Bismillähirrahmanirrahim

Kämil perzent Watanyñ göz-gylagy
Baş agza (är-aýal) halallyk urbasy

Taňrytagala  Adam  atamyzy  ýaradyp  geýindirýär,  zynatlar  bilen  bezeýär. Şol  wagt  Muhammet  pygamberiň  nury  onuň  maňlaýyna  on  dördi  gijäniň  aýy  ýaly  röwşenlik  berýär.  Taňrytagala  Adam  atanyň  başyny  ýerden  galdyryp, ony  perişdeleriň  gerdenine  ýükleýär.  Perişdeler  bolsa  Adam  atany  iki  ýüz  ýyllap  asmanda  aýlap,  oňa  geň-taň  zatlary,  gudratlary  görkezýär. Taňrytagala  Adam  ata  üçin  ''Byrag/k/''  diýen  müşk  ysly  ýyndam  at  ýaradyp , şol  ata  ''Meýmuna''  diýip  at  beripdir. Dürden  hem  merjenden  iki  ganatly  şol  ata  mündürilen  Adam  atanyň  sagyndan  Jebraýyl , çepinden  Ysrapyl  perişde  ýöräp,  olar  asmanda  aýlanýarlar.  Şonda  Adam  ata  perişdelere   ýüzlenip : '' Essalamaleýkim'' –diýip  salam  berýär . Olar  bolsa:  ''Waleýkimessalam'' –diýip  jogap  berýärler . Soňra  Taňrytagala: ''Eý Adam ! Ine , şu  salamyň  bilen  seniň  zürýatlaryň  tä  kyýamat  gününe  çenli  salamlaşsynlar '' –diýipdir.  Ynsanperwerligiň  başy  bismilladan  soňra  Taňry  salamydyr.    Asman-zemini,  külli  älemi  görensoň  Adam  atada  ýürek  gysma  peýda  bolýar  .  Ýekelik  zerarly  gam-gussa  batýar.  Haçanda  Hakyň  emri  bilen  Jebraýyl  perişde  gelip  halyny  soranda  Adam  ata  bu  dünýäniň  hiç  hili gyzygynyň  ýokdugyny,  onuň  suwsuz  zemine,  Aý-Günsüz  tün –güne  /gije-gündize/....  meňzeşdigini  aýdyp, Taňrynyň  bu  tukatlyk  dünýäde  özüni  näme  üçin  ýaradandygynyň  sebäbini  soraýar  hem-de  beren  amanadyny  tizräk  almagyny  Biribardan  towakga  edýär. Şondan  soňra  Taňrytagala  Adam  atanyň  çep  gapyrgasynyň  on üçünjisinden  enemiz  Howaany  ýaradýar.  Elbetde , Adam  atany  ýeke-täklik  synagyndan  geçirmegi  Belent  Taňrynyň  özünden  gaýry  her bir  närsäniň-zadyň  ýekelik  derdeserini  çekip  bilmejekdiginiň  ynsanlara  subytydyr. Öý-öwzaryndan, maşgaladan , Watandan  şirin  janyndan  aýrylmaklygyň  hökmanydygy  hökmünde  uzak  aýralyga  sezewar  edilen  Adam  ata  hem  Howaa  ene  üç-dört  ýüz  ýyllap  hijran  /aýralyk/  dagynyň  agyr  hupbatlaryny  başdan  geçirip, ahyrsoňy  köp  muşakgatlyklary  başdan  görüp  hem  sowup  bir-birine  gowuşýarlar.
Olar  bile  ýaşap  başlan  günlerinden  wagtyň  neneňsi  geçenini-de duýmandyrlar.  Perzende  ýüzi  düşensoň  welin,  durmuşyň  has  gyzykly  döwri  başlanýar. Olary  çagalaryny  geljekde  ata-enäniň  adyna  at-abyraý  getirer , maňlaýdan  direjek  hem  Taňrysöýen  köňül  daýançlary bolar  umydy  bilen  ekläp-saklamak,  dürli  nygmatlar  bilen  üpjün  etmek, adamkärçiligiň  tälim –terbiýesini  bermek  öý-işik  etmek  ýaly  aladalar  gurşap  alýar. Olar  gije  düýşünde,  gündiz  huşunda  şol  umytly  arzuwlary  bilen  agşam  ýatyp, ertir  şükrün  kylyp,  perzentleriniň  ähli  derdeserlerini  hem  webalyny  boýnuna  alyp  ýaşaýarlar.   Haçanda  özüne  Howaa  enemizi  ýaran-mährem  edip  berende atamyz  Adam  aleýhissalam  Taňrytagala  müňdebiýr  şükranalyk  edip:  '' Bir  baş bela  baş, iki  baş  maşgala  baş  ''-eken,  ''Ýekelik  Taňrynyñ  ýagşylygy  eken''-diýipdir.  Ine , şu  nakyllar  atamyz  Adam  alehissalamyň  aýdan  dana  sözüdir.
Dana  babamyz  Magtymguly  şeýle  diýýär:
Bu  nakyldyr  , adamzat, sen  bu  mekana  geldiň,
Owal  ataň  bilinden  syzyp  nahana  geldiň,
Atadan  enä  baryp , bir  katra  gana  geldiň,
Enede  surat  bolup,  bu  şirin  jana  geldiň,
Dokuz  aýy  ötürip,  inip  jahana   geldiň ,
Emip  enäň  süýdüni , gundalyp,  dona  geldiň.

Eýsem  ýaşlar  owal-başdan  nähili  bolmalyka?  Ine ,  Serdarymyzyň  ''Milli galkynyşynda''  ilkinji  nobatda  dikeltmek  isleýän  türkmeniň  milli  edep-ekramy  hut  şu  pursatdan  başlanýar.
Ata-babalarymyz  ozaly  bilen  Belent  Taňra  sygynyp,  ynanç-ykdykadyny  päkläp,  halallygy  berk  saklap,  hemişe  Taňrynyň  halan  bendesi  bolmaga  ýykgyn  edipdirler . ''Edep  bergidir, bermedige  görgüdir ''-diýen  dana  sözi  unutman,   çaga  doglan  gününden  ynsanperwerlik  tälim-terbiýä, edep-ekrama  degişli  ruhy,  dünýewi, ilahy  baýlyklary  bermek  her  bir  kaka-ejäniň  ilkinji  jana-jan  mukaddes  bergi-borjudyr.    Eýsem  syna  sagdyn,  kämil  perzent  ýetişip, akylly-başly  bolanda  ata-ene  niçik  kowmuna  guwanmasyn ! Perzent  bir  bentdir, ol  seniň  jigeriňde- zähräňde  /ýüregiňde/  , damarlaryňda  at  salýan  ganyň  hereketinde-şirin  janyňda  mäkäm  ornaşan. Hut  şonuň  üçinem  paýhasly  dana  babamyz  Gorkut  atanyň: ''Gyz  eneden  görelde  almasa  ,  öwüt  almaz . Ogul  atadan  görelde  almasa, saçak  ýazmaz . Ogul  atasynyň  iki  gözüniň  biridir . Ogul  döwletli  çyksa, ojagyň  közüdir...'' –diýen  dana  sözleri  ýatsaň-tursaň  gursakda  bolup,  hemmeler  şoňa  ýetmäge  bent  bolmalydyr .  Ata-eneden  ýagşy  görelde  alan  perzentler , has  takygy, merhumlarynyň  öňündäki , perzendiniň  öňündäki  , Watanynyň  öňündäki  borçlaryny  nesline  bermegi  başaran ata-enäniň  perzendi  hem  öz  ata-enesiniň  öňündäki  bergi-borjuny  berjaý  etmelidir.  Şonda  hemmetaraplaýyn  kämil  perzent  ata-enäniň  göwün  mülküniň  daýanjy,  şirin  janynyň  peýwendi , penasy  bolar .   Eger  şol  bergi-borçlar  ikitaraplaýyn  berjaý  edilmese , onda  ata-enäde , perzentlere-de  kynçylyk  , durmuşyň  çylşyrymly  hem  çarkandakly  ýollary  garaşar . Şol  sebäpli-de  ata-babalarymyz  perzentleri  üç  topara  bölüpdirler.
1.—Şahuser.  Elbetde,  şeýle  perzent  has  kämil  tälim-terbiýeli , her bir işi hem  ýmşy  diýdirmän , özünden  bilip  kem-kössüz  amal  edýär.  
2.—Serbeser.  Bu  topara  girýän  perzentlerem  öwmezçe  däl, çünki  olar  buýrulan  işi  edýärler, emma  buýrulmasa  öz-özünden  bilip  etmeýärler, tabşyrylan  işi  welin  berjaý  edýärler.   Elbet-de , bu-da ýagşy,  şonuň  üçin  adam  pahyr  oňa-da  ýüz-müň  şükür  edýär.  Dagy  nätsin , beterinden-beteri  bar  ahyryn.
3. 3.—Derdeser.  Bu  topara  dahylly perzentler  özünden  bilip  edenden-ä  geçen , hatda  berk  buýrulan  işi  hem  etmeýär.  Eger  şol  işi  ýa-da  ýumşy  edäýse-de  dolanyp  ýumuş  buýrmaz  ýaly, weýran  edip  gaýdýar. Derdeserler  gije-gündiz  iýip-içip  telewizorda  bihaýaçylykly  kassetalar  arkaly  kono-filmlere, wejeralyklara  seredip, irikgä  bolup  oturýar.  Ýa-da haçan  görseň  köçede  çigit  çigitläp, sakgyç  çeýnäp,  çilim  çekip,  nas  atyp, içip-çekip....  otyr.  Ýa-da  özi  ýaly  bihepbeleri  tapyp,  eýesiz  ykmanda,  degdi  it  kimin  onda-munda  entäp  ýörendir.  Beýle  çagalary  ''Näletkerde  ogul  dogdy-dogmady''- diýip,  Magtymguly  akyldar  ýazgarypdyr.   Hakykatdanam  akyldaryň  aýdyşy  ýaly,  ýagşy  oguldan  rahmet  aarygy-derýasy  akýar.  Ol  alkyşa,  hormata,  abraýa  eýe  bolup,  ula-kiçä  özüni  aldyrýar,  hemmeleriň  özüni  görmek  islegine  mynasyp bolýar. Diýmek,  ata-ene /eje-kaka/  hem  perzentler  arasyndaky  ikitaraplaýyn  bergi-borçlar , edep-ekram,  tälim-terbiýe, göwnejaý  berilmelidir.  Olarda  Taňrytagala  ynanç-ykdykat,  ata-ene, il-gün,  WATAN  söýgüsi  baş  söýgi  bolmalydyr  .  Hut  şeýle  söýgä  bolan  yhlasy  esasda  ýigitlere  saýlap- seçip  alan  Aýyna , gyzlara  bolsa  Gününe  guwanmaklyga  şaýol  açýar.
Mukaddes  Ruhnamada ''Altyn  otda  taplanar,  ynsan  zähmetde''  diýilişi  ýaly, adamlar  diňe  Taňrynyň  bize  bagyşlan  halal durmuş  ýollarynda  eşretli, içme  mysally  ýaşaýyş-durmuşa  ýetýändir.   Şol  kitapda  '' Öz  atasynyň  işini  has  beýgeltmeýän,  gowlykda  hem  asyllylykda-akyllylykda  atasyndan  geçirmeýän  ogly  türkmenler  känbir  halaýan  däldirler''-diýip,  Saparmyrat Türkmenbaşynyň  aýtmagy  tötänden  däldir.  Şeýle  perzende  ýetmek  üçin  her  gadamda  halallyk-päklik,  dogry-dürslik  ýolundan  ýöremek  barada  ata-eneler  uly  il  bilen  bilelikde  tagalla  etmelidirler.       Dana  babamyz   Magtymgulynyň:                 Ýigit  köňül  söýenini  almasa ,               Dynç  alyp  parahat  ýatyp  bolmaýr –diýşi   ýaly ýigit öz  göwündeşine  gowuşmalydyrlar. Olar nikalaşanynda  we  ondan  soňra  ýaşlar  özlerini  nähili  alyp  barmalyka  ?  !!!
Adam  aleýhisslamdan   başlap,  ýeke-täk  Taňryny  bir  bilen  musulman  bendeleriň  arasynda  ýetişen  danalardyr  alymlar , ata-babalarymyz  geljekgi  nesillerine  örän  ajaýyp  hem  bagytlylygyň  gözbaşy  bolan  pendi-nesihatlaryny   miras  goýanlar.  Şoňa  laýyklykda,  durmuş  gurjak  ýigit  hem  gyz  ozaly  bilen  ikisiniň  baş  maşgala  gurup  ,   ýeke  - belaly  başlykdan  dynýandygyna , maşgalabaşy  bolýandygyna, ajala  sabyr  berse,  ölmedige   ömür  köpdügine  , ýoluň  uzaklygyna  hem  çarkandaklydygyna , atyň  agsakdygyna , göz  garasynyň  ümürli-dumanlydygyna , ogul-gyza  hem  olaryň  söýgüsine  ýetmäge  hemde  olary  mal-mülk , zat  bilen  üpjün  etmäge  bilelikde  ýüwürmelidigine,  emma  hiç  haçan  ýeke-täk  Taňryny  unutmaly  däldigine  düşünmekleriniň  ýagşy  durmuşyň  bereketli  gapysynyň  açarydygyny  bilmelidirler .   Türkmenlerde  ýüp  birnäçe  towdan  ybarat  bolup,  iki-üç  ýa-da  ondanam  köp  bükdürimden  işilýär .  Eger  şonuň  bir  towy  ý-da  bir  bükdürimi  gowşak  bolaýsa,  ol  beýleki  towly  bükdürimlere-de  uly  zyýan  ýetirip , ýüpüň  ýa-da  urganyň  tiz  ýolunmagyna  ýa-da  tüýdülmegine  getirýär .  Şonuň  üçin  adamlaryňam  bir-birine  baglanşyk  riştesiniň  towunyň  hemmesiniň  kemsiz  hem  mäkäm , halal  bolmagyny  gazanmak   başartsa , onda  ýaşlara  durmuşyň  gülüp  bakjagyna  şek –şübhe  bolmaz.Munuň  özi, esasan, iki  başyň  halallygy   yhlasly  muhapbetli  söýgüsi  çaganyň  tüm  dünýädäki /göwredäki/  hem  ýagty  -röwşen  dünýä  inenden  soňky  ykbalynyň  hem-de  ahyrýet takdyrynyň—kysmatynyň  çözgütnamasydyr . '' Oglumyň  ýanynyň  ýady  bar ,  gyzymyň  ýanynyň  ody ''  -diýen  türkmen  halk  nakylyna  üns  berseň , düýpsiz  derýa  bolan  Magtymguly-Pyragynyň
Başyň  ýassyga  ýetende ,
Sabyr,  karar  bolmaz  sende,
Güýjüň –kuwwatyň  gidende ,
Ogul-gyzyň  ýatça  bolmazㅡdiýen  bendini iň  uly  mugallym   hem  iň  uly  mekdep  -medrese   bolan  halkyň  ruhy  hazynasyndan  susup  alandygyna  güman  bolmaz .  Diýmek , akyldaryň  nygtaýşy   ýaly , hakykatdanam   zenan   maşgalanyň  -aýalyň  mülkdigine , ýigidiň  hem  onuň  içiniň  -daşynyň  goragydygyna  , ekleýji-eýesidigine , esasy  jogapkärdigine , ruhy  dünýäsiniň hem  sarsmaz  galasydygyna  düşünmelidirler . Ikisiniň  hem  eýesiniň  Belent  Taňrydygyny  hemişe  kalbyndan  çykarmaly   däldirler , Serdarymyzyň  Belent  Taňrynyň  ýerdäki  nazary  siňen   saýasydygyna , weliýet  nazaryýetli howandarymyzdygyna , penakärimizdigine   şükranalykly  buýsanmalydyrlar . Serdarymyzyň  her  bir  çykyşynda , Mukaddes Ruhnama  kitabynda , Türkmen ilim aman bolsun ,  Türkmeniň  bäş  eýýamynyň  ruhy  atly ,  eserlerinde  danalarmyzyň  salan  ýol-keşini  arçaşdyryp ,  şolardan  ýöremäge  watançylyk  çagyryşlary  örän  täsirli  hem  gyzyklydyr , ol  halallyga  çagyryşdyr .  Şonuň  üçinem  biz  geçen  120-ýylyň  dowamynda  hökmürowan  gelmişekler , basybalyjylar  tarapyndan  ýoluna  çykylan  gymmatly  hem  mukaddes  milli  düzgün-nyzamlarmyzy , däp- dessurlarmyzy ,  urp-adatlarymyzy  dikeldip, ýaşlara  ýetirmäge  ýykgyn etmegimiz  borjumyzdyr . Boýnuna  şeýle  jogapkärli , eşretli hem  aladaly  durmuşyň  bardygyna  düşünen  aşyk-magşuklar  täretli  bolup , ikirekagat  nepil  namazyny  okamalydyrlar . Soňra  öýlenýän  ýigit  sag  aýagy  bilen  bismillaly  salamat  gadamyny  goýup  ýat  öýe  giren  gelniň  maňlaý-alyn  saçyndan  asuda  tutup  kybla  garap , ýagşy  dilegler  etmelidirler , Taňrytagaladan  dilegler  etmek  bilen  pygamberimiz  Muhammet  aleýhissalama  salawatlary  aýtmalydyrlar , salawatlary  okamalydyrlar  /bu  işler  nika  gyýlansoň  başlanýar/. Bismillany  çekip  öýe  girmekçi  bolanda  owalda  sag  aýagy  bilen  gadam  urmagy  täze  gelen  gelin  unutmaly  däldir . Öýe  girip  oturansoň  edil  aýakgabyny  çykaryşy  ýaly , jorabyny  hem  ilki  çep  aýgyndan , soň  sag  aýagyndan  çykaryp , iki  aýagyny-da   ýuwmalydyr . Şol  ýuwundynyň  suwuny  öýüň  işigine  ,  burçlaryna  sepmelidir.  Eger  şeýle  edilse , Taňrytagala  şol  öýüň  daş-töwereginden , howlusyndan  ýetmiş  hili  garyplygy  kowup  çykarar , ýetmiş  hili  baýlygy  hem  öýüňe  girizer , ýetmiş  hili  bereketi  hem  , ýetmiş  hili  rahmeti  Taňrytagala  saňa  inderer . Taňrynyň  şol  rahmetleri  ýaş  jübütiň –çatynjalaryň  üstünde  hem-de  şol  öýüň  hemme  ýerinde  mäkäm , berkarar  durar , öýüň  ähli  burçlaryna  çenli  bolluk  bilen  ýeter . Netijede  , gelen  gelniň  jynly , terkidünýä , mahow  bolmak  ýaly  ruhy  howplardan , betbagytçylyklardan , ýaman  ahlaklylykdan- ýaramaz  gylyk-häsiýetlerden  aman  galar . Bismilla  bilen  nyka  düşegine  geçip , şeryg  işine  başlamakçy  bolanlarynda-da  Bismillähirrahmänirrahyýým  diýmegi  unutmaly  däldirler . Soňra  bolsa  kybla  garap: -----Eý  Belent  mertebeli  ýeke-täk  Taňrym  !  Hemişe  hem her  bir  babatda  SAŇA  sygynýaryn .  Maňa  ylmy-salyh-dogruçyl , päk  hem  halal , ynanç-ykdykatly  perzent  bermegiňizi  dileýärin !  Ol  artyk  hem  kem-kemisli  bolmasyn , onuň  bu  dünýäde  görjegini , ahyrýetini-de  ýgşylyga  aýlandyr ,  Taňryny  bir  bilmekden  aýyrma , iki  diýmelden  özüň  gora!  ...  –diýip , Beýik  Taňra  mynajat  etmelidirler . Gödek , ämärt  hereketleri  etmegk ,  haýwanlara  mahsus  sypatlara  ýüz  urmak  külli  günädir  .   Pygambermiz   Muhammet  aleýhissalam  maşgalaňa  ýanaşmaly  hem  ýanaşmaly  däl  wagtlar  barada  hem  köp  öwüt-ündew   edipdir:   1. Aýyň  başynda , ortasynda , ahyrynda  galan  çaga-da , ony  dogran  ene  hem  jynly-küýli , erbet  bolmak  howpy  bardyr .  Ýa-da  çaganyň  dogman  düşmegi , eger  bolaýsa  hem  onuň  ruhy  taýdan  kemli-näsag  bolmagy , ýa-da  onuň  her  aýyň  başynda , ortasynda , ahyrynda  çaşmak  ýaly  keselli  bolmagy-da  mümkindir . Şonuň  üçinem  şol  wagtlarda  maşgala  gatnaşygyny  etmeli  däldir.
2. Penşenbe  gününden  beýleki  günlerde  öýle  namazyndan  soň  galan  çagada  şeýtan  şärikli  ýaramaz  gylyk-häsiýetler  bolar  ýa-da  şol  çaganyň  gözi  gyşyk-goşa  görer .
3.  Maşgala  gatnaşygy , ýagny  aýalyňa  ýanaşan  wagtynda  sözleşmek , sözlemek  bolmaz , eger  şol  düzüni  bozsaň , galan  çaganyň  güň-aňkow  bolmagy  mümkindir .  
4. Jynsy  gatnaşygy  wagtynda  bir-biriňiziň  uýat  ýerleriňize  nazar  salmaň , şeýle  biedeplik  galan  çaganyň  kör  bolmagyna  getirer . Şonuň  üçin  şeýle  haram  tomaşaly  bihaýalyklardan  saklanmak  hökmanydyr
5.  Maşgalaňa  /aýalyňa/  ýanaşan  wagtyňda  başga  aýaly  ýadyňa  salyp  kalbyňda  aýlasaň   , galan  çaganyň  ikitaraply  /erkek/  hem  aýal  jynsly  bolmak  hatary  bardyr .
6. Jynsy  gatnaşygyndan  soňra  päklenmekde  täze  ýa  arassa  mata  /esgi/  ulanylmasa , galan  çagada  duşmanlyk  häsiýeti bolar
7. Eger  är-aýal  gatnaşygyndan  soňra   päklenende  ikisi-de  bir  mata  /esgä/  süpürinse , tohum  garyşyp , iki  başyň  arasynda  agzalalyk , duşmançylyk  döräp , ol  hatda  nikanyň  bozulmagyna  hem  elter  howpludyr .
8. Aýalyňa  ýanaşan  wagtyňda  adamkärçiligiň  atamyz  Adamdan  gelýän  ymanlylyk  kadasyny-edebini  bozup , şol  pursatda  aýat-doga  /gurhan/  okamak  örän  howplydyr , eger  şol  pursatda  gurhan  okaýsaň   al-asmandan  /arşdan/  ýanar –ot  düşüp , är-aýalyň  ikisini-de  ýakmak-köýdürmek  hatary  bardyr.
9. Çarşenbe  gijesi  aýalyňa  ýanaşmaly  däldir , eger  şonda  ýanaşsaň  galan  çaga  ganhor , garakçy ,.. bolar  howpy  bardyr.
10. 10. Aýd-toý-baýram  /oraza , gurban  we  beýleki  aýd-baýram / gijesi  maşgalaňa-aýalyňa  ýanaşmaň , eger  ýanaşsaň , şonda  galan  çaganyň  jenaýatçy-zalym  bolmak  hatary  bardyr.
11. Aýalyňa  dik  duran  haldakaň  ýanaşmak  eşeklere-haýwanlara  
mahsusdyr . Şeýle  halatda  galan  çagalar  ýerine  buşugan  /siýegen/  bolýar , olar  başga  ýerlerde-de  eşek  ýaly   haýwan  sypatynda  hajat  işini-buşugmaklygy  dowam  etdiregen  bolar . Bu  häsiýet  bolsa  rysgalyňy  dargadagan  , ýaramazlyk  getiregen  biedeplikdir , günädir.
12. Oraz aýynyň  aýd  /agyz-açylýan-baýram / gýjesinde  galan  çaga  gelşiksiz , sumatsyz , görmeksiz , agyr  ýüzli  bolar.
13. Gurban  aýynyň  aýd /gurbanlygyň  öňündäki / gijesinde  galan  çaga  kem  ýa-da  artyk  /dört  ýa  alty  we  şuňa  meňzeş  /  aýply  bolar ,..
14. Miweli  daragtyň  aşagynda  galan  çaga  gazaply , doňýürek , birehim , kezzap , jellat  kysymly  bolar.
15. Günüň , Aýyň  ýa-da  çyranyň-oduň  ýgtysynda  ýapynjasyz , örtünjesiz  ýagdaýda  ýanaşylanda  galan  çaga  hemişe  mätäç , bergi-borçly , garyp  bolar.
16. Azan  bilen  tekbiýr  aralygynda  ýanaşylanda  galan  çaga  ganhor  ,  zulum-zalymlyga  meýilli  bolar.
17. Aýalyň  her  aýda  aýbaşyndan –görümden  saplanmanka  ýanaşylanda,  bardy-geldi  çaga  galaýsa ,  ol  çaga  lal , bahyllyk  ýaly  kemisli  bolar.
18. Meret  aýynyň  ýary  bolan  gijede  galan  çaga  zelelli , ýazykly  bolar.
19. Her  aýyň  ahyrky  iki  gününde  saklanmak  hem  Şeýtanyň  boýnuny  sundurmakdyr , çünki  şol  günlerde  galan  çaga  ýamanlyklara, göripliklere    köp  ýüz  urar , ýamanlyklara-ýaramazlyklara  meýilli  hem  ukyply  bolar.
20. Ymaratyň  üstünde  hem  aýalyňa  ýanaşmakdan  saklanmagy , özüňe  erk  etmegi  başarmak   hökmanydyr , çünki  şonda  galan  çaga  dawakeş , jedelkeş ,jenjelçi  bolar.
21. ''Hem  zyýarat , hem  tijäret  ''  diýilişi  ýaly , her  wagtda  sapara , syýahata , gezelenje ....çykanyňda  aýalyňa  ýanaşmakdan  saklanmak  zerurdyr , çünki  şonda  galan  çaga  malyňy-zadyňy  dereksiz  harçlagan , sowajan ,  ata-enäni  hem  ähli  kowumdaşlaryny  kösenç  kölüne  gark  edegen , käýidegen , keýpi-sapa  çekegen , ähli  harjyňy  dargydagan , bihepbe  bolar.
22. Üç  günlük  sapara  gitseň-de  aýalyňa  ýanaşmakdan  saklanmalydyr . Eger  saklanmasaň , şonda  galan  çaga   ýamanlara  ýaran  , ýaramazlara  kömekçi   hemdem   bolup , ömür-salyňy   çapar....
23. Äri  aýalyna  ýnaşmazyndan  öň  hökman  ''bismillähirrahmanirrahim'' diýmelidir .  Eger  şony  diýmese , ärinden  öň  Şeýtanlar  onuň  aýalyny  waty  eder /aýalyna  ýanaşar/ , şonda  galan  çaga  bolsa  aýyply  bolarlar .
24.  Iniň   hapalykdan  -gusuldan  çykman  aýalyňa  ýanaşmak  mekruwdyr /haramdyr/ . Şeýle  halatdaka   galan  çaga  diwana-däli   , telbi  bolar.
25. Günüň  dogýan ,  ýaşýan  wagty  aýalyňa  ýanaşsaň , galan  çaga  ata-enesine  musallat , derdeserli , azarly  bolar.
26. Gijäniň  başynda  aýalyňa  ýanaşmaly  däl , çünki  şonda  galan  çaganyň  şu  dünýäniň  peýdasy , ahyrýetiň  zyýany  üçin  işleýän  güýçli  jadygöý  bolmagy  mümkindir.
27. Eger  adamsy  serhoşlukdaka  ýa-da  başga  biweç  sebäplere  görä  aýalyna  haýz  /görümli/ wagtynda  barsa , şonda  galan  çaga  makow  ýa-da  özünden  başga  hiç  kime  melamat  kylmaýan  täkmekli-uzurly , kemakyl  bolar.
28. Eger  aýaly  serhoş  ýa-da  ini  hapa  wagtynda  äri  oňa  ýanaşsa , onda  galan  çaganyň  başy  aýlawly , akyl-huşy  gelip-gitme , tentek  ýa-da  tüýkesme  ogry  bolmak  howpy  bardyr.
29. Ýasly , gaýgy-gussaly , gam-gussaly , agyr  derdeserlilik  ýaly  wagytlarda  aýalyňa  ýanaşsaň , galan  çagada  sussypeslik , gam-gussa , gaýgyçyllyk  agdyk  bolar.
30. Çilimkeş , tirýekkeşlik , neşekeşlik , naskeşlik ,  arakhorluk , meňkeşlik ,gerrekeşlik  ýaly  şirin  jana  belalara  eýlenip  ýugrulan  kişilerden  galan  çagalarda  öýken  ,  ýürek , gan  basyş /beýik ýa  pes /., gan  gatama   kelleagyry , aşgazan  keselleri  ýaly  nogsanlar  köp  bolar , çünki  çilim  öýkeniňe  ,  arak  ýüregiňe , nas  beýniňe  we  aşgazanyňa , tirýek  damarlaryňa-ganyňa  , meň  tutuş  ganyň  aýlanyşygyna  , şire  /il  içinde  aýdylyşy  gerre /  tutuş  süňňüňe  zeper  ýetirýär , has  takygy , çüýredýär . Hut  şonuň  üçinem  pygambermiz  Muhammet  aleýhissalamyň  adamy  akyl-huşdan , saglykdan , ynanç-ykdykatdan , sabyr-kanagatdan , güýç-gaýratdan , ar-namysdan , adamçylykdan , nesil  önmek  ýaly  ýagdaýlardan  aýyrýan  ähli  içimlikleriň , çekimlikleriň ,  atymlyklaryň  hem  beýleki  haramylyklaryň  öz  ymmatyna  haram , gadagan  edendigi  külli  musulmana  äşgärdir . Umuman , päliňi – niýetiňi  düzüw  tutmak , halallygyňy  saklamak , magtanmakdan , öwünmekden , men-menlikden  saklanmak , sabyrly-kanagatly-şükranalykly  bolmak  ýaly  gowulyklaryň  ählisine  ýugrulmaklyga  ýykgyn  etmek  bagtlylygyň  gözbaşydyr . Onsoňam  öz  eliňden  gelen  halallyk  şertlerini  pugta  berjaý  etmek  her  kişiniň  öz  ygtyýaryndaky  baýlyklarydyr . Ata –babalarmyzyň  kakabaş , biedep , ýakymsyz  çagalara  ''ilkagşam-biwagt  alnan ''-diýmekleri  tötänden  däl , çünki  olar  ýokardaky  halallyk  şertleri  bozmandyrlar , wagtyny-biwagtyny  hem  beýleki  düzgün-nyzamyny  bilipdirler .  Bardy-geldi  säwlik  bolaýsa-da  Belent  Taňrydan  säher  wagty  gözýaş  döküp , günäsiniň  ötülmegini  sorap  doga-dileg , tüýs  ýürekden  toba  edipdirler.
Otga  odunlar  düşse , galarmy  bitin , Toba  otdur ,  barça  günähler   odun .

Günä  odundyr  /agyr  ýükdür/ , toba bolsa  otdur  /halas  edijidir / . Şonuň  üçinem  çyn  tobalar  ähli  günäleriňi  ýalkar , çünki  Belent  Taňry  her  bir  musulmanyň  çyn  tobasyny  kabul  ediji  hem  bimöçber  rehimdar  bagyşlaýjydyr . Serdarymyzyň  '' bu  ýoldan  ýöräp , ýalňyşan , zyýana  galan  ýok''—diýşi  ýaly , bizem  ata-babalarmyzyň  aýdyň  ýolundan  ýöräp , Biribardan  gowusyny  diläliň , hatalarymyzy  ötmegini  sorap  Toba-tagsyr  kylalyň !  Şonda  dünýä  inen  hem  injek  nesillerimiziňem  bagtyýarlyga  ýetjegine  şübhe  ýokdur , enşalla ! Biwagt-bimahal  diýilýän  wagtlarda  şeýtanlar  üýşýärler . Olar  adamlary  azdyryp , halal  ýoldan  sowmak  üçin  eldebaryny  edýärler , adamlary  haramylyga  çagyrýarlar. Şolardan  goranmak  üçin  Taňrytagala  ynsana  ynanç-ykdykat  , halallyk-päklik , ylmy-çyrag , sahy-sahabatlylyk , güýç-gaýrat , ynsap , pespällik  ýaly  her  birisi  Belent  Taňrynyň  rahmet  derýasynyň  sakasy  bolan  gymmatlyklar  beripdir . Bu  baýlyklary  saklamak  üçin  esasan  dört  duşmandan- Şeýtandan , ýaltalykdan , ulumsylykdan , haram  nebis-howalylykdan  goranmak  üçin  ozaly  bilen  ýeke-täk  Taňryny  bir  bilmek , güýç-gaýrat , misginlik , ynsaplylyk  ýaly  mäkäm  saklawlary  ynsanyň  öz  ygtyýarynda  goýupdyr . Akyl-paýhasyň , aň-düşünjäň , dünýägaraýşyň  hem  gözýetimiň  ýaly  ähli  mahluklardan  artykmaçlyklaryň  bilen  tutuş  süňňüňdäki  hem içki  dünýäňdäki  göwherleriňi – imanyňy , halallygyňy, ylmy-çyragyňy , sahy-sahawatlylygyňy  gorap  saklamak  her  kesiň  öz  işidir.  Munuň  özi  Taňrynyň  bäş  günlük  ýalançy  dünýä  iberen-inderen  ynsanlaryna  synag  pursatydyr. Elbetde , munuň  özi  hut  maşgala  gatnaşygyna  hem  dahyllydyr . Suwumsyzlyk , bisabyrlyk , gedemlik , müňkürlik-küpürlik  edip , haram  nebsiňi   kör  etmegi-öldürmegi  başarman  maşgala  gatnaşygy  babatda  ýokardaky  haram   ýollara  düşseň , ömürboýy  başyň  muşakgatly-gowgaly...  bolar. Şonuň  üçinem  maşgala  gatnaşygynyň  amatly  pursatlaryny  elden  bermän, hut  Belent  Taňra  sygynmak  arkaly  gowudan-gowulyga  ýykgyn-niýet  edip  göreşmek  belent  borjumyzdyr.
31. Ozaly  bilen  duşenbe  gijesi  maşgalaňa  ýanaşmagy  özüňe  borç  bilmelidir , sebäbi  şonda  galan  çagalar  Taňrynyň  berenine  şükranalykly  kaýyl  bolýarlar , artykmaç  ukyplylygy  hem  yhlaslylygy  bilen  Gurhan-kerimi  ýat  tutup  ,  karylyk  mertebesine  ýeterlik  ýagşyzadalara  muwapyk-laýykkatly  bolýarlar.
32. Sişenbe  gijesinde  maşgalaňa  ýanaşmakdan  diňe  gowulyk  geler , çünki  şonda  galan  çaga  imanly-kelemeýi  şahadatly  ynanç-ykdykatly  bolar , imansyzlaryň  zulum  süteminden  ,  azaryndan  azat bolar , agzy  hoşboý-ýakymly  ysly ,  süýji  dilli , mylaýym  sözli,rehimdar  bolar hem-de  gybatkeşlikden , ýalançylykdan , haramylykdan  päk  bolar.
33. Penşenbe  gijesinde  galan  çaga  pähimdar , paýhasly  alym  bolar.
34. Penşenbe  gününde  öýle  namazyndan  soň  galan  çaga  dindar , akylly-paýhasly , tiz-pähim  bolar . Taňrym  oňa  dinde  hem  durmuşda  salamatlyk-rowaçlyk  nesip  etdirer . Şeýle  çagalara  sahy-sahabatlylyk  hemra  bolar.
35. Juma  gijesinde  galan  çaga  suhanwer-dilewar , wagyz-nesihatçy , köşeşdiriji , hemaýatkär  öwülýäler – Taňrytagala  ýakynlyk  tapanlar  jümlesinden  bolarlar.
36. Juma  güni  ikindi  namazyndan  soň  galan  çagalar  il-gününe  wepaly  hyzmatkär , meşhur  molla-mugallym , ylym  paýlaýjy , agzybirlige  we  Taňra  sygynmaklyga-ýagşylyga  çagyryjy , ilhalar  adam  bolar.
37. Juma  gijesinde  ýassy  namazyndan  soň  galan  çaga  Taňrynyň  iň  wepaly  ýakyn  gullary-abdylla  bolar.
38. Eger  şenbe  gijesi  aýalyňa  ýakynlyk  etseň , şonda  galan  perzent gaýratly-kuwwatly  bolar.
39. Iki  başyň  ata-enäniň , ýagny  baş  agzalaryň  özara  agzibirligi , hoşallykly , höwesgärlikli , hoşgylaw  hem-de  süýjülikli  maşgala  gatnaşyklarynyň  bolmagy , barmasyz  wagtlarda  bilelikde  saklanmaklary , şükranalykly  bolmaklary  ähli  gowulyklaryň  başydyr . Şeýle  haldaka  galan  çaga  hemmetaraplaýyn  göreldeli , şähdaçyk , durnukly , agras , gülerýüz  bolar.
Baş  maşgalanyň  esasdygy  barada  Saparmyrat Türkmenbaşynyň  ''Ruhnamasynda''    şeýle  diýilýär: Her  hili  ýagdaý  bolsa-da  ata-ata ,  ene-ene  bolýandyr , çünki     atanyň  bilinden  önýänsiň , enäniň  ak  süýdüni  emip  kemala  gelýänsiň .   Atanyň  Kybla , Enäniň  keramatly  Käbe  saýylmagy  ýöne  ýerden  däldir.Bu  ýerde  Serdarymyzyň  aýdyşy  ýaly , bagtlylygyň  üçürdik  towunyň  çözgüdiniň  är-aýal  halallyk  gatnaşygynyň , çaganyň  tüm /enäniň  göwresindäki/  hem  röwşen-ýagty  dünýädäki  ykbalynyň , esasan , baş  maşgala-baş  agza  bolan  kaka-ejä  baglydygy , şonuň  üçinem  olaryň  biriniň  kyblagähe  , beýlekisiniň  Käbeýhana  meňzedilýändigi  aýdyňlaşdyrylýar . Ata-babalarymyz  her  bir  işde  hereketlerinde  halallygy  mäkäm  saklap , haramylykdan  gaçanlar . Hut  şonuň  üçinem  olar  watanperwer , adamkärçilikli , rehim-şepagatly , kanagatly , ynsaply , gaýduwsyz  batyr  gerçekler  bolup , ýanýoldaşyna  wepaly , çagalaryna  sapaly-mährem , mal-garalara , ösümlik  hem  haýwanat  dünýälerine  eýeçilikli-yhlasly , hüşgär  hupbulwatan  bolupdyrlar .  Aýal-gyzlara ,  enelere  aýawly  hem  örän  uly  hormat  goýanlar . Olar , esasanam  özleriniň  türkmen  milli  edep-ekramyna , tälim-terbiýesine  yhlasly  bolup , perzentleriniň  iň  kämil  bolmagy  üçin  heniz  maşgala  gatnaşygyny  etmänkä  özlerinden  başlapdyrlar . Belent  Taňrynyň  adamyň  öňünde  goýan  ynsan-perwerlik  kada-kanunlaryny , talaplaryny ,pugta  berjaý  edenler .  Şonuň  üçinem  türkmenlerde  är  ýigitler , gerçek  goçaklar,    görenleri  ýüzine  syýlyp  towap  etdirýän  penakär  Güneş nurly  ogullar ,Aýýüzli  gyzlar  ýetişipdir . 40. Hergiz-hergiz  maşgalaňa  ýanaşmazyňyzdan  öň  ''bismilläni''  unutmaň!  Hiç  haçan  haram- bet  işlere  baş  goşmaň , zyna  etmäň ..  Eger  Şeýtana  aldanyp  şeýle  hapa  işe  baş  gaşaýsaňam  hiç  haçan şol  haram  iş  edýärkäňiz  bismillany  diýmäň , Allany  çagyrmaň , çünki  Allanyň  buýrmadyk-gadagan  eden  haram  ýoluna  düşüp , ýene-de  ondan  medet  dileseňiz , bismilla  hem  Allanyň  ady  başyňyza  bela  inderer.
41. Eger-de  maşgalaňa  ýanaşmagyň   ýagşy  pursatlary  hasaplanýan  günler-de  Günüň  dogýan , günortan , ýaşýan , ýa-da  aýyň  başy , oratsy , aýagy  ýa-da  beýleki  barmasyz  wagtlara  gabat  geläýse  onda  şeryg  işinden  saklanmak  hökmandyr .  Onsaňam  şu  gürrüň  edýän  meselämiz  HIJRI  hasabynda  ýöredilmäge  degişlidir .    Hormatly   okyjylar , aýala  hem  çopana  ynsap  bersin   diýip  nakyl  aýdylmagynyň-da  özüne  ýetesi  sebäbi  bar . Aýallara  99-şähwet  berlipdir  . Emma  şonuň  bilen  birlikde  olara  erkek  kişilere  garanyňda  ýedi  esse  köp-ýokary  utanç-haýa-şerimlilik  berlipdir . Eger  şol  berilmedik  bolsa , onda  aýallar  hatda  bazaryň  içinde-de  erkekleriň  astynda  ýatmakdan  gaýtmazdylar. Hut  şu  nukdaý  nazardanam  olary  utanç-haýa ,ynsap  saklaýar .   Serdarymyzyň  telewizorlaryň  ekranlarynda  gandökşükli , pajygaly , bihaýaçylykly , bihuda wakalary , şeýle  kino-filmleri , gepleşikleri  görkezmekligi  Türkmenistanyň  teleýaýlymlarynda  degişli  karar  esasynda  kesmegi  juda  ýerliklidir , çünki  türkmen  halkyna  şeýle  gabahatlyklara  tomaşa  etmek ,häli-şindi  gaýry  döwletlerde  bolup  geçýän  şum  habarlary...  eştmek  ýatdyr. Dünýäniň  dürli  döwletleriniň  ýagşylyklary  ýaýbaňlandyrýan , çyn  söýgi  meselesine  bagyşlanan  çeper  we  beýleki  durmuşy  kino-filmlerini  türkmen  diline  terjime  etmegi  güýçlendirmegi  bolsa  külli  türkmeniň  köňül  mülküniň  örküdir , guwanjydyr . Hut  Serdarymyzyň  Watançylyk , ynsanperwerlik  çagyryşlaryna  laýyklykda  türkmen  dünýäsiniň  galkynyp  janlanmagy  geljege  tarap  halal  ýoldur .  Çagalarymyzy  ýaramaz-zyýanly  zatlary  görmekden  goralyň !  Türkmeniň  özboluşly  milli  edep-ekramyny , tälim-terbiýesini  ýaşlaryň  aň-düşünjesine  guýmak  Belent  Taňrynyň  sogaply-jenneti  ýoludyr. Göwrede  galjak  çagalaryň  geljekki  ykbaly  hakdaky  maglumatlary  barada  gürrüň  berenler  Gurhan , Sopy Allaýar ,  Rownokul-yslam , Nowaýy , Hafyz , Bidil , Muhteser , Siraj  ul-agma /köpçüligiň  
çyrasy/ ,Wakaýa , Hidaýa  ýaly  başga-da  köp  kitaplary , pygambermiziň  hadys  kitaplaryny  okan  hatly-sowatly , ylymly-bilimli  alymlarmyzdyrlar . Olardan  bu  kyssalary  alalymyz  altmyş  ýyldan-da  köp  wagt  geçipdir . Kapyryň  gazabyna  giriftar  bolup , dereksiz  ýitirim  edilen  şol  bendeleriň  jaýlary  jennetdir , enşalla ! Serdarymyzyň  Watan  atly  poemasynyň  ilkinji  bendi  bilen  tamamlaýarys:

Pajygaly  ýowuz  günler  geçse-de , Gursakda  gara  ört  tagmasy  galdy Nagarasy  galdy...
Eje , eje , bagty  keç , eje !
Bagrymda  ajalyň  zarbasy  galdy.

Eý Biribar , Türkmenistan  Watanymyz , hormatly  Serdarymyz , parahatçylygymyz , agzybirligimiz  baky  bolsun !  Hemmetaraplaýyn  gülläp  ösüşimiz  has-da  rowaçlansyn ! Ýalňyş-hatamyzy , säwliklerimizi  Alla  bagyşlasyn!



R. GAÝYPGULYÝEW

24.05.2004  ýyl.  

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir