Bir käse süýt

Ir wagtlarda bir rowaýat eşidipdim. Aýtmaklaryna görä, bir oglanyñ işi oñup, rysgaly artypdyr. Onuñ maly-mülki köpelip, özi üçin iñ mähriban adam ㅡ enesiniñ halyny soramagy hem unudupdyr...''
Türkmenistanyñ Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMMEDOW,
''Enä tagzym ㅡ mukaddeslige tagzym''.

Jennet eneleriñ daban astynda,
Durmuş gözelligi ak patasydyr.
Enäniñ gözýaşy bagtyñ kastynda,
Bagtsyzlyk ㅡ perzendiñ öz hatasydyr!

Ene üçin birje çirimsiz gije,
Mekkäniñ hajyna zyýarat bolar.
Enäniñ patasy ㅡ iñ şowly bije,
Bil! Bütin ömrüñe zyýapat bolar!

Emma bu durmuşyñ soñsuz kadasy,
Çarhypelek aýlap otyr çarhyny.
Diñe dolandan soñ sabryñ badasy,
Ynsan duýar eken bagtyñ parhyny.

Bu bir gadymlardan galan rowaýat,
Emma asyr-asyr manysy täze.
Ol hemişe goldaw, mydam hemaýat,
Enä hut şoñ üçin diýilýärㅡKäbe!

***

Alleý balam, ak balam,
Seniñ kimin ýok balam.
Owal-ahyr ýüregiñ,
Bolawersin päk, balam!''...

Hüwdi çykýan ojak bagtyny guçup,
Ýañlary ýaýrapdy Ýeriñ ýüzüne.
Ene mähri Güneş kibi nur saçyp,
Gursagyna süýt, mähir indi gözüne.

''Eziz Allam! Şükürim kän, mylaýym,
Arzyly pursady ömrüme berdi!
Balam ösüp, ýigit çyksyn, ylaýym,
Götersin egninde il-ulsuñ derdin!

Gözlerinden rehimdarlyk gitmesin,
Ýüreginden söýgi öçmesin daýym,
Sabry, kanagaty, akly ýitmesin,
Balamy hemişe gora, Hudaýym!''

Şol günden soñ şu mazmunly dilegler,
Gije-gündiz hiç kesmedi yzyny.
Bala ene üçin mähir-münewwer,
Elmydama kuwwatydyr dyzynyñ.

Aý yza aý geçdi, ýyl yzyna ýyl,
Ösdi germek ogul, kemala geldi.
Bagt onuñ elinde, ýumşuna kaýyl,
Dert enäñ deminden amana geldi.

Murty taban gerçek boldy ýigdekçe,
Ykbalyñ yzyndan kowup başlady.
Nebis bilen söýgi bolmaz serhetdeş,.
Ýigdi gara nebis bogup başlady.

Az geldi gözüne dünýäniñ genji,
Haýsy ýana baksa keşbini gördi.
Oña hiçdi iliñ gaýgy-begenji,
Gaýta özi boldy iliniñ derdi.

Harsydünýälikden toplan malyny,
Sanamakdan lezzet alyp başlady.
Gara nebsi ýesir etdi pälini,
Wah, enäniñ bir dilegi paşmady...

Ene bolsa, garyp külbäñ töründe,
Şo:l dileg edýärdi perzendin söýüp.
Nam-nyşab galmandy gözleñ nurundan,
Hasrat bilen kalby barýardy köýüp...

Iñ bolmanda perzendiniñ didaryn,
Bir gezek görmegiñ arzuwyn edip.
Zyýarat edýärdi ýaryñ mazaryn,
Her wagt öwleýä ýerine gidip.

Ogluñ bu zatlardan habary ýokdy,
Gününden razydy, añry ýanyndan.
Göwnüne jahanda bar zatdan dokdy,
Enäniñ ryzasy uçdy añyndan.

Emma bir gün, bir adaty wagtda,
Beýik Ýaradandan erada geldi.
Enesine umyt geldi bagtdan,
Eden dogalary myrada geldi...

***

Kelle göçgün ýigdiñ söwdasy paşman,
Alan harydyny talapdy ýagy.
Emma ol şonda-da hiç däldi puşman,
Göwnüne görüplik soly hem sagy.

Soñ ol aldy haryt doly ammary,
Mallaryna kesel degdi, dagady.
Geldi goşun çekip, gaýgy-gamlary,
Geldi ýigdiñ oýa batjak sagady.

Böwrüni diñledi: ''Allajanlarym,
Bu agyr synaglañ sebäbi nedir?!
Ýa duşman boldumy dost saýanlarym,
Ýa-da meslekdeşlem goýanok gadyr?!

Ýa bolmasa biri bilgeşleýinden,
''Garyp düşsün'' diýip bet doga kyldy.
Ne bolsa-da ýamanlykdyr teýinde,
Biri meni ýowuz hupbata saldy...''

Pikir bilen añ elegin eläpler,
Ýigidiñ paltasy degensoñ daşa.
Bilmek üçin şowsuzlyk ne sebäpden,
Bardy danañ ýanna ýollary aşa.

''Dana! Bir haýyşym bardy bitirseñ,
Sen aýdyp ber, neden çökdi rysgalym.
Mal-mülkümi dolap maña getirseñ,
Ýaşarsyñ bilmänjik eklenjiñ gamyn!''

Dana esli salym durupdyr synlap,
Ýagşylyk nuruny ýitiren ogly.
Soñam zor aýakdan gaharyn ''gynlap'',
Diýipdir: ''Eneñi görmäliñ bäri,
Gönüñden gel, hany, näçe wagt boldy?!''

''Köp wagt däl, bary-ýogy ýyl ýarym,
Işler bilen elim sypynmady hiç''.
''Eneñ gaýdyp berer rysgalyñ baryn,
Eneñ närazysa, bar tagallañ puç!

Gitde razy eýle käbäñ eneñi,
Eneñ pata berse, düzeler bary.
Hiç görmedim nebsiñ mähri ýeñenin,
Eneñdir rysgalyñ ilki hossary!''

Ýigidiñ ökjesi ýeñlän badyna,
Ýelk ýasapdyr dogduk külbesi bakan,
Diýjek sözlerini belläp ýadyna,
Gaýtalap görüpdir ýekänme-ýekän...

''Essalawmaleýkim! Otyrmyñ ene?!'',
Diýen tanyş sese tisginip çala.
Ýalñyz balasyna seredip siñe,
''Otyryn, sag-gurgun ýörmüsiñ, balam!''

''Ene, neme meniñ rysgym gaçypdyr,
Ýene sähel bolsa tüwmaýak goýjak.
Sen bilýäñ-ä ogluñ eli açykdyr,
Rysgym gaýdyp gelse, toklujyk soýjak

Ýöne danañ ýanna bardym sowala,
Enem razy bolsa düzeljekmişin.
Ene jan, goýma-da meni zowala,
Aýt sen, bitireýin bitmedik işiñ!

Näme etsem menden razy bolarsyñ,
Köşk gerekmi, uzak ýyllyk harajat?!
Kalbyñ näme diýse şony alarsyñ,
Meñem başym alyp durmaz harasat!''

Çeñklenen çäýnegiñ çaýyn agdaryp,
Moýlyja käsäni uzadan ene.
Ýürekden mylaýym sözün agtaryp,
Diýipdir ogluna: ''Bir käse, ine.

Şujagaz käsäni dolduryp maña,
Balam, ene süýdüb getirip bilseñ.
Eneñ-ä ak pata bererdi saña,
Onsoñ señem mydam ýüzleriñ gülsün!''

''Eý waý, boldumy şu, bar bolanymy,
Bu işde müşgillik görmedim, käbäm!
Häzir görüp şu goñşy-golamyny,
Saña süýdi derrew getirer balañ!''

Ýigit şol moýlyja käsesi bilen,
Epeý-epeý basyp düşüpdir ýola.
Göwnüniñ çümmüjek hossasy bilen,
Bitirjek işine sygmandyr go:la.

Emma ol-a, goñşy-golam ekeni,
Alys ýerlerdenem boş gaýdan käse.
Aýdar ýaly dälmiş ýigdiñ çekenin,
Bende azap baryn çekipdir ýogsa...

Balasynyñ rysgyn kesip hiç ene,
Süýdün bermeklige bolmandyr boýun.
Boýnun burup gaýdyp gelipdir ýene,
Diýipdir: ''Ene jan, utdy bu oýun!

Men bir näletkerde ogul ekenim,
Bir käse süýdüñem öwezin dolman.
Çekdin ene, bir gijejik çekeniñ,
Hiç baýlyk jahanda saña taý bolmaz!

Öt günämi käbäm, bagyşla meni,
Eger muña ýetse seniñ mejalyñ.
Şu günden soñ başa göterjek seni,
Ömrüm guta:r gutarmaýar ejabym!''

''Men senden müñde bir razy perzendim,
Alla işleriñi oñuna kylsyn.
Bolsun şu söz meniñ iñ soñky pendim,
Il ogly bol, gören ýüzüne sylsyn!''

***

Heý, ynsany kemal eden beýiklik,
Bagyşlaýañ, giñ ýüregiñ dünýeden.
Adam ogly, bir sulbadyñ, eýikdiñ,
Sözle hany, ýüregiñi diñle-de!

Käbäñ üçin ähli etjek zadyñy,
Etdiñmikäñ, ýa barmydyr armany.
Sena eýle dilde enäñ adyny,
Ene Ýaradanyñ mähir permany!

Bu bir gadymlardan galan rowaýat,
Emme asyr-asyr manysy täze.
Ol hemişe goldaw, mydam hemaýat,
Enä hut şoñ üçin diýilýär ㅡ Käbe!


Gülşirin HANOWA.

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir