk­lydyr. Eger fakyhdan bu ahlaklaryň biri barada, meselem yh­las ýa-da Taňra bil baglamak, ýa-da ikiýüzlülik barada so­ral­sa, onda ol onuň parzy aýndygyny we oňa ähmiýet bermezligiň ahyretde heläk ediji zatdygyny aýdar. Eger sen ondan birnäçe parzy aýn barada sorasaň, onda ol saňa telim jiltlerden mysal­lary aýdyp berer. Saňa onuň sözlerini gije-gündiz dynuwsyz öw­renmekligiň, ýat beklemekligiň olardan gapyl bolmazlygyň zerur. Çünki, bu zatlar diniň ähmiýet berýän zatlarydyr.Eger bende diniň hakyny berjaý etjek bolsa, onda ol ilki par­zy aýn bolan zatlary, soňra parzy kifaýa bolan zatlary öw­ren­melidir. Ýurtda gaýry dinlerden bolan ençeme tebipler bar. Tebiplere olardan ilki tebipçilik ylmynyň fykh ylmy bilen bag­lanyşykly zatlaryny, soňra başga zatlaryny öwrenmek wajyp. Biz ylym bilen şeýle tertipde meşgul bolýan adamlary az görýäris. Olaryň köpüsi galapyn fykh ylmynyň üstünde dawa-jedel etmeklige meşgul bolýarlar. Ýurt bolsa pitwa we jogap berýän fakyhlardan doly. Eger olar parzy aýnyň wajypdygyny bilýän bolsalar, onda adamlaryň parzy kifaýa bilen başagaý bolup ýörmeklerine we wajyp däl zatlara meşgul bolup ýör­mek­lerine rugsat bermezdiler. Tebipçilik ylmy ahyret işlerine ýetmekligi ýeňilleşdiriji serişde bolmaýar. Ýetimleriň hakyny iýmeklik, wezipä kowalaşmak, dost-ýarlary hökümet işlerine çek­mek, göwnüňe ýaramaýan adamlara azar bermek ýaly ýa­ra­maz ahlaklar fakyhlaryň bozuklygy sebäpli ýüze çykýar.Din ylmy ýaramaz alymlaryň bardyklary sebäbinden ýitip ýok bolmaga ýakyn geldi. Ýöne Beýik Taňrynyň özi hak işe ýar­dam berijidir! Biz Onuň özünden beýle alymlaryň şerinden saklamak üçin pena soraýarys. Beýle alymlaryň adamlara al salmagy geçirimli Taňrynyň gaharyny getirýär we şeýtany şat­landyrýar. Adamlar daşky sypatyny bejeren kişileri batyny ylym­lary kalbynda ornaşdyran welilerden takwa hökmünde öňe sür­ýärler.Ymam Şapygy (goý, Beýik Taňry ondan razy bolsun!) Şeý­ban Ragynyň (çopanyň) öňünde çaganyň mekdepde mugal­lymyň öňünde oturyşy ýaly çök düşüp oturardy hem-de: «Şeýle ýagdaýda näme edeýin» diýip, dürli zatlar barada sorardy: «Heý, seniň ýaly alym adam, munuň ýaly çarwa arapdan ylym öwrenermi?» diýip, sorapdyrlar. Onda ol: «Bu adam biziň bil­me­ýän zadymyzy bilýär» diýip jogap beripdir.Ahmet ibn Hanbal (goý, Beýik Taňry ondan razy bolsun!) bilen Ýahýa ibn Mugyn ikisi Magruf Kerhiniň[9] ýanyna baryp, düşünmeýän zatlaryny ondan sorardylar. Ol ikisi zahyr ylymda makamlary boýunça Magruf Kerhiden pesdi we ondan köp zatlar hakynda sorardylar. Olar nädip soramasynlar. «Sebäbi Pygamber alaýhyssalamdan:«Eger Gurhandan we sünnetden tap­ma­dyk meselämiz bilen ýüzbe-ýüz bolsak, näme ‎edeli?» diýip soranlarynda: «Siz ýagşyzadalardan soraň we olary özü­ňi­ze nesihatçy tutunyň» diýipdir. Şonuň üçin: «Zahyr alymlar ýe­riň zynatydyr, batyn alymlar bolsa asmanyň zynatydyr» di­ýil­ýär.      

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir