Pygamberleriň jaýyz we wajyp bolan sypatlary bardyr. a) Jaýyz bolan sypatlaryHer pygamber ynsandyr. Olar hem ynsan ýaly, dogulýar, ösüp ulalýar, öýlenýär, çagalary bolýar, keselleýär we ölýär.«Biz olary iýmeýän-içmeýän beden kylmadyk. Olar ölümsiz hem däldir», (Enbiýa, 8; Äli Imran, 144).Ynsanyň synagynyň doly, adalatly bolmagy üçin, özlerinden pygamber saýlanmagy has makuldyr. Çünki, pygamber Allahdan getirilen emr we gadaganlyklar boýunça görelde görkezip, nusga bolup ýaşamalydyr.Pygamberler erkek kişilerdir. Kurany Kerimde:«Biz senden öň özlerine wahý iberenlerimizi hem diňe erkeklerden iberdik», (Nahl, 43; Enbiýa, 7).Aýallar ýaradylyş taýyndan aýbaşy görýändikleri üçin erkekler ýaly hemişe ybadat bilen bagly bolmaýar, şeýle hem, olaryň enelik wezipesi pygamberlik ýaly agyr ýüki göterip bilmäge mümkinçilik bermeýär.Pygamberleriň dili öz halkynyň dilidir. Allahdan gelen ilahi wahýyň ynsana doly düşündirilmegi üçin, elbetde, bu şertdir. Kurany Kerimde: «Milletine doly düşündirsin diýip, her pygamberi öz milletiniň dili bilen iberdik», (Ibrahim, 4) diýilýär.Pygamberimiziň ene diliniň araby bolanlygy üçin, Kurany Kerim hem arap dilinde inipdir. Emma Pygamberimiz ähli adamzadyň we jynlaryň pygamberidir. «Eý, Muhammet aýt: – Eý, ynsanlar! Dogrusy, men Allahyň hemmäňize iberen pygamberidirin», (A’raf, 158) aýaty muny aç-açan tassyklaýar.Arapdan başga halklar diniň esaslaryny aslyndan öwrenmek üçin diniň dili bolan arapçany öwrenmäge we ýeterlik kadrlary ýetişdirmäge borçludyr.b) Pygamberleriň wajyp sypatlarySydkSydk – «dogrulyk» diýmekdir. Dogrulyk – pygamberlik sypatlaryny öz daşynda aýlaýan merkezi okdur. Pygamberlik diňe dogrulyk ýörelgesinden ýöreýär. Pygamberiň agzyndan çykan her söz tassyklydyr. Çünki, olar hakykatdan başga hiç bir söz aýtmaýar. Kurany Kerim käbir pygamberiň beýikligini aňlatmak bilen, bize olaryň bu sypatyny şeýle beýan edýär: «Kitapda Ibrahimi-de ýatla. Ol syddyk (dos-dogry) bir nebidi», (Merýem 41).EmanetEmanet – «ynamdar» diýmekdir. Bu söz iman sözi bilen bir kökden dörändir. Mü’min – ynanan we ynamdar ynsan diýmekdir. Pygamberler mü’minlikde iň ýokary derejedäki ynsan boluşlary ýaly, eminlik we ynamdarlykda-da iň ýokary derejededir. Kurany Kerim olaryň bu sypatlaryna ençeme aýatlarda yşarat edýär.«Nuh kowmy hem pygamberlerini ýalançy saýdy. Doganlary bolan Nuh olara şeýle ýüzlendi: Allaha garşy gitmekden gorkmaýarmysyňyz. Biliň, men size iberilen emin (ynamdar) bir ilçidirin. Indi Allaha garşy gitmekden gorkuň we maňa itagat ediň», (Şuara, 105-108).YsmatYsmat – günä etmezlik, günäden goralan, hemaýat edilen diýmekdir. Pygamberler kiçi-uly ähli günälerden Allah tarapyn goralyp saklanypdyr. Ýagny, Allah Tagala pygamber edip iberjek guluna asla günä iş etdirmeýär.Ähli pygamberler masumdyr. Olar saýlama we mukaddes ýaradylan müstesna (deňi-taýsyz) ynsandyr. Diňe haýyrly däl, haýyrlylaryň arasynda hem iň saýlamalaryň saýlamasydyr. Pygamberler adamzady Allaha we Allahyň ryzasyna äkidýän ýolbelet bolandygy üçin, ýörite goragdadyr. Çünki, hiç bir günäde, hat-da iň kiçisinde hem Allahyň razylygy we hoşallygy ýokdur. Özi Allahyň ryzalygyndan mahrum kişi nädip başgalary Onuň ryzalygyna ýetirsin? Bu asla mümkin däldir. Diýmek, pygamberler günä işden daşdyr.Käbir pygamberlere ýöňkelen hatalar barada aýtsak, birinjiden, ol işler günä däldir. Ikinjiden, olaryň hatasy pygamber bolmazyndan öňki durmuşynda bolup geçendir. Zelle diýilýän bu hatalar olaryň mertebe we ýagdaýy bilen baglanyşyklydyr. Ýagny, bu zelleler ýönekeý adam üçin hata-da däldir. Olar Allaha her kesden has ýakyn bolan mukarrebin üçin hata saýylypdyr.Bu meselede hezreti Adam atanyň zellesini mysal alalyň:Kurany Kerim bir ýerde hezreti Adam atanyň ýagdaýyny şeýle düşündirýär. «Adem Rabbine garşy gidip, ýolundan azaşdy. Soňra bolsa Rabbi ony saýlap, tobasyny kabul etdi. Oňa dogry ýoly görkezdi», (Taha, 121-122). Aýatda «ijtiba» sözi ulanylýar. Ijtiba – girdaba dolaşyp gark bolmakdan, köpürjik deýin sowrulyp gitmekden halas etmek diýmekdir. Allah Tagala hezreti Adam atany şeýle ýagdaýa düşmekden halas edendigini bildirýär. Terjimedäki «garşy gitmek» diýilýän, biziň düşünýän garşy gitmämiz däldir.Hezreti Adam ýalňyşan badyna, heläkçilikden halas eden Rabbine ýönelip şeýle diýýär:«Rabbim, ikimiz hem (Adam ata we How ene) nebsimize zulum etdik. Eger Sen bizi magfiret etmän rahmetiň bilen garşylamasaň, biz zyýanda galanlardan bolarys», (A’raf, 23). Bu bir zelledir. Ýöne Allah ony bu zelleden soň dogry ýola salyp hidaýet edipdir. Bu aýatlardan şu netije çykýar: Hezreti Adam atanyň zellesi ijtibadan owal bolupdyr. Ýagny, hezreti Adam zelle eden wagty pygamber däldi. Şeýle hem hezreti Adam ata Allahyň sargydyny unudyp zelle edýär. Allah Tagala hezreti Adam atanyň bu ýagdaýyny Kuranda şeýle habar berýär:«Kasam bolsun, Adem bilen has öň äht baglaşypdyk. Ýöne ol muny unutdy. Emma ony hatasyna azmly (meýilli) görmedik», (Taha 115). Başga bir aýatda:«Adem bilen sözleşdik. Men oňa: «Hemme zatdan bol-elin iýip-içiň, ýöne şu agaja ýakynlaşmaň, ýogsa, zalymlardan, hetden aşanlardan, nygmatlardan mahrum galanlardan bolarsyňyz» diýipdim», (Bakara, 35; A’raf, 19). Unutmak ynsanyň ýaradylyşynda bardyr. Şonuň üçin, Allah Tagala unudyp we ýalňyşyp edilen işleri bagyşlaýandyr. Pygamberimiz bolsa bu meselede şeýle diýýär:«Şu üç zatdan hasap soralmaz: unutmak, ýalňyşmak we zor salynmak», (Buhary, Ebu Dawud, Tirmizi, Ibni Maje).Pygamberimiz hezreti Adam atanyň zellesini başga bir hadysynda şeýle düşündirýär:«Asmanda hezreti Adam ata bilen hezreti Musa ýüzbe-ýüz gabat geldi. Hezreti Musa:– Sen adamzadyň atasysyň. Bizi jennetden alyp Ýýere gönderdiň – diýdi. Hezreti Adam ata bolsa şeýle jogap berdi:– Sen Allahyň hut özi bilen gürleşen «Kelimisiň». Töwratda şu sözi görmediňmi?! Adam şol miwäni iýmezinden kyrk ýyl owal şeýle etjekligi takdyrynda ýazylypdy.Pygamberimiz berzah älemine degişli bu duşuşygy aýdandan soň, üç gezek Adam ata Musany geplemez ýaly etdi», (Buhary, Tirmizi).Beýleki pygamberlerden hezreti Nuhuň gämä münmek islemedik oglunyň halas edilmegi üçin eden dogasy, hezreti Ibrahimiň (a.s.) ýyldyza, Aýa we Güne: «Bu meniň Rabbim» diýmegi, Allahdan ölüleri dirildişiniň mysalyny görkezmegini islemegi, kakasynyň magfiret edilmegi üçin doga etmegi, hezreti Ýusuf we hezreti Musanyň zelleleri hem şunuň ýalydyr. Eger bular bilen baglanyşykly aýatlar doly derňelse, pygamberleriň zelleleri biziň ýaly adaty adamlar üçin günä hem saýylmaz.Hezreti Ibrahimiň (a.s.) üç ýerde ýalan sözländigi barada aýdylýar. Emma bular hem ýalan däl-de «ta’rizdir». Ta’riz – ilki eşdilende ýalana meňzeýändir, emma, sähel üns berseň, dogrudygy aýandyr. Çünki, pygamberiň degişmede-de ýalan sözlemegi mümkin däldir. Sebäbi, ýalan uly günädir.Pygamberimiziň ysmaty barada aýdylsa, Onuň pygamber bolmazyndan öňki durmuşy bilen baglanyşykly, hat-da duşmanlarynyň hem ýüzüne basyp biljek ýalňyşy ýokdur. Ol jahyliýet döwrüniň erbet däpleriniň hiç birini etmändir. Allahyň ony pygamberlikden öň hem gorandygyny sahyh çeşmeler habar berýär.Biz meseläni giňişleýin ýazmakdan saklanyp, bu barada ýazylan ýörite kitaplara seretmegiňizi maslahat berýäris.FetanetFetanet – akyl bilen akyl belentliginden aşmak diýmekdir. Muňa pygamber mantygy hem diýilýär. Bu mantyk ruhuňy, kalbyňy, bedeniň syzmasyny, duýgularyňy, zehiniňi bir ýere jemläp giňişleýin, çuňňur akyl ýetirip bilmekligi aňladýar.Allah Tagaladan gelen ilahi wahýlar ilki «fetaneti agzam» bolan bu mantygyň üsti bilen düşündirilmegi zerurlykdyr. Bu zerurlyk ynsanyň mätäçliginden döreýär. Şeýlelikde, ilahi wahý ilki ony amal eden pygamberiň fetanetiniň üsti bilen beşeriň düşünip biljek derejesine getirilýär. Şeýle hem pygamberler fetanetleri bilen ähli müşgilleri juda ýeňillik bilen çözüp bilipdir. Şonuň üçin fetanetiň her bir pygamberde bolmagy zerur sypatdyr.TebligTeblig – pygamberleriň Allahdan gelen wahýyny ymmatyna kemsiz ýetirmegi diýmekdir. Başgaça aýdylanda: «Emri bil magruf nehýi anil münker», ýagny, ýagşylygy emr etmek, erbetlikden daş saklamak diýmekdir. Kurany Kerimde:«Eý, pygamber! Rabbiňden saňa inderilen buýruklary teblig et. Eger etmeseň, Allahyň öňündäki ilçilik wezipäňi ýerine ýetirmedigiňdir», (Maide, 67).Teblig her pygamberiň ömür maksadydyr. Teblig bolmadyk bolsa, pygamberleriň iberilmeginiň manysy bolmazdy. Allah ynsana bolan lutuf we keremini pygamberler arkaly ýaýypdyr. Pygamberler tebligi şu üç esasda amala aşyrypdyr:1. Bütewilik.Pygamberler Allahdan alan habarlary, pygamberlige degişli meseleleri bilen bir bütewilikde ýaşaýarlar. Şonuň üçin olar teblig edýärkä ynsanyň akylyny, logikasyny, ýüregini, köňlüni, duýgularyny hiç haçan ünsden düşürmeýärler. Häzirki döwrümizde dini teblig edýänler pygamberler ýaly duýgur we parasatly däldigi üçin dini ýaýratmakda şol derejede üstünlik gazanyp bilmeýärler.2. Tamakin bolmazlyk.Pygamber teblig işi üçin tamakin däldir. Ol tebligi diňe öz borjy we wezipesi bolandygy üçin berjaý edýär. Kurany Kerimde ähli pygamberler: «Meniň işimiň hakyny bermek, diňe we diňe Allaha degişlidir», (Hud,29; Şuara 109) diýýärler.3. Netijäni Allaha tabşyrmak.Pygamber eden tebliginiň netijesini we ynsan tarapyndan kabul edilişini Allaha tabşyrýar we hiç wagt netijä garyşmaýar. Çünki, ol wezipesiniň diňe tebligdigini bilýär. Netije bolsa tutuşlygyna Allah Tagala degişlidir.WahýWahý» sözi yşarat etmek, pyşyrdamak, gizlin gürleşmek, emr etmek, ýazmak, ylham we howlukmak diýen manylary berýär. Kurany Kerimde wahý sözi dürli manylarda ulanylýar:«Zekeriýa mihrapda kowmunyň öňüne çykyp, olara ertir-agşam Allaha tesbih etmeklerini wahý etdi», (Merýem, 11), aýatynda yşarat;«Hany hawarilere: «Maňa we Resulyma iman ediň» diýip wahý edipdik...», (Maide, 111)«Rabbiň bal arysyna: «daglarda, agaçlarda taýýarlanan öýjüklerde öý tutun» diýip wahý etdi», (Nahl, 68)«Musanyň ejesine: «Ony emdir...» diýip wahý etdik», (Kasas, 7) aýatlarynda ylham;«Her bir pygamber üçin ynsan we jyn şeýtanlaryndan duşman ýaratdyk. Bular birini aldamak üçin bezegli sözler wahý ederler...», (En’am, 112), aýatynda pyşyrdama; was-was salmak, gizlin aýtmak;«Soňra Allah ýedi asmany iki günde ýaratdy. Her bir asmana özlerine degişli aýratynlyklar wahý etdi», (Fussilet, 12),«Şol gün Ýýer Rabbiniň oňa wahý etmegi bilen habarlaryny aňlatjakdyr», (Zilzal, 4-5) aýatlarynda emr etmek manylarynda ulanylýar.Şeýle hem wahý – Allahyň pygamberlerine ençeme zatlary bildirmegi diýen manyny hem berýär. Bu dürli görnüşde bolup geçipdir.«Allah hiç bir ynsan bilen ýüzbe-ýüz gürleşmeýär. Diňe wahý bilen ýa-da perdäniň aňyrsyndan gürleşýär, ýa-da bir ilçi iberip islänini oňa wahý edýär», (Şura, 51).Bu aýatlara görä, wahý diňe pygamberlere mahsus däldir. Ýöne wahýyň pygamberlere mahsus görnüşi hem bardyr. Allah pygamberler bilen üç usul arkaly gürleşendigini mälim edýär. Olaryň biri wahý ýoludyr. Bu kalba atylan ylham ýa-da düýş arkaly bolup geçýär. Mysal üçin Allah hezreti Musanyň ejesine we ogluny gurban etmegi üçin hezreti Ibrahime şu görnüşde wahý edipdir. Beýlekisi: Allahyň haýsy-da bolsa bir ilçini araçy etmän, gönüden-göni pygambere habar bermegidir. Pygamberimize magrajda, hezreti Musa Sina dagynda şeýle usul bilen wahý edilipdir. Allahyň wahý etmeginiň üçünji görnüşi bolsa, pygamberlere meleklerden bir ilçi ibermek arkaly wahýyň ýetirilmegidir.Kurany Kerimiň berýän maglumatlaryna görä, wahý hem hususy, hem-de umumy ulanylypdyr. Allahyň pygamberlere wahý etmegi hususy, ähli barlyklara şekil we wezipe bermegi olaryň ýerlikli hereket etmegi üçin käbir ýollar görkezmegi bolsa, umumy manydaky wahýdyr.Halk arasynda wahý diýlende, hususy manydaky wahý akyla gelýär. Hususy wahý – Allah Tagalanyň gullaryna bildirmek islän hidaýet we emrlerini olaryň arasyndan saýlan pygamberlerine adaty bolmadyk çaltlykda hem gizlinlikde bildirmegidir.Wahý pygamberleriň pygamberdigini görkezýän delilleriň hem biridir. Allah Tagala her pygamberine wahý edipdir.«Şübhesiz, Biz Nuha, ondan soňky pygamberlere wahý edişimiz ýaly, saňa-da wahý etdik. Ibrahime, Ismaile, Ishaka, Ýakuba, onuň perzentlerine, Isa, Eýýuba, Ýunusa, Haruna, Süleýmana-da wahý etdik. Dawuda-da Zebury berdik. Has öň käbirlerini habar beren, käbirlerini habar bermedik pygamberlerimize-de wahý etdik. Allah Musa bilen hem gürleşdi», (Nisa, 163-164) aýaty muňa mysaldyr.Wahýyň nähilidigine ynsanyň doly düşünmegi, oňa akyl ýetirmegi mümkin däldir. Ony diňe başyndan geçiren pygamber biler. Ol Allah bilen pygamberiň arasyndaky syrdyr. Käbir ynsanyň wahýy suratlandyrmagy körüň reňkleri suratlandyrjak bolşuna meňzär. Ýöne wahý inen wagty, şol ýerdäkiler pygamberde bolup geçýän alamatlary görüp biler. Meselem, sahabalar Pygamberimize wahý gelende, göwresiniň titreýändigini, ýüzüniň reňkiniň üýtgeýändigini, sowukda hem derleýändigini, käbir sesleriň eşidilendigini, agramynyň agralandygyny we şuňa meňzeş zatlary görendiklerini aýdypdyrlar, (Buhary, Müslim, Tirmizi).Mugjyza«Mugjyza» sözi – ejiz halda goýýan, adatdan daşary, täsin zat diýen manylary berýär. Dini taýdan bolsa, pygamberdigini aýdýanlaryň ony subut etmek üçin görkezýän, haýra, sagadata wesile boljak, täsin hadysalaryna diýilýär.Mugjyza sözi Kuranda «aýet», «beýýine», «burhan» sözleri bilen düşündirilýär. Ilkinji döwür hadys alymlary mugjyza sözüniň ýerine «delail» we «alamat» sözlerini ulanypdyrlar.Allahyň iberen her pygamberi töweregindäki ynsanlar tarapyndan dürli-dürli garşylanypdyr. Ynsanlar olardan pygamberligini tassyklaýan, göze görünýän, adatdan daşary, hiç kimiň başarmajak käbir alamatlary görkezmegini talap edipdirler. Pygamberler hem pygamberdigini subut edýän deliller hökmünde mugjyza görkezipdir. Mugjyzanyň delil bolmagy üçin, adaty ynsanyň ony görkezmekden ejiz bolmagy şertdir. Çünki, Allaha garşy ýalan sözläniň mugjyza görkezmegi mümkin däldir. Mugjyza adatdan daşary täsin bir hadysa bolup, sebäp we netije baglanyşygyny aradan aýyrýar. Ol gönüden-göni Allah tarapyn pygaberiň pygamberliginiň dogrudygyny subut edýän ilahi bir amaldyr.Mugjyzada şu iki aýratynlyk bardyr:1. Ol beşer kanunlaryna sygmaýar. Muny diňe ähli kanunlary ýaradyjy Hak Tagala edip biler.2. Hak Tagalanyň gudratyny iň aýdyň şekilde görkezmek üçin, her pygamberiň mugjyzasy öz kowmunyň ösen ugry bilen baglanyşyklydyr. Meselem: hezreti Musa döwründe sihir (jadygöýlik, gözbagçylyk) gaty ösüpdir. Şol sebäpden, Hak Tagala Musa (a.s.) hasa berip, jadygöýleriň jadysyny ýok edipdir, olary ejiz hala düşüripdir. Hezreti Isa döwründe medisina ylmy has ösüpdir. Şonuň üçin Hak Tagala Isa (a.s.) doga körleriň gözüni açmak, kesellileri bejermek, ölüleri diriltmek, palçykdan guş ýasap uçurmak ýaly mugjyzalar beripdir.Hezreti Muhammediň (s.a.w.) aýratynlyklaryPygamberimiz bir hadysy şerifinde şeýle diýýär:«Maňa menden owalky pygamberleriň hiç birine berilmedik bäş zat berlendir:Bir aýlyk menzil uzaklykdan duşmanyň ýüregine gorky salmak. Ýer ýüzi maňa mesjit we arassa kylyndy. Şonuň üçin, ymmatymdan her kim namaz wagty nirede bolsa, şol ýerde namazyny okasyn. Olja menden owalkylara halal däldi, emma maňa halal kylyndy. Maňa şefagat etmek haky berildi. Menden owal her pygamber diňe öz kowmuna iberilipdir. Men bolsa tutuş adamzada ilçi edilip iberildim», (Buhary, Müslim,Tirmizi).Allah Tagala umumy manyda her kese, hususy manyda bolsa her ymmata we pygambere aýratyn lutuf we yhsanlar edipdir. Hezreti Adama safwet (päklik) berlip, her bir zadyň ady öwredilendir. Hezreti Nuha göreş, birkararlylyk, azymet (takwalyk bilen amal etmek) berlipdir. Hezreti Ibrahime ençeme pygamberiň atasy bolmak bagty, towhyd yşky we hillet (aňrybaş dostluk) berlipdir. Hezreti Musa tälim-terbiýe, ijtimagy ylymlar we jemgyýet dolandyrylyşynda ukyplylyk, hezreti Isa adamzat gatnaşyklarynda ýumşaklyk, sabyr we çydamlylyk, geçirimlilik, rehim-şepagatlylyk we muhabbet bagyş edilipdir. Hezreti Muhammede (s.a.w.) we onuň ymmatyna beýleki pygamberlere yhsan edilen aýratynlyklaryň üstüne erk, irade, hikmet, muwazene (ölçeg), tälif-terkib (jemleýjilik) ýaly kämil we ajaýyp aýratynlyklar bagyş edilipdir. «Biz seni älemlere rahmet edip iberdik», (Enbiýa, 107) aýaty bolsa Pygamberimiziň ähli aýratynlyklaryny bir jümlede beýan edýär.  

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir