AMUL ARSLANY
''Bu gadymy şäheriñ haçan döräp, oña Amul adynyñ nähili galandygy, adynyñ manysy häzire çenli hem ylymda doly anyklanmadyk. Şonuñ özi-de halk arasynda dürli rowaýaryñ dörmegine sebäp bolupdyr. Olaryñ birinde şeýle diýilýär...''
Türkmenistanyñ prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMMEDOW
''Türkmenistan ㅡ Beýik Ýüpek ýolunyñ ýüregi''
Däli tolkunlaryn kenara urup,
Jeýhun ak köpügin saçýar her ýana.
Otyr, bir oglanjyk boýnuny burup,
Arzyn aýdyp bu baş bermez derýaýa...
Bu oglanjyk beýik Amul şähriniñ,
Çagalykdan ýetim galan perzendi.
Ýetmezinden ata-ene mähriniñ,
Gözüne dar gelýär, bu dogduk kendi.
Däli derýa syryn aýdyp her zaman,
Ýetim oglan gözýaş dökýär, ýeñleýär.
Derdi agyr, gara bagyr, eý, aman,
Jeýhuna syr aýdanyña degmeýär!
Ýöne bu gün, has üýtgeşik öñküden,
Derýa dertden porhan boldy oguşýa?!
Has alysda, ahy-pygan gülküden,
Oglan misli hossaryna gowuşýar.
Derýa bu ýetimi alyp holtumna,
Girdabynda hüwdüleýär, gundaýar.
Suwa basyp, gysyp ony goltuga,
Rahat-rahat uklamany ündeýär...
Şol pursat bir gudrat tirsege galyp,
Düýşmi, huşmy gurşap alýar hyýaly,
Ýetim ýigdiñ hossarlary ruh bolup,
Ýetişýär dadyna Hydyr mysaly...
''Balam, ber eliñi, uzat men taýa,
Hany diñle, tanaýarmyñ ejeñi?!
Sen Amul Arslany, meñzeşsiñ Aýa,
Öñde täze ykbal, unut geçeni!''
''Bu men, señ pederiñ, eý, meniñ şirim,
Uzat elleriñi, halas bol dertden.
Jeýhuna bur bolup guraly pirim,
Belalar her daýym ejizdir mertden!''
''Uzat balam, uzat şirim, eliñi,
Däli derýañ suwun owsarla, oglum!
Sen tutmaly bu dünýede ýerimiz,
Girdap alyp bilmez oguzlañ kowmun!''
Oglanjyk ellerin uzadýar göge,
Göreşýär, garpyşýar mele suw bilen.
Toraññy el berdi, gutuldy çaga,
Doguldy täzeden berk hyjuw bilen...
***
Şeýde-şeýde ýyllar geçdi aradan,
Amulyñ Arslany goç ýigit boldy.
Onuñ şol çagalyk syry barada,
Däli derýa her dem ýadyna saldy.
Şol derýany owsarlamak arzuwy,
Köwsarlady, kök urdy ýaş ýürekde.
Emma boýun etmäge bu mele suwy,
Entek-entek güýç toplamak gerekdi...
Gara ýere künde çekip gerdende,
Arslan yhlas bilen saçýardy derin,
Perwaz urup bir gözeliñ derdinde,
Kalbynda ýazýardy yşkyñ eserin.
Şol gün, şol ajap gün, şol ajap pursat,
Ykbalyny agdar-düñder edipdi.
Gözlere sataşdy, ot aldy gursak,
Oña yşkdan bir melamat ýetipdi!
Gündogar bazary gyzypdy ýañy,
Jar çekildi, ''Gelýär'' diýip, şa gyzy.
Nowjuwan Arslanyñ gidipdi añy,
Baş bermedi oña söýginiñ sazy.
Aldy gazmasyny, çykdy ýoluna,
Şa gyzyna garap gönderdi nama,
Ýaýraýar şirin saz sag-u-soluna,
Ol aýdym aýdýardy, howp salyp jana...
''Gün içinde Göwher, men Arslan Aýyñ,
Husny-jemalyña muşdagam serim.
Taýyñ men, müñ zowal, synaga taýyn,
Sen hakda owazym soñsuz eserim!
Diý, ýeter daglary gazmaga yşkym,
Gurbat biýr her demde nurana keşbiñ.
Al janym, gul eýle bolaýyn bendi,
Neýläýin, bolmasañ mekany-kendi?!
Kararyñ köñlümiñ aramy bolar,
Bir söz diý, ýoluña gurbandyr janym.
Bolmasañ bu baglañ gülleri solar,
Ber perman, derýa dek möwç ursun ganym!''.
''Ýigit añlaýaryn yşkyñ heserni,
Emma akyl bagtyñ ýolun kesermi?!
Atam berer meniñ ykbal permanym,
Ýalñyz gyzy, men atama gurbanam!
Köşge bar, atamdan eşitgil şerti,
Göreç, ýaryş, saýlan, bizem göreli!
Synaglar hemişe saýlaýar merdi,
Şa giýew edinmez ýolda ýöreni!''
Şol gün jar çekildi, ýurduñ çar ýany,
Şanyñ synagyny diñledi birdem.
Ýigdiñ akly ''Git'' diýp, ''Gitme'' diýp jany,
Dikleşýär jigerde ''Belki?!'' hem ''Birden?!''
***
''...Kysmatymda näme bolsa göreýin,
Iñ bolmanda armansyz-a ölerin.
Ýetip bilsem bagtym, ýetmesem takdyr,
Her-haçan ýollaryñ müşgüli hakdyr!
Bu gün Şa, synagyn yglan eýleýär,
Belki, maña asan düşer kysmatym.
Yşksyz durmuş ýaşanyña degmeýär,
Asyl ykbal gerdeniñden basmasyn!''
Mähelle ýygnanyp köşgüñ öñünde,
Şanyñ synagyny diñleýär millet.
Yglan däne-däne doldy köñüle,
Kimlere bagt boldy, kime musallat.
''Men gyzyma halat salmak netim ýok,
Ol aslynda meniñ ähli baýlygym.
Bu gün size uzak-uzak gepim ýok,
Bilýänsiñiz, hüýr gyzlara taýlygyn!
Ahmal şertler başga bolsa, megerem,
Gyzyma nyrh kessem, otyrdym kesip.
Kim añlasa şa gyzynyñ degerin,
Kim synagy geçse, eýlesin nesip!
Ine, görşümiz deý Jeýhun derýasy,
Bizi terk eýledi, sowdy ýoluny.
Bolmaz suwuñ ýeke katra yrýasy,
Kim gaýtarsa däli derýañ goluny.
Gyzymy nikalap bererin diýdim,
Synaga kim girse, şerte laýykdyr.
Şanyñ jany ili, halkyndan bidin,
Dem almagam hökümdara aýypdyr!''.
Uludan dem alýar, begenýär Arslan,
Gaşyn kakýar şa gyzyna seredip,
Özüne söz berýär: Ýeñilsem hyrsdan,
Galaryn derýada baky ýer edip!''.
***
Goşa gulak pilin atyp egnine,
Däli derýañ kenaryna ugraýar.
Wezir ogly sygman dony-dogmuna,
Gaplañ dek arlaýar, gurt dek uwlaýar:
''Eý, sen ýeñiýoluk, barja baýlygyñ,
Egniñdäki posly kepjäñ däldimi?!
Hä, ýogsa-da, üç teññemiş aýlygyñ,
Atañdanam çeññek miras galdymy?!
Ine, ýaryş diýip şuña aýdylýar,
Kyrk ýigide garşy ýeke ýetimek.
Utuljagñy bilseñ yza gaýdylýar,
Nämä gerek, ýöne ýerden let iýmek?!''.
Eý, agzy gatykly, nalajedeýin,
Erkek bolsañ özüñ gaz sen hanany.
Bilip goý raýyşy durmaz gedemiñ,
Gel, gum atyş, pilimizi synaly!''
''Heý, şagaljyk, näme beýle jibrinýäñ,
Geñmi saña aýalarmy aýamam?!
Men-ä Göwher ㅡ şa gyzyna imrinýän,
Özümem, elimem, şoña aýaýan!''
''Sen onsuzam Güne çyksañ erejek,
Bozzam-sozzam gar adama meñzeýäñ.
Tapyldy Göwhere özün deñejek,
Sen şa gyzyñ dyrnagyna-da degmeýäñ!?''.
''Haý, sen köpeý ogly, duruber häli!'',
Wezir ogly gaýdýar tüweleý ýaly.
Ýañy palçyk bolan çukur hanada,
Kim pukara, kim baý, hany, tana-da!
Läbige bulaşyp, söweşe giren,
Iki ýigit basýar biri-birini.
Bu uruş bir ýerden gulagna ilen,
Gelýär
wezir hem hatyny guşap bilini.
''Wah-wah balam, bu üst-başyñ nebela,
Nä günüñe düşüpsiñ şa gyzy diýip.
Bu ne synag, bu ne görgi, mübtela,
Otur öýde, ýag içip, ýüpek geýip!''.
''Ýör oglum, eneñi üzme sen beýle,
Gara işi garyp-gasarlar eder,
Bu panyñ ozaldan adaty şeýle,
Şa gyzy seniñdir, etmegin heder!''.
Duran-duran ýerde pilini taşlan,
Kyrk ýigidem alyp gidipdir wezir.
Ýigit zähmet çekýär, ýap gazyp başlap,
Oña bu topragam, söýgüsem eziz...
Soñ bir gün dañ bilen gala çekilen,
Hana gözi düşüp begenipdir Şa.
Belki, ykbal bize bagt eçiler,
Belki, bu ýap bize bollukdan nyşan?!''
Emma däli derýa akyp birbada,
Soñ ýene-de böwsüp gidýär bendini.
Bu ahwal Arslany atypdyr oda,
Hem gozgapdyr onuñ köne derdini.
Puç bolupdyr niçe günki azaby,
Özündenem, ömründenem iripdir.
Şeýdip gije uklanynda mazaly,
Oñ düýşüne Ýagşyzada giripdir.
''Oglum, ertir irden Gün dogan çagy,
''Ýa bismilla'' diý-de, ýapyş işiñe.
Gopar sen kalbyñdan bu derdi-dagy,
Ynan gaýratyña, gujur-güýjüñe!
Ýap gaz sen, dört sany goldan ybarat,
Çekiber, uzasyn Amula sary.
Däli derýa eýlär saña ybadat,
Akar dört hanadan mumýüplik ýaly!''.
Dañ saz beren bada başlaýar işe,
Arslan düýşde gören halyna garap.
Dört ýap duşmanlary salýar endişä,
Weziriñ oglunyñ haly has harap!
Der dökýär, zer dökýär, ýap çekýär ogul,
Galañ halky öwgüsini ýetirýär.
Ine, halal zähmet, ine, güýç - dogum,
Amula Jeýhunyñ suwun getirýär.
Bu gudrata göhi gelen Patyşa,
Beren wadasynda durýar wepaly.
Uly ile berip Şa toýdan nyşan,
Arslan hem Göwhere gyýýar nikany.
Çar ýandan suw gelip, ýetip dadyna,
Eýe bolýar şäher Çärjew adyna.
Jeýhunam soñ Amul derýa bolupdyr,
''Amyderýa'' ady şondan galypdyr!
Däli tolkunlaryn kenara urup,
Jeýhun ak köpügin saçýar her ýana.
Kenarda aşyklar ak çadyr gurup,
Yşk şygryny okaýarlar derýaýa...
Gülşirin HANOWA