Magtymguly atamyzyň: “Adam bar müň tümen iýdirseň azdyr” diýip belleýşi ýaly, durmuş ýollarynda duşýan ýagşy ynsanlar seniň ykbalyňyň hem gözelleşmegine sebäp bolýarlar. Çünki her gün dürli wakalara baý bolan bu barlygyň çylşyrymly ýollarynda azaşman, arzyly pellehana ýetäýmek ýeňil-ýelpaý iş däl. Emma niýetiň päkliginde, gowy adamlaryň barlygynda ýetdirmejek menzil, megerem, ýok bolsa gerek. Ine, şeýle ynsanlaryň biri hakynda söhbet açýan bu tymsaly okamak siziň üçin ýakymly bolsa gerek, eziz okyjy.

Oňa birinji gezek oba göçüp gelenimizde duşupdyk. Bir gün ir bilen penjireden garamda, onuň howlymyzyň daşyndaky agaç haýaty bejerip oturandygyny gördüm. Ussa çagyrmandygymyzy aýtmak üçin daş çykdym. Ýöne ýanyna baranymda, ol haýatyň gyrasyna gämikläp otyrdy. Näme edýänini soradym.

– Bu ýere çyrmaşýan gül eksek gowy boljak – diýip jogap berdi.

Pikir edip otursam, onuň aýdanlarynyň jany ýok däldi.

Bu oba gelen her myhman bu ýerdäki anjaýyn howlulary synlap, haýran galýardy. Sebäbi howlular gyrymsy agaçlara hem-de al-elwan güllere bürenip otyrdy. Kimiň howlusynyň bolanlygynyň tapawudy ýokdy. Howlylaryň ählisi birmeňzeşdi. Beýle meňzeşligiň ýeke-täk düşündirişi bardy. Ol hem şol bagban adamdy. Çünki ol bu obadaky ähli baglaryň bagbanydy. Obany bagy-bossana öwürmek üçin ömrüni bagyş eden adamdy.

Onuň bu oba haçan gelenini hiç kim bilenokdy.Biz onuň bilen tanyşanymyzda, ol ýygyrt atan ýüzi, çalaran gaşlary hem-de goýun gözleri bilen ýaşy eýýäm bir çene baran gojady. Ol her gün irden duralgada awtobusa garaşýan ýaşlaryň deňinden geçende, bälçiräp, olara şeýle diýerdi:

– Ertiriňiz haýyrly bolsun!

Ol obanyň esasy köçesiniň aýagyndaky giň howlularda ýaşaýanlardan alýan aýlyk haky bilen güzeranyny aýlaýardy. Bize bolsa ol diňe goňşy haky diýip kömek edýärdi. Ol bagban bize gülleri söýmekden başga ýene bir zady öwredipdi. Bir gün çagalarymyz öýe ylgap geldiler.

– Näme boldy? – diýip, geň galyp soradym. – Bir serçäni pişik tutup öldüripdir – diýdiler.

Itleriň biri towşan çebşegini öldüren bolsa, ýa bolmasa, bir ulag bir pişigi basan bolsa, ol gynanýardy. Şeýdibem ol her janly-jandary harlamaly däldigini, ýaşaýyş diýilýän zadyň nähili gymmatdygyny özüçe düşündirýärdi. Bir gezegem onuň elindäki bir gysym gül tohumyny ýumşak topragyň içine gömüp, çagalara:

– Indiki hepde gelip görüň. Bu boz topragyň içinden al-elwan güller gögerip çykar. Siz şonda biribaryň döreden sungatyny synlap bilersiňiz – diýýänini eşitdim. Şeýle diýmek bilen ol çagalara Beýik Biribaryň güýjüni, sahawatyny onuň ýaradan eserleri arkaly düşündirýärdi.

Onuň käte gaharlanmasy-da bardy. Öz gözlerim bilen görüpdim. Bir gezek ol agajyň şahasyny döwüp duran bir adamyň ýakasyndan tutup:

– Tebigaty harlamakdan gork! Şahasyny döwen bu agajyň ýaşy seni eneň-ataň ýaşyndanam uly – diýip gygyrypdy. Adamlar bir işiň başyny tutjak bolsalar, ondan maslahat sorardylar. Obamyzdaky ähli çagalar onuň söbügine düşer ýörerdiler. Bagban daýy olara kemput hödür edip begendirerdi. Onsoň çagalaram onuň bir aýdanyny iki gaýtalatmazdy. Ol: “Çagalar güller ýaly, güllerem çagalar ýaly” diýerdi.

Ol diňe çagalara däl, eýsem, hemmelere kömek ederdi. Bir gün goňşulardan biri syrkawlapdy. Ol goňşy inžener bolup işleýärdi. Lukman oňa işini taşlap, biraz wagt öýünde dynç almagy maslahat berýärdi. Goňşy bolsa: – Şu howuladan daşary çykmajak bolsaň, durmuşyň näme manysy bar? – diýip zeýrenýärdi. Bagban daýy ahyr çydaman:

– Dünýä size howlyňyzda garaşýar. Başga ýere gidip näme etjek? – diýipdi.

Birnäçe gün soň, goňşular olaryň iki bolup howluda olaryň dürli ýurtlardan getirilen gülleri ekip oturandyklaryny görüpdirler. Ol bagban şol hassa adama-da durmuşda nähili ruhybelent bolmalydygyny düşündirip bilipdi. Durmuşumyzy päklige öwürjegem, tümlüge öwürjegem ýene özümiz.

Bagban daýy şeýleräk adamdy. Biziň çagalara düşündirip bilmeýän zatlarymyzy ol özüniň zähmetsöýerligi, pespälligi, ýönekeýligi bilen hemmelere düşündirýärdi. Gowy adamlaryň barlygynda ýaşamak has ýakymly.

Taýýarlan: Atanyýaz Hangeldiýew

Edebiýat, 12 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir