BILIM – degişli çeşmelerden öwrenilip, işe akyl ýetirişi ýokary derejä göterýän ynam.
BAŞARNYK – alnan bilimleriň esasynda özbaşdak synanyşyklar, amala aşyrylýan hereketler toplumy.
… Haýsydyr bir çeper eseri ýa-da okuw kitabyny okanyňda, şol ony «okadym» diýmeli däl, «öwrendim» diýmeli. Mugallym sapak düşündirip durka, näme işiň bar bolsa taşlamaly. Adam nämäni üns bilen, ýürekden diňlese, ol onuň beýnisine çalt girýär. Ünsli diňlän okuwçy synaglardan öňinçä, degişli temany gaýtalamasa-da bolar.
Günde ýigrimi dört sagat bar. Şol ýigrimi dört sagady üçe bölmeli, ýagny sekiz sagady okamak we öý işleriňi etmek üçin, beýleki sekiz sagady başga işler üçin, galan sekiz sagady bolsa uklap dynç almak üçin sarp etmeli.
Adama zyýan ýetirmeg-ä beýlede dursun, bilim gaýta ýardam edýär. Hemme sapaklaryňdan ýetişigiň gowy bolaýanda-da, öte begenmeli däl. Köp zat öwrenjek bolmaly. Ana, şonda başarnygam özünden geler. Gelibermeýän bolsa, ýetişigiňem onçakly gowy däl bolsa, il bir gezek, bir sagat okaýan bolsa, sen kän gezek, on sagat okamaly!
Taýýarlan Turan Nursähedow