Bu hekaýa bir atýatakdan başga atýataga, bir ýaryşdan başga ýaryşa aýlanyp, seýislik edip güzeranyny görýän gezende adamyň ogly barada. Ol oglan orta mekdebiň 7-nji synpynda okaýarka mugallymlary okuwçylara ulalanlarynda kim bolmak isleýändikleri, näme bilen meşgullanaslary gelýändigi hakynda öýde düzme ýazyp gelmeklerini tabşyrýar.

Seýsiň ogly ulalanda özüniň hususy at fermasynyň bolmagyny isleýän eken. Ol uzak gije ýatman bu barada 7 sahypalyk düzme ýazýar. Ol ýazan düzmesinde arzuw edýän at fermasynyň iň kiçi aýratynlyklaryna çenli belleşdirýär. Hatda ol düzmede 200 gektarlyk ýerde ýerleşjek fermanyň shemasyny çyzyp görkezýär. Arzuwyndaky at fermasynyň edara binasynyň, atýatagyň, aýlawyň ýerleşmeli ýerleriniň çyzgysyny çyzýar.

Çaga bu düzmäni ýazanda, öz ýüreginiň sesini diňläp, öz kalbynda besläp ýören arzuw-hyýallaryny beýan edýär. Düzmäni tabşyrandan dogry iki gün soň mugallymlary düzmäni barlap, okuwçylara görkezende, ýazan düzmesiniň aşagynda gyzyl ruçka bilen ullakan ikilik, gapdalynda-da mugallymyň «Sapaklardan soň meniň ýanyma gel!» diýen belligi duran eken.

Seýsiň ogly şol gün okuw gutaranyna mähetdel mugallymynyň ýanyna barýar. Çagaň tolgunýandygy daşyndan bildirip durmuşyn: «Mugallym, maňa ikilik goýupsyňyz welin, düzmäni gowy ýazmandyrynmy ýa grammatiki ýalňyşlarym kän ekenmi? Barlanyňyzdan soň göremde harp ýalňyşymam ýok eken. Sebäbini düşündiräýiň?!». Mugallym: «Hä, geldiňmi?! Menem seni şoň üçin çagyrdym. Seň ýazan düzmäňe grammatiki ýa harp ýalňyşy üçin ikilik goýmadym. Sen düýbünden bolup bilmejek zatlary ýazypsyň. Seň ýaşyňdaky çaga üçin o zatlar hyýaly, öz araňyzda diýşiňiz ýaly, fantastiki zatlar. Onuň ýaly ferma edinmek üçin gaty köp maýa gerek. Siziň maşgalaňyz bolsa garyp, hatda bir ýerde-de ýaşaňzok. Ondan oňa göçüp ýörsüňiz. Ferma üçin ilki bilen ýer almaly. Ýer almak üçin bolsa köp-köp puluň bolmaly. Ýer alanyň bilenem iş gutaranok, binalar gurdurmaly, sap, tohum atlar tapmaly, almaly. Bu zatlar seniň başarjak zatlaň däl» diýipdir. Soň mugallym gözüni balkyldadyp duran çaga dözmän «Bahaňy entek žurnala geçiremok. Sen düzmäňi täzeden ýazsaň, ýöne hakykata ýakyn, bolup biläýjek arzuwlaryňy ýazyp getirseň, bahaňy düzedip bereýin» diýip sözüniň üstüni ýetirýär.

Şondan soň çaga öýüne gaýdýar. Kän pikirlenýär. Näme ýazjagyny bilenok. Ahyry, kakasyna maslahat salýar. Kakasy: «Oglum, ulalaňda kim boljagyňy men aýtsam, ol eýýäm arzuw bolmaz. Özüňem hakyky arzuwyňy ýazmasaň, onda ol toslama bolar. Hem mugallymyňy hem özüňi aldadygyň bolar. Bu barada seň özüň belli bir netijä gelmeli. Onsoňam muny hut seň özüň saýlamaly» diýipdir.

Çaga şondan soňam bir hepde pikirlenip gezýär-de, ahyram, öňki düzmesiniň hiç zadyny üýtgetmän mugallymyna eltip: «Mugallym, siz-ä goýan bahaňyzy üýtgetmäň, menem öz arzuw-hyýallarymy üýtgetmäýin» diýýär.

Şo-ol 7-nji synpda okaýan garyp seýsiň ogly şu wagt şeýleräk durmuşda ýaşaýar: 200 gektarlyk at fermasynyň howlusynda gurduran ullakan jaýy, elinde çaýy, diwaryň ýüzünde bolsa ö-öňki ýazanja düzmesi.

Siz hem hiç kimiň arzuw-hyýallaryňyzy ogurlamagyna ýol bermäň! Maddy ýagdaýyňyz nähili bolanda-da öz ýüregiňiziň sesini diňläň!

Taýýarlan, terjime eden Mekan Annaberdiýew

Edebiýat, 12 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir