Köp zat bilýäniňe buýsanyp: «Men ýalňyşmaryn, hata etmerin» diýme. Seniňem bilmeýän zadyň bardyr.

«Men hiç kime yrsaramaryn, uruşmaryn, men köpügören adam» diýme. Seniňem tanamaýan adamyň, bilmeýän ýagdaýlaryň bardyr.

Eger sürüji bolsaň: «Men köp wagt bäri ulag sürýän, ýol hereketiniň kadalaryny şeýle gowy bilýän we olara uýýan. Ulagymam diýseň gurat» diýip arkaýyn bolma. Ýollarda öwrenje, bilýänem bolsa, ýol hereketi kadalaryna uýmaýan gaty kän sürüji bardyr, şonça-da näsaz ulag hereket edip ýörendir. Öz ýoluňda dogry hereket edip barýanam bolsaň, ýalňyşyp ýoluňa çyksalar dur, gyra çekil, ätiýajy elden berme. Birden ýol heläkçiligi hadysasy bolsa, seniňki dogry hem bolsa, iki tarapa-da zyýan ýeter. Ýol heläkçiligi hadysasyny ikiňiz bilenem baglanyşdyryp ýatlarlar.

Sen, gowusy, bilimiňi, akylyňy, tejribäňi sabyr bilen, seresaplyk bilen baýlaşdyr, güýçlendir.

Sabryňa-da kän bil baglama. Sebäbi seniňem sabyr käsäň bir çeni, gaharlanjak ýagdaýyň bardyr. Ana, şonda gahar gelägede başyňa gonar welin, seresaplyk guşuň hem uçar. Onsoň, ne edep galar, ne ekram, ne-de jan gorkusy.

Taýýarlan Mekan Annaberdiýew

Edebiýat, 12 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir