Her bir maşgalada özboluşly mesele ýüze çykyp bilýär. Maşgala gatnaşyklarynda emele gelýän düşünişmezlikler we ýetmezçilikler öýdäki çagalara zyýan ýetirilmezden çözülmelidir. Çaga ene-atanyň arasyndaky dawa-jenjeliň sebäbini bilmeýänligi üçin, çagalyk dünýäsinde bu gykylygy özüçe çişirýär. Mysal üçin, ejesi balagyny ölleýän çagasyna gygyrýar, her gezek şol ýagdaý gaýtalananda ýene gygyrýar. Kakasy hem ejesine: «Sesiň näme? Bes et! Çagadyr-da, gygyrma!» diýip, gykylyk bilen çaganyň arkasyny alýar. Çaga bu gykylykdan hem ikuçsuz täsirlenýär. Şeýle halatda çaga: «Ýene-de men sebäpli gygyryşýarlar» diýip pikir edip bilýär.

Okyjyda «Maşgalada bolup bilýän şunuň ýaly ýagdaýlary çaga hiç hili görmeli dälmi?» diýen sorag ýüze çykyp biler. Görmeg-ä beýlede dursun, aslynda çaga ýaşyna görä öýüň içinde emele gelýän meseleleriň çözüliş prosesine gatnaşmaly. Öz maşgalasynda näme etseň bolýandygyny, näme etseň bolmaýandygyny ol ene-atasyndan görüp öwrenmeli. Onuň ýanynda maşgala bilen bagly orta atylan her bir mesele ertire goýulman çözülmeli. Öňi bilen, maşgaladaky näsazlyklary çaganyň ýanynda goh-galmagal bilen çözmekden gaça durmaly. Galyberse-de, käbir düşünişmezlikleri her ýadyňa düşende orta atyp durmaly däl-de, bolmanda çaganyň ýok ýerinde ara alyp maslahatlaşmaly. Eger-de öýdäki meseleler sebäpli gykylyklar zol gaýtalanyp durýan bolsa, çaga ol öýde mähirden ganyp bilmez, tersine «indi haçan gykylyk bolarka» diýen gorky bilen ýaşar.

Pedagogiki çeşmeler esasynda taýýarlan Kätip Myradow

Tehnologiýa, 12 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir