Jemgyýet we onuň ösüşi barada ders berýän bir professor talyplaryny ýurduň çetki etraplarynyň birine iberýär we ol ýerde ýaşaýan 200 oglanjygyň şol wagtky ýagdaýyny derňäp, her bir çaganyň geljegi barada çaklamalaryny ýazmagy tabşyrýar.

Talyplaryň ählisi diýen ýaly, düýpli derňewlerden soňra: – “Bu çagalaryň geljegi barada oňyn pikir etmek mümkin däl.” – diýen netijä gelýär. Aradan ýigrimi ýyl geçýär we bu derňew işiniň hasabatlary bir saý-sebäp bilen şol ugurdan ders berýän başga bir professoryň eline düşýär. Professor öz talyplaryndan bu taslamany dowam etdirmegi we şol çagalaryň ahyrky ykbaly barada maglumat toplamagy talap edýär.

Talyplar ol ýerden göçen ýa-da ölen 20 çagadan başga, galan 180 çaganyň 176-synyň akyllary haýran edýän ýokary başarnyk görkezip, lukman, inžener, aklawjy ýa-da uly işewür adamlar bolup ýetişendiklerini ýüze çykarýar.

Professor öňki çaklamalar bilen düýbünden gabat gelmeýän bu netijäniň sebäplerini derňemek üçin, ol ýere hut özi gidýär. Bir wagt geljegi garaňky – diýilip hasabat düzülen, bu gün bolsa her biri uly jogapkärçilikli wezipäniň eýesi bolan oglanlaryň ählisi bilen ýekän – ýekän duşuşyp, olar bilen has
içgin tanyşýar. Professoryň: ”Şeýle kyn şertlerden nähili baş alyp çykmagy başardyňyz?” – diýen soragyna berlen jogaplaryň hemmesi birmeňzeşdi: “ýaşaýan ýerimizdäki mekdepde bir mugallymymyz bardy. Şonuň irginisiz zähmeti we yhlasy bilen….” Professor bu mugallym bilen duşuşmak isledi. Mugallymy tapmak beýle bir kyn bolmady. Salgysyny alyp öýüne baranda, ony onýyllyklaryň ýüzüne salan ýygyrtlaryna garamazdan, entek hem juda sagdyn görünýän bir garry zenan garşylady.

Uly bilesigelijilik bilen garry zenandan bu çagalary bezzatlyk we garagollykdan saplap, başarnykly ýetginjekler edip ýetişdirmek üçin ulanan syrly usulynyň nämedigini sorady.

Mugallymyň gözleri röwşenlenen ýaly boldy we ýüzüne ýylgyryş çaýyldy:

– Örän aňsat – diýdi. – Men ol çagalara mährimi berdim.

Edebiýat, 12 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir