Ebu Mansur Abdul Mälik Essagalebi

Gymmatly sowgatlar  

MÄHRIBAN WE REHIMDAR ALLANYŇ ADY BILEN!

Her işde ýardam we medet Allatagaladan geler. Beýik we ähli zada güýji ýetýän, görýän, eşidýän we ýokdan bar eden, gije-gündizi belli bir kada salan Allatagala şükür we sena bolsun. Allatagalanyň bize beren sansyz ajaýyp nygmatlary üçin oňa üznüksiz şükür edýäris. Onuň ýeke-täk Hudaýdygyna, ondan başga Hudaýyň ýokdugyna şaýatlyk edýäris. Şeýle hem Hezreti Muhammediň Allanyň saýlan guludygyna, hak pygamberdigine, onuň ýaradylanlaryň iň haýyrlysydygyna şaýatlyk edýäris. Allatagala pygamberini daşdan ýasan butlaryna ybadat edýän, azaşan kowumlary şirikden päklemek we ýalan töhmetden üstün çykmak we özüniň haklygyny beýan etmek üçin hezreti Muhammede pygamberlik derejesini berip, ýer ýüzündäki bütin milletlere dogry ýoly görkezmek üçin iberipdir. Allatagala ýer ýüzündäki bütin adamlaryň we olaryň ybadat edýän her bir zatlarynyň ýeke-täk ýaradyjysydyr. Beýik Allanyň ýerdäki wekili tä ömrüniň ahyryna çenli deliller bilen hak ýoluny we ondan gelen habarlary beýan edipdir. Şeýle hem dini nesihatlary berip, Allanyň dinini ýaýypdyr. Pygamberimize we onuň maşgalasyna, sahabalaryna şeýle hem adamlara hak ýoluny salgy berýän gijäniň nurly ýyldyzlary ýaly alymlara Allatagalanyň salamy bolsun! Mundan soňra: Dilleriň iň gözel we sada şekilde beýan edýäni, kitaplaryň iň haýyrlysy, iň täsirlisi, seniň dünýägaraýşyňy giňeldýän we kalbyňa teselli berip, päk niýetli adamlary haýyr işlere gönükdirýäni edep-paýhas sözleridir.

BAP  Edep iki görnüşlidir (dürlüdir): şerigat edepleri hemem syýasat edepleri. Emma şerigat edepleri diýip parzlaryňy ýerine ýetirmeklige aýdylýar we syýasat edepleri diýip adamzadyň biri-birine ýardam etmegine we daýanyşmagyna aýdylýar. Bularyň ikisem soltanyň adyllygyna we ýurduň parahatçylygyna hemem adamlaryň päk niýetliligine daýanýar. Sebäbi diýeniňde, kim parzlaryny terk etse, öz janyna zulm eder we kimde-kim adamlaryň arasyndaky edebi bozsa, onda ol bütin adamzada zyýan ýetirer. Eflatunyň aýtmagyna görä: «Her bir iş adalatlylyk bilen amala aşar we olaryň ýok bolup gitmegi bolsa zulum sebäplidir. Sebäbi dowamlylyk adalatlylyk bilendir».  We ýene-de Eflatun şeýle diýdi: «Zulumdan daş duruň. Ol her bir bela-beteriň açary hem sebäpkäridir».  Lukman hekimiň aýtmagyna görä: «Adamlar bilen gowy gatnaşykda bolmak adalatlylykdyr we şonuň ýaly hem adalatlylyk gowy ahlaklylykdyr we zulum bolsa her bir erbetliligiň başydyr». Isgender  şeýle diýipdir: «Adyl adam hiç kimden gorkmaly däldir». Käbir alymlaryň aýtmagyna görä: «Adyl adamlar Allatagalanyň buýruklaryny onuň razyçylygy üçin ýerine ýetirseler, olara Alladan gorky ýokdur». Grek emirlerinden bir topary üýşüp: «Näme üçin adamlar Isgendere basym boýun boldular» diýip soranlarynda, olaryň käbiri: «Isgenderiň  adyllygy we gowy ahlaklylygy üçin» diýip jogap beripdir. Derjanis Isgendere ýüzlenip: «Eý, patyşahym, ortaça adalatly bol, ýogsam her bir işinde gaty gitmeklik-aýyp we kemterligem-ejizlikdir» diýip nesihat beripdir. Iki sany adam Isgendere: «Sen biziň aramyzdaky dawany çözüp ber» diýipdirler, şonda Isgender  olara: «Meniň jogabym siziň biriňize ýarar, beýlekiňize-de ýaramaz, gowusy siz özüňize, ikiňizem razy bolar ýaly adalatly kazy ediniň» diýip maslahat beripdir. Isgender käbir Hindi hökümdarlaryndan: «Siziň patyşalaryňyz näme üçin az söweş edýär» diýip soranda, olar: «Biziň her birimiz öz borjumyzy ýerine ýetirýänligimiz we patyşamyzyň halkyna gowy seredýänligi hem gowy ahlaklylygy üçin» diýip jogap beripdirler, ýene-de Isgender  olardan: «Adalatlylyk gowumy ýa-da batyrlyk» diýip soranda, olar «Eger adalatlylyk bar bolsa batyrlyk hökman däldir» diýipdirler. Büzürgmähriň aýtmagyna görä: «Allatagalanyň adamlaryň arasynda goýan terezisi adalatlylykdyr we onuň bilen bendeleriniň käbir erbet meýillerini we ýalňyşlyklaryny düzedip durýandyr». Bir gün Anuşirwandan: «Hiç kimseden gorkmaýan adam kim» diýip soranlarynda Anyşirwan olara: «Hiç kimsäni gorkuzmaýan we höküminde adyl bolup, zulum etmän, hak işlere ýardam berýänler hiç kimseden gorkmazlar. Belkem, olara halklar ýardam berer we her bir ýagşylyklara we öwgülere mynasyp bolup, dünýä oňa gujagyny açar we erkana durmuşda ýaşap, goşun güýjüne mätäç bolman, ýürekleriň soltany bolar. Onuň ýaly adyllara boýun bolmaklyk bolsa olaryň her birine zerurdyr. Şeýle bolanda her bir raýat ol döwletiň hemaýatçysy bolar» diýip, Anuşirwan jogap beripdir we ýene-de: «Adyllyk her bir adamyň gowy görýän ýagşy gylyk-häsiýetlerini özünde jemläp, şu güni we geljegi üçin halal zähmet çekmegidir» diýipdir. Şonuň ýaly hem: «Ýagşy işleri niýet etmek ýagşylyk getirer. Emma ýaman işleri niýet etmek bolsa adamy her hili erbetliklere, ýazgarylmaklyga we günäsiniň köpelmegine, onuň adynyň erbetlikde ýatlanylmagyna getirer» diýipdir. Eflatun şeýle diýipdir: «Kim öňi bilen özüniň edep-ekramyny düzetse, başga adamlary hem nähili düzetmelidigini biler». «Ahyretiňiz gowy bolar ýaly özüňizi düzediň». Akyldar Isgender şeýle diýipdir: «Adamlaryň saňa hormat etmekleri üçin ilki özüňi düzet. Iň gowy hem täsirli öwüt-nesihat şol işi ilki bilen özüň edip görkezmekligiňdir». Sakratyň aýtmagyna görä: «Kimde kim diňe öz edenini dogry bilip, özgeleriň oý-pikirine gulak salmasa, onda ol adam halkyň gahar-gazabyna duçar bolar».  Ahnef ibn Kaýs şeýle diýýär: «Öz janyna zulum edýän adam özgelere has hem zalym bolar we muny dowam etmeklik bolsa, dinden daş düşmeklige getirer». Ibni Mukaffag şeýle diýýär: «Edebiň  ýagşysy seniň her bir eden işiňde netijeli, gowy yzlar galdyrýanyňdyr». Attabi şeýle diýýär: «Kim öz janyny ýerliksiz gynaýan bolsa, onuň özgäniň janyny hem heläkçilige ugratmaklygy daş däldir. Para alýan näkesleri kowmaklyk, adyl kazynyň hökümine boýun bolmaklyk, golastyňdakylara rehmet gözi bilen garamaklyk adalatlylygyň alamatlarydyr». Anuşirwanyň aýtmagyna görä: «Patyşanyň weziri ulumsy, maslahatçysy päliýaman bolsa, onda ol patyşanyň adalatam bolmaz, il bähbitli işlerem». Ezdeşird şeýle diýipdir: «Patyşalar öz wezirlerini, dostlaryny we alym kätiplerini, hemem goraýjylaryny synap görmegi hökmanydyr. Ol wezirler patyşanyň döwletiniň dowamlylygynyň, dostlary patyşanyň aklynyň, alym kätipleri onuň syrlarynyň, goraýjylary bolsa patyşanyň syýasatynyň mysallarydyrlar».  Ezdeşir ýene-de şeýle diýipdir: «Patyşalar bir zat hakynda habar soran wagtynda ýalan habarlary berýän we özüne ynanylan işlerinde gowy nesihatlar bermeýän adamlardan erbet, zyýanly adamlar ýokdur».  Ibrewiniň aýtmagyna görä: «Kimiň dostlary päliýaman bolsa, ol adam ýalan işlerden we betgumanlardan, güýçli, zalym duşmanlardan halas bolmaz». Büzürgmähr şeýle diýipdir: “Patyşalaryň öz ruhy baýlyklaryny beýgeldip biljek wezirleri saýlamaklyklary hökmanydyr».  Bir gün Büzürgmährden Sasan ogullarynyň şalygy nädip dargady, ýogsam, olaryň içinde seniň ýaly danalaram bardy diýip soranlarynda, ol «Sasanlylar öz edýän uly işlerini nadanlara ynandylar. Şol sebäplem olaryň işleriniň soňy puç boldy» diýip jogap beripdir. Ahnef şeýle diýipdir: «Şer işleriňde ýardam edýänleriň saňa zulum etdigidir, haýyr işleriňden alyp galmaklygy bolsa, seni ýagşylykdan mahrum etdigidir». Emirleriň öz deň-duşlaryny bagyşlamagy we özüne ynanylan borçlary ýerine ýetirmegi, il halkyň mal-mülküne göz gyzdyrmazlygy, hemem il-gün bilen sahawatly aragatnaşykda bolmagy olaryň ilata peýdaly nesihatlar etdigidir. Anuşirwan şeýle diýipdir: «Bir kişi seniň şeriňden gorksa, onda ol adam seniň işleriň rowaçsyzlygyna sebäp bolar. Ýene-de ýagşylyk edeniňizden ýagşylyk, siziň şeriňizden aman bolanyň hem şerinden halas bolmaklyga umyt etmäň». Ibni As şeýle diýipdir: «Şeriňden gorkmaýan, haýryňy islemez». Ýene-de ibni As şeýle diýipdir: «Hojasyna hyýanat etmeklik onuň malyny ogurlamaklykdyr ony käýitmeklik bolsa başyňa belany satyn almaklykdyr». Biz eserde gysga sözleri we köp manyly nakyllary gysgaça bölümlere bölüp ýazdyk. Her bölümi hem öz içine alýan mowzugyna görä atlandyrdyk. Biziň şu kitapdan maksadymyz okyjylaryň bu dürdäne sözleri gysga wagtda ýat tutup, durmuşlarynyň özgermegine ýardam etmegini göz öňünde tutmagymyzdyr. Biziň bu kitabymyz sekiz bapdan ybarat bolup, ol müň sany nakyly we dana pähimleri öz içine alýar. Birinji bap: Ylym we akylyň peýdalary barada. Ikinji bap: Ybadat we terkidünýälik barada. Üçünji bap: Adamlar bilen gepleşmegiň edepleri barada. Dördünji bap: Il içinde özüňi alyp barmaklygyň edepleri barada. Bäşinji bap: Ýagşy gylyk-häsiýetler barada. Altynjy bap: Gowy durmuşda ýaşamagyň syrlary barada. Ýedinji bap: Adamlar bilen gowy gatnaşykda bolmaklyk barada. Sekizinji bap: Dilewarlygyň peýdalary barada. Biz her bir ýazan kitaplarymyzda beýik Allatagaladan ýardam isleýäris we oňa daýanýarys.


BIRINJI BAP: YLYM WE AKYLYŇ PEÝDALARY BARADA
— Ylym iň gowy sungat we akyl iň owadan zynatdyr.
— Ylym iň gowy mirasdyr, oňa amal etmek bolsa aňrybaşy abraýlylykdyr.
— Ylym ýaly ýoldaş, geçirimlilik ýaly hem parasat bolmaz.
— Nadanlyk bir ýaramaz ulag ýalydyr, oňa münen ýykylar, yzyna düşenem azaşar.
— Nadanlygyň iň aňry başy özüňe nadanlary dost tutunmaklykdyr.
— Iň ýaman iş nadan adamlar bilen peýdasyz ýere çemeleşmekdir.
— Ylmyň iň peýdalysy oňa amal etmeklik bilendir.
— Akylyň aňry başy ony ýerlikli ulanyp bilmeklikdir.
— Gowy amal erbet nesebi örter.
— Ylym bilmeýän aman bolmaz.
— Sylag-hormat ylym we edep  bilendir, näkeslik-nadanlyk we pylankeslik bilen däldir.
— Nadanyň ýerliksiz sarp edýän baýlygy akyllylar üçin göreldedir.
— Hötjet dana nadan ýardamçydan gowudyr.
— Özüňe edilen sylag-hormaty unutmak aňrybaş nadanlykdyr.
— Özüne göwni ýetip, tekepbirlik edip  gürleýän adamyň hereketi onuň asyl häsiýetini beýan eder.
— Akyllylygyň miwesi her bir adamyň gowusyny tanamak we olary özüňe dost tutunmaklykdyr.
— Kim edebini ýitirse, ata-babasynyň abraýyny ýitirdigidir.
— Boş ýere köp samramak akylsyzlygyň alamatydyr.
— Iň gowy sowgat akyl we iň erbet bela bolsa nadanlykdyr.
— Kim alymy dost tutunsa hormatlanar, kimde-kim nadanlary dost tutunsa kemsidiler.
— Akyly azyň aýby kän.
— Ýaşlykda ylym, tälim almadygyň geljekde üstünligi bolmaz.
— Ylym bilen ýalňyz galany ýekelik gorkuzmaz.
— Kitap okamakdan jany aram tapýan adam halwatyň lezzetinden hem paýyny alýandyr.
— Gurhan okamaklygy özine kär edinen adamyň doganyndan we dostlaryndan aýrylmagy oňa ýalňyzlyk çekdirmez.
— Ylmyň esasy ony talap etmeklik, miwesi bolsa oňa amal etmeklikdir.
— Terkidünýäligiň esasy Allatagaladan gorkmaklykdyr, miwesi bolsa bagtlylykdyr.
— Ar-namyslylygyň esasy ilki öz nebsiňi saklamakdyr, miwesi bolsa hormatdyr.
— Syýasatçylar üçin akyl, göwni çökgünler üçin bolsa takwalyk iň uly güýçdür.
— Hakykat ýaly uly güýç, dogruçyllyk ýaly hem ýardamçy ýokdur.
— Allatagalanyň bendelerine berýän iň uly sowgady ylym, akyl we adyl hökümdarlykdyr.
— Adamlara nadanlykdan erbet duşman, akyldan gymmatly mätäçlik ýokdur.
— Akylly adam işleri, nadan adam arzuwlary bilen ýaşar.
— Akmak mal islär, akylly kämillik. 
— Akylly kalby bilen, nadan gözi bilen görýändir.
— Ylym soňsuz hazynadyr, akyl hiç könelmeýän täze geýim ýalydyr.
— Her bir ýagşy iş ony islemeklik bilen bolýandyr, edep bilenem artýandyr.
— Alym adam diýip her bir günä işleri terk edýäne, ýazgarylýan işlerdenem gaçýana diýilýändir.
— Akyllylygyň aňrybaşy eden işiňi pespällik bilen kemsiz ýerine ýetirmeklikdir.
— Ylym gijesini gündiz edip, nebsini öldürmedik adama nesip etmez.
— Ylyma we ylym ähllerine perwaýsyz garamak, nadanlygyň alamatydyr.
— Ýaşlykda özüni ýetişdirmedik kişiniň geljegi rowaçsyzlykdyr.
— Nadanlyk ençeme ýagşy adamy biabraý eder, akyl niçeme har adamy belende göterer.
— Ylymsyz edilen iş netijesiz, amalsyz ylym hem başa beladyr.
— Edep baýlykdyr, ony ýerlikli ulanmaklyk bolsa adama bezegdir.
— Akylly duşman nadan dostdan haýyrlydyr.
— Bahylyň minnetli nanyndan jomardyň eçilmäni ýagşydyr.
— Akyl bilen her işiň başa barar, mylaýymlylyk bilen bolsa her duşmançylyk soňa ýeter.
— Ylym ökünçsiz abraýdyr, edep bolsa howpsuz maldyr.
— Iň erbet ýoldaş nadanlyk, iň erbet häsiýet bolsa boýun egip kemsidilmekdir.
— Akylly adam diýip akyly, pikiri, eden işi, gürlän sözi ýerlikli adama diýilýär, nadan diýip bolsa ýerliksiz gürläp, haýyrsyz işler bilen meşgullanýanlara diýilýär. Eger dünúe maly nadana gujak açyp, akyllydan bolsa gaçyp dursa hem, hergiz nadanlygy isläp, akyldan ýüz öwüräýmeginiň.
— Nadana mal gelişmez, emma akyllylara bolsa ol döwletlilikdir.
— Akylly adamyň zorluk çekmän gazanmagy, nadanyň minnetli toplanan hazynasyndan ýagşydyr.
— Nadanyň maly göçegçi ýaly elmydama ýok bolup gitmek bilendir, emma akyllynyň maly bolsa onuň süýtdeş dogany ýaly ondan aýrylmak islemez.
— Adamyň pikirlenmän sözlän sözi we hormatlanman ýeten wezipesi üçin  begenmekligi dogry däldir, sebäbi diýseň nadanlyk ol kişiniň mertebesini peseldip, aýbyny äşgär edip, il içinde gadyr-gymmaty gaçyp, günäkär hala düşmegine doly sebäp bolup bilýändir.

(dowamy bar)

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir