Gymmatly sowgatlar - 2
IKINJI BAP: YBADAT WE TERKIDÜNÝÄLIK BARADA
— Allatagalanyň beren rysgaly bilen kanagatlanýan adam iliň malyndan elini çeker.
— Takdyra ynanýan adam az mala-da kanagat eder.
— Allatagalanyň takdyryna ynanýan adam her hili belalara sabyr eder.
— Kim dünýäsini bina etse, malyny boş ýere harçladygydyr we kim ahyretini bina etse, maksadyna gowuşdygydyr.
— Nebsini duşaklap bilýän adam aman bolar we dinine-de zeper ýetmez.
— Iliň malyna tamakinlik beýik adamlaryň mertebesini peselder, emma öz baýlygy bilen kanagatlanmak her kişini belent mertebelere ýetirer.
— Allatagaladan gorkup, ondan pena islän adamyny Allatagala gorap, ony her hili üstünliklere ýetirer.
ㅡÝoksulyň abraýy kanagatdadyr, barlyň abraýy bolsa sadakadadyr.
— Sabyr eden üstünlige, şükür eden nygmatlara ýeter.
— Seniň diniň dogrulygy ynanjyň güýjüne görädir.
— Gowy ahlaklylyk aňry başy akyllylygyň alamatydyr.
— Ömrüňden biraz pursady peýdaly zada sarp etmekligiň ömrüň bir bölegini bela-beterden halas etmegiňdir.
— Azam bolsa halal ryzkyňa razy bolmaklyk abraýlylyga getirer.
— Bir adamyň toba edeninden soň, günä işlerine gaýdyp gelmegi onuň perwerdigärine ýalan sözledigidir.
— Adamlar diliňden aman bolsalar, senem olardan aman bolarsyň.
— Adamlara peýdaň ýetse, saňada olaryň peýdalary ýeter.
— Kanagatly az mal zalymlyk bilen üýşürilen köp maldan has peýdalydyr. — Peýdaly kümüş dirhem zyýanly altyn dinardan ýagşydyr.
— Malyň iň peýdalysy ýerlikli harçlamakdyr we hünärleriň iň peýdalysy bolsa başgalara peýdasy ýetýänidir.
— Ylmyň iň gowusy adamlara peýda getirýänidir we nesihatyň iň gowusy bolsa ýaman işlerden saklaýanydyr.
— Öz nebsine buýrup bilmedik adama başga adamlaryň nesihaty peýda bermez.
— Ýaman işlerine buýsanýan adamyň geljegi puçdur. Dünúe bir düýş ýalydyr, oňa guwanmaklyk bolsa samsyklykdyr.
— Bagtly adam diýip, geçen güni bilen kanagatlanyp, özüni gorap bilýäne, bagtsyz diýip bolsa, özgeler üçin mal toplap, haýryny ilden gysganýana diýerler.
— Allatagala hiç ölmez we haýyr işlerem hiç gutarmaz. Senem isläniňi diý-de isläniňi et, her kim ekenini orar, eden işiniň hasabyny berer.
— Wepat bolan adam hem onuň maly dirä nesihatdyr we ybratdyr. Sen hem isleseň gysga ömrüňde uzyn arzuwlar ediber.
— Janyň saglygy we günüň gowy geçmekligi seni aldatmasyn, bu zatlar adama wagtlaýynça berilýän bir nygmatdyr. Emma ol dünýäňi salamat saklamak gaty kyndyr.
— Süýji-süýji arzuwlar edip, nebsine uýan adam dinini dünúe malyna satdygydyr we ondan hiç hili peýdaly işe garaşylmaz.
— Her bir adam ömrüniň soňuna we amal depderleriniň ýapylmagyna tarap barýandyr. Ömrüň soňlanmaka we amal depderleriň ýapylmaka ýagşy işleriňi köpeldip, ýaman işleriňden daşlaşjak bol.
— Iň gowy baýlygyň eliňden ýagşylyk gelmegidir we iň sogaply iş bolsa özgelere ýardam etmegiňdir.
— Seni dogrulyga alyp barmaýan ylym we peýdasyz mal ikisi hem başyňa beladyr.
— Ylmyň miwesi bileniňi amal etmeklikdir.
— Akylly adamyň iň gowy sypatlary ýerliksiz gürlemezligi we geljegi, ahyreti üçin pikir etmegidir.
— Alla töwekgellik edýän diýip öz ryskyny gazanman oturýan, geljekde erbet günlere sezewar bolar.
— Ýazgytda näme bolsa görerin diýip, elini gowşuryp oturan adam daşyndakylara erbet görelde bolar.
— Her bir işinde Allaha daýanan adama hiç kişiniň zeperi ýetmez we göripçiligi-de täsir etmez.
— Kim Allaha ynanýan bolsa, hajatyny ondan islär we oňa töwekgellik eder.
— Ýaradyjysyna ynanan adam, ony hiç bir zada deňemez, onuň rysk berijidigine akyly ýeten, rysk üçin hiç haçan gam iýmez.
— Allaha bil baglany Alla hor etmez we oňa töwekgellik edeniň hiç bir hajaty bitmän galmaz.
— Alladan gorkanyň başga zatdan gorkusy bolmaz. Ony dogry tanamaklyk aňrybaş danalykdyr.
— Öleniňden soň direlmäge we ol dünýäde hasap bermeklige hem sogaba, günä ynanýan adam nebsiniň islegine boýun bolmaz.
— Kim ýalançy dünýäniň nämedigini tanap, soňam ony islese, ol adam ýoldan azaşyp her bir üstünliklerden mahrum bolar.
— Dünýäge özini aldadan adam minnete gark bolar.
— Öz aýbyny görýän adam başgalaryň aýby bilen işi bolmaz, emma öz aýbyny özi bilmese, onda başga adamlaryň oňa nesihaty ýokmaz.
— Takwalyk eşigini çykaran adamyň bedenini hiç bir eşik örtmez.
— Kim dogruçyllygyň tarapdary bolsa, ol adam hiç kemsidilmez, emma oňa garşy bolsa welin, hiç bir işde üstünlik gazanmaz.
— Ýaş çaganyň ölümi bilen ybratlanmadyk kişä hiç kimiň nesihaty täsir etmez.
— Her günki görýän zatlaryndan ybrat almaýan adamyny käemek bilen düzedip bolmaz.
— Zalym soltany hoşnut edýän kişi özüniň perwerdigäriniň gazabyna duçar bolar.
— Barly adamyň öňünde kiçelmeklik takwalykdan daş düşmeklikdir.
— Takwalyk ýoluny taşlan adam hiç ýerden ýol tapmaz we uly sogaplary umyt edýän kişi bolsa hiç wagt enesini närazy etmez.
— Allatagalanyň güýjüne daýanan adamy hiç bir soltan peseldip bilmez we oňa töwekgellik eden adama bolsa hiç kimiň päsgelçiligi ýetmez.
— Allatagalanyň berenine razy bolup adamlaryň elindäki mallaryndan umydygär bolmaýan adam ýoksullyk (garyplyk) belasyndan aman bolar.
— Allatagalanyň beren nygmatlaryna razy bolan adam özgeleriň malyna göz dikmez.
— Tükenmez belalara sabyr etmeklik hakyky takwalykdyr.
— Öz hajatyny Allaha arz eden adamyň hajaty biter. Emma Alladan başga arz etse, onuň at-abraýy pese düşüp hajaty bitmän galar.
— Ahyretiň gowy bolmagyny isleýän adam dünýä diýip hars urmaz we sogap-günäni bilýän adam bolsa öz söen zadyny başgalara hem gysganmaz.
— Ölümi ýatlaýan adam rahatlygy unudar.
ㅡ Allaha daýanýan kişi adama mätäç bolman, öz rysgyny tapar.
— Adamlaryň gowusy öz nebsine garşy gidýänidir we mundan-da has gowusy terkidünýä kişidir.
— Adamlaryň ýagşysy nebsi üçin dinini bozmaýany we her bir şübheli işlere garamaýanydyr.
— Adamlaryň iň gowusy wyždan hassalygyny ýüreginden çykaryp, nebsine garşy gidip, perwerdigärine ybadat edýänidir.
— Dogry, hak işlere ýardamçy bolmaklyk päk dinliligiň we erbet, batyl işlere ýardamçy bolmaklyk bolsa hyýanatkärligiň alamatydyr.
— Hak işleri goldamaklyk abraýlylykdyr, ýaman işleri goldamaklyk bolsa kemakyllylykdyr.
— Öz aýbyny görüp, iliň aýbyny görmeýän kişi adamlaryň iň ýagşyragydyr.
— Adamlaryň iň ýagşysy özüniň aýyplaryny görüp, ondan saplanmakçy bolýanydyr.
— Din bir galadyr, oňa ynanmaklyk bolsa nurdur.
— Dogry adam diýip ybadatyny diňe Alla üçin edene, baý diýip bolsa kanagatly kişä diýilýär.
— Allatagala daýanmak we oňa tewekgellik etmek iň gowy amal we ýagşy arzuwdyr.
— Bagtyýar adam diýip azapdan gorkup, Allaha ynanana we sogap işleri endik edene diýerler.
— Dindarlyk iň uly güýç we aňrybaş nygmatdyr.
— Allatagalanyň adama beren iň gowy häsiýetlerinden biri her bir bela-betere sabyr edip bilmekdir.
— Tamakiniň takwasy bolmaz.
— Göriplik iň erbet keseldir we tamakinlik bolsa abraýsyzlykdyr.
— Az malyňa razy bolup, kanagat edip oturmak, köp malyňy isrip edip sowurmakdan gowudyr.
— Amallaryň ýagşysy şükür etmeklikdir we mallaryň ýagşysy sogap üçin harçlananydyr.
— Baýlygyňa guwanma! Ol bir geçip barýan kölege, ýolagçy myhmandyr.
— Iň ýagşy mal-mülk öz günüňi sogap işler bilen dolandyrmaklyga ýetýänidir.
— Jomart diýip minnetsiz, kemsitmän berýäne, güýçli diýip bolsa nebsine buýrup bilýäne aýdylýar.
— Peýdasyz ylym dermansyz hassalyk ýalydyr.
— Her bir adamyň öz isleg arzuwlary bardyr we ölüm hem ol adamyny isleýändir.
— Birnäçe adamlar gije-gündiz mal toplap şükür etmeýärler. Emma birnäçeleri bolsa peýdasyz ýere mallaryny ýele sowurýarlar. Dine dogry gelmedik her bir sylag-hormat masgaralykdyr we akyla dogry gelmeýän ylym bolsa ýoldan çykmaklykdyr. (azaşmakdyr)
— Nadandan gaçsaň, aman borsuň, alyma boýun bolsaň welin, işiň ýol alar.
— Sogap işler hem edilende Allatagala üçin edilmese, ryýa bolup, günäkärlige getirer.
— Allatagala boýun egen adamyň mertebesi beýgeler, emma Allatagalanyň diýenini etmezlik ol adamyň mertebesini peselder.
— Allaha boýun bolan han bolar, oňa günäkär bolan bolsa har bolar.
— Din adam üçin iň berk galadyr we perwerdigäriňe ybadat etmek bolsa iň gowy abraýdyr.
ㅡ Iň gowy ýol ýaradana boýun bolmaklyk we iň gowy gylyk-häsiýet bolsa takwalykdyr.
— Iň peýdaly ylym amal edilýän ylymdyr we iň gowy dymmaklyk bolsa, ýalan-ýaşryk peýdasyz sözlerden dymmaklykdyr.
— Aňrybaşy ylymlylyk oňa amal etmeklikdir we iň aňrybaş amal bolsa dowamlylykdyr. Kim ylmyna dowamly amal etse, üstünlik gazanar we işi rowaçlyk tapar.
— Ylmyň miwesi oňa amal etmeklik we amalyň miwesi bolsa sogap gazanmakdyr.
— Aňrybaşy gowy nygmatlar dört zatdadyr, dinine bekligi we gowy kär we tagamly nahar we süýji içgidedir.
— Ömrüniň azdygyna göz ýetiren adam arzuw-hyýallary az eder.
— Hakykatyň öňünde adamlaryň sussy basylar, din bilen oýun eden bolsa biabraý bolar.
— Terkidünýälik ynanjyň dogrulygy bilendir, ynanjyň dogrulygy diniňi dogry tutmaklyk bilen bolýandyr. Kimiň ynanjy gowy bolsa, maly köp bolsa-da terkidünýäligi islär we kim dinini gowy, dogry tutsa, sogap-günä ynanar.
— Howaýy nebsi üçin perwerdigäriniň öňünde günäkär bolmak we dünúe maly üçin adamlaryň öňünde kiçelmek jahyllygyň we nadanlygyň alamatydyr. Sebäbi nebsiň seni dogry ýoldan azaşdyrmagyň, dünúe maly bolsa ýok bolup gitmekligiň ugrundadyr.
— Dünýe üç gündür: bir-ä geçendir, indi gaýdyp gelmez, biri şu günki günüňdir, entäk dowam edýär, biri bolsa geljek günüňdir. Ol günde nämeleriň boljagyny bilmersiň. Geçen günleriňden şu günüň üçin ybrat al we şu günüňde-de geljegiň azygyny tut.
— Bu günki işiňi ertire goýma, ertiriňem ertiri bardyr, adam ogly diliniň hem eliniň eden jenaýatlary üçin soraga çekilýändir. — Iň gowy kär halallyk bilen seniň ýaşaýşyňy gowulaýanydyr, iň erbedi bolsa seniň geljek günüňi bozýanydyr.
— Nebsiňden güýçli bolanyň garşysyna hiç bir güýç çykyp bilmez we haý-höwesiňe buýrup bilmeklik bolsa edepliligiň aňry başydyr.
— Berlen sowgat üçin köp begenýän adamyň başyna kyn gün düşende gynanjy hem köp bolar.
— Dindar adamyň üstünlikleri ony hormata ýetirer, emma hak işe garşy çykanyň gahary ol kişini ejizleder.
— Janyň sag we ýaş bolsaň-da, wesýetiňi ýazyp goýmagy unutma. Sebäbi öňüňde nämeleriň bolup geçjegini bilip bolmaz.
— Hikmetiňi artdyrýan pikirlerden, peýdaly, abraýly sözlerden özüňi mahrum etme.
— Kimde kim maly-mülki bilen dinine hyzmat etse, ony soltanlar hem hormatlar, kimde kim dinini mal toplamak üçin ulansa, onuň malyndan her kişi tamakin bolar. Dogry ýoly saýlap alan maksadyna ýeter, nebsine uýan kişi azaşar, nesihaty kabul etmeýän bolsa özüni gümralyga atar.
— Iň süýji zat saglykdyr, köp gürlemeýän adam köp belalardan aman galar, nesihaty kabul edýän kişiniň işi rowaç bolar.
— Dinde iň gowy görülýän zat başgalara peýdasy ýetýän işdir, iň berk gala ýaradana ybadat etmeklikdir, iň gowy zat bolsa halk köpçülik bilen bile bolmaklykdyr.
ㅡ Ýaradana ybadat etmeklik bir galkandyr, kanagat bolsa hazynadyr, dymmaklyk we kän gürlemezlik üstünlikdir, Allaha daýanmaklyk musulmanyň baýlygydyr we Allatagaladan rehmet, umyt etmeklik onyň goraýjy galasydyr, her işiňi Allaha tabşyrmaklyk başga adamlara mätäç bolmasyzlykdyr we adamlar bilen gowy gatnaşykda bolmaklyk bolsa ýaşaýşyňda üstünlik gazanmaklykdyr.
— Dünýä salym ýalydyr, ony dost tutana wepa bermez we pitneden hem kynçylykdan azat bolmarsyň. Beýle bolsa sen dünýäden ýüz öwür, dünúe senden ýüzüni öwürmezden öň, ýogsam ol dünúe gelip-gidip durandyr, biderek zähmet çekip ýadanyň galar.
— Kanagat baýlykdyr we adamlardan bir zatlar umydygär bolmazlyk takwalykdyr, harsydünýälik bolsa garyplygyň başydyr.
— Şer işleriň başy baýlardan tamakin bolmaklykdyr. Dünýäniň üstüne bardygyňça, ol senden bizar bolup gaçar we onuň peýdasy azdyr hem kösenji köpdür, lezzeti bolsa çäklendirilendir.
— Boş wagtyňy ýele sowurman, güýç-kuwwatyň gidip gijä galmakaň, şu günüňde ertiriň gamyny iý.
— Her bir adam dünúe malyndan ybadatyna ýardam berjek mukdaryny gazanmagy hökmanydyr, emma ondan artygynyň peýdasy bolşy ýaly, zyýany hem bardyr.
— Bu dünýe her hili bela-beterlerden doludyr, oňa ynanyp bolmaz we oňa bil baglamaklyk bolsa azaşmaklykdyr.
— Eger Allatagala bir adama haýyr etmek islese, ony tagat-ybadata gönükdirer we kanagat berer hemem dinini öwredip, imanyny bekelder, şonuň ýaly hem kanagat bilen rehim-şepagaty onuň ýüregine salar. Eger Allatagala bir adama şer etmek islese, onda oňa dünýe malyny söýdürer we köp hyýallara mündürip, dünýe bilen gümra eder hem nebsiniň yzyna düşüp, pyssy-pujurlyklar we zulum bilen meşgullanar ýaly eder.
— Adamlara diliň we eliň bilen azar bermekden, hemem goh-galmagaldan daş dur, gerek bomadyk zadyň yzyndan ylgama. Eger şu diýlenleri etseň, onda sen öz döwrüň iň akylly danalaryndan bolarsyň.
— Malyňy boş ýerlere sarp edip, ömrüňi boş geçirseň, dünýäden hiç bir sogapsyz geçip gidersiň. Şeýle bolan ýagdaýynda ahyretiň gowy bolmagyna garaşma.
— Eger akylly gürlemäni oňarsaň, oňa amal etmänem oňar. Şeýle bolanda sende çeperçilik we amalyň miwesi ýüze çykar hem öz etmeýän zatlaryňdan illere et diýip buýurma, ýogsam, özüň ýüzügara bolarsyň.
— Adamlaryň gulagyna hoş ýakjak we aňry başy peýdaly bolan wagyz-nesihat olara aýdan zadyňy özüň edip görkezmekligiňdir.
— Erbet işler bilen meşgullanýan adamlara gowy işleriň bilen, gözel ahlakly adamlara bolsa gowy endikleriň bilen görelde bol.
— Dünýäni söýmeklik işleriň başydyr we takwalyk bolsa haýyr işleriň başydyr. Dünýäni söýmeklik tamakinlige, takwalyk bolsa kanagatlylyga getirer. Her bir şeriň asly tamakinlikdir we her bir haýryňam asly takwalykdyr.
— Pitneleriň başy howaýy nebisdir we dünúe bolsa her hili kynçylyklaryň ýeridir, dünýäni ýüregiňden çykarsaň we ahyretiň üçin amal etseň, sogap gazanarsyň, seniň nebsiň her hili şady-horramlyk we dünúe maly bilen seni aldamasyn, şady-horramlygyň
we dünýe baýlygynyňam soňy bardyr, ýöne seniň diňe eden haram işleriňe, günäleriňe jogap bermeklik galar.
— Günä işler gara bulutdan hem has garadyr we düýşündäki arzuw edýän zatlary bolsa awy bilen garylan bal ýalydyr we her bir şatlygam bir gamgynlyk bilen baglydyr. Şonuň üçin bu işleriň daş görnüşiniň gözelligi we owadanlygy seni aldamasyn.
— Haýyn adamlar bir zat berseler, soň onuň yzyna gaýtarylmagyny islärler we bir gün ýyrtyjy haýwan ýaly we başga gün bolsa dost bolup görnerler we elmydama adamlardan tamakin bolarlar, beýle zatlardan (sypatlardan) akylly adamlar gaçarlar we nadan adamlar bolsa ony islärler.
— Ýalançy dünýäniň mekir-hileleri seni aldamasyn we saňa wagtlaýynça amanat berlen dünýe maly seni azdyryp, öz penjesine düşürip, seni heläk edäýmesin. Onuň lezzeti az wagtlykdyr we hasraty bolsa uzyndyr, men-menligiňi artdyryp, masgara eder we ömrüňi peýdasyz zatlara sarp etdirer.
— Dünýe bir tordur, oňa düşeni goýbermez, ýüregiňi dünýä meýil etdirip, oňa berme. Ol bir ýalançy, mekir jadygöý ýaly basym seniň erkiňi eliňden alar we dünýäni söýüp elde eden her bir zadyň yzynda kynçylyk bolup, onuň süýjüsi we peýdasy, ajysy we zyýany bilen utgaşyp gidýändir. Eger abraý isleseň, ony tagat-ybadatdan isle we eger baýlyk isleseň, ony kanagatdan isle, Allatagala boýun bolan kişi hormatlanyp, üstünliklere eýe bolar we kanagatly kişiniň bolsa garyplygy gider, zada mätäç bolmaz.
— Dünýe maly senden ýüzüni tiz-tizden öwrüp duran belli ýalançydyr, dünýäniň bir durşy bolman, elden-ele geçip durandyr, isleseňem gelmez, gaýtam senden gaçar, şonuň üçin ony islän adam abraýdan gaçar.
— Dünýäni söýmeklik özüňi heläk etmeklikdir, ol özüne boýun bolany nebsine uýduryp, azaşdyryp ýoldan çykarýandyr.
(dowamy bar)