Tymsallar
''Ak gaýmanyñ'' ak ýoly
Ir zamanda bir kerwenbaşy bolupdyr. Ol ýekeje ogluna söwda-satyk bilen birlikde ot-çöplere, şemalyñ öwsüşine, ýyldyzlaryñ, Aýyñ dogup-ýaşyşyna seredip, ýetmeli ýerine ýalñyşman barmagy öwredipdir. Şeýle-de, ony obada belli, eli çeper gyza öýeripdir. Gelin ýanýoldaşy bilen gaýyn atasy ugranda olara üýtgeşik nagyşly tahýa gaýap beripdir. Köpügören kerwenbaşy öñki geýen tahýalaryna meñzemeýän, hatar tutup barýan we gelýän kerwene meñzeş akgaýma nagşy görüp:
ㅡ Gyzym, sen biziñ depelerden, alañlardan aşyp barýan we gelýän şekilimizi gaýmalaýypsyñ öýdýän ㅡ diýipdir. Gelin ''hawa'' diýen manyda baş atypdyr. Şondan soñ il arasynda bu nagşy ''Akgaýma'', käbir ýerlerde bolsa ''Kerwen ýoly'' diýip atlandyrypdyrlar.
Gelin-gyzlarymyzyñ keşde edeninde hiñlenip aýdýan:
Akgaýmanyñ ak ýoly,
Içi arzuwdan dolyㅡ
diýen aýdyma hem şol wakalaryñ täsiri siñipdir.
Dört lybas
Ilkinji gezek söwda gidýän ýigit bir söwdegäriñ ýanyna täjirçilik üçin ak pata almaga barypdyr. Söwdegär oña şu dört lybasy egninden çykarman geýip gezse, işiniñ oñuna boljakdygyny aýdypdyr. Ol lybas hasabyña ㅡ işiñe jür bolmakdan, adamkärçilikden, rehimdarlykdan we çydamlylykdan ybarat eken.
Obasyna il gonan
Bir adam bir täjirden:
ㅡ Sen örän parahat, obaña il gonan ýaly. Uzak ýollara gitseñ-de arkaýyn ㅡ diýip, munuñ sebäbini sorapdyr. Täjir:
ㅡ Ogullarymy ilhalar, gyzlarymy bir öýüñ halal bikesi bolar ýaly terbiýeledim. Söwdada iliñ hakyny iýemok. Edip bilsem, ile diñe ýagşylyk edýän. Onsoñ, meniñ obama il gonman, kimiñkä gonsun?!ㅡ diýipdir.
Oguljemal Çaryýewa