Bir orta bilim berýän mekdebiň sylanýan mugallymy sapak wagty okuwçylaryna: «Meniň size bir teklibim bar» diýipdir-de, olardan «Siz durmuş barlag tejribesini geçirmek isleýäňizmi?» diýip sorapdyr. Çagalar şol mugallymy gowy görýän ekenler. Şonuň üçinem hemmesi bir agyzdan «bolýa-da, bolýa…» diýşip, ikirjiňlenmän, mugallymyň teklibini kabul edipdirler. Mugallym: «Siz razy bolsaňyz, barlag terjribesi tamamlanýança men näme diýsem etmäge söz beriň» diýýär. Çagalar muňa-da «Bolýa, söz berýäs» diýýärler. Mugallym: «Size birinji tabşyrjak zadym: ertir hemmäňiz ýanyňyz bilen 5 kg kartoşka bilen torba getiriň» diýýär.
Çagalar mugallymyň näme üçin kartoşka getirdýänine düşünmeselerem, ertesi ýanlary kartoşkadyr torbaly okuwa gelýärler. Mugallym özüne soragly seredip oturan okuwçylara: «Indiki etmeli zadyňyz: şu wagta çenli kim siziň göwnüňize degen bolsa, sizem bagyşlamadyk bolsaňyz, bir kartoşkanyň ýüzüne şol kişiniň adyny ýazyň-da, torbaňyza salyň» diýýär. Çagalaryň käsi 6-7 sany, käbiri bolsa ondanam köpräk kartoşkany torbalaryna salýarlar. Aralarynda torbalary dolankyrlan okuwçylar hem bar eken.
Mugallym şonda-da tiňkesini dikişip oturan çagalara: «Bir hepdeläp nirä gitseňiz, torbaňyzam ýanyňyz bilen äkidiň. Mekdebe gaýdanyňyzda-da, dogan-garyndaşlaryňyzyňka gideniňizde-de, awtobusa müneniňizde-de… ýanyňyzdan aýyrmaň! Hatda ýatanyňyzda-da, ýanyňyzda goýup ýatyň» diýýär. Çagalar mugallymyň näme etjek bolýanyna entegem düşünmeýärler, ýöne bu tabşyrygy bilenem göwünli-göwünsiz razylaşýarlar.
Aradan bir hepde geçip-geçmänkä, mugallym synpa girenden okuwçylar arz-şikaýat ýagdyrmaga başlapdyrlar:
– Mo-olly-ym, torbamyzy hemme ýere äkidip ýörmek ýaman kyn, özem agyr.
– Mollum, kartoşkalar porsap başlady, bir ýerik gitsek, töweregimizdäkiler bize geň galyşyp seredýäler.
– Hem-ä ýadadyk, hemem halys ýüregimize düşdi…
– Öýümizdäkilerem soraýar «Muny näme üçin ýanyňyzda süýräp ýörsüňiz?!» diýip. Sebäbini özümizem bilmämizsoň, hiç zat diýibem bilemzok…
Mugallym okuwçylarynyň aýdanlaryny ýylgyryp diňleýär-de, şeýle diýýär: «Görýäňizmi, çagalar, meniň size düşündirjek bolan zadymam, ana, şol. Biz göwnümize degen adamlary bagyşlaman, aslynda diňe özümizi jezalandyrýarys. Içimizde agyr, porsy ýüki göterip gezmäge özümizi mejbur edýäris. Bagyşlasak, oňa ýagşylyk etdigimiz bolar diýip pikir edýäris. Aslynda bolsa olary bagyşlamak biziň özümize eden ýagşylygymyzdyr.
Taýýarlan, terjime eden Mekan Annaberdiýew