Zyňylan çäýnek
Daýym bardy, gargy tüýdük çalardy, çagalary sünnet ederdi. Hakykatda ejemiň erkek dogany bolmandyr. Tüýdükçi daýymam babamyň doganlarynyň biriniň ogly bolmaly. Ýöne biz o döwürler çaga süýtdeş daýymy, doganoglan daýymy tapawudyny bilemizok. Aslynda onuň tapawudam, belki, ýok bolsa ýokdur. Kakam üçinem tapawudy bolandyr öýdemok. Daýym bilen baglanyşykly gürrüň berjek wakam biz barkak bolup geçipmi ýa-da ondanam öňmi onam anyk bilemok. Daýym o wagtlar goňşy obada däl-de biziň obamyzda ýaşaýan eken. Kakam kolhoz başlygy, daýymam elinde ýüpekçilik brigadiri eken. Bir gün kakam şäherden ýadaw, bitirip bilmedik işine lapykeç öýe gelýär. O wagtlar biziň öýmüz bilen kolhozyň kontorasynyň arasynda tapawut ýok diýen ýalydy. Adamlar kakamy kontordan tapmasa öýe, öýden tapmasalar kontora barardylar. Kakam ýaňy öňüne çaý alan eken, daýymam gelýär-de «Gurçuklara tut ýaprak tapyp bilmedik, şäherde barmadyk howlymyz galmady» diýýär. Kakamam gaharyny kimden çykarjagyny bilmän oturandyr-da «Indi ýapragyňyzam men tapyp bermelimi?» diýýär-de, öňündäki çaýly çäýnegi salýar daýyma tarap. Daýym sesini çykarman çykyp gidipdir. Şol günem goş-kötelini alyp goňşy oba göçüpdir. Kakam ony göçürmejek bolup kän ýalbarypdyr, «Bagyşla gaharyma etdim» diýipdir. Goňşy obada agalarynyň arasyna göçüp barandan soň hem yzyna getirjek bolup kän gatnapdyr, emma daýym etmändir. Öýkesi ýazylyp, kakamy bagyşlasa-da yzyna dolanyp gelmändir.

Häzir daýymam dünýede ýok, kakamam.

Daýym düşekde ýaraman ýatyrka ejem bilen ýanyna barypdyk. Şonda ejem, daýyma «Ýegenleriňe tüýdük çalyp ber, ýogsa bular meni goýanok» diýipdi. Hakykatdan hem jigim ikimiz daýymyň tüýdük çalanyny eşitmändik. Megerem, ejemizi gününe goýmanymyz çyndyr. Daýym bizi gowy görerdi. Hassa ýatanam bolsa göwnümizi ýykmady, ýanjagazynda oturdyp tüýdügini çykardy. Şol günki tüýdügi gargy gamyş tüýdük däldi, häzir gözöňüme getirýän welin, ol naý bolmaly. Aýdyşlaryna görä, daýym Baky Maşak dagy bilen tüýdük çalar eken. Soň anyk bilemok welin, awtomobil heläkçiliginde dişleri döwülýärmi, ýa-da öýkeni keselleýärmi, tüýdük çalmasyny goýýar. Şol gezek welin, daýym şeýle bir zarynladyp tüýdük çaldy, hiç gulagymdan gidenok. Belki, saz diýilýäniň nämediginem men şol gün duýandyryn.

Ynha, indi çäýnekli wakany ýatlap oturşyma kakamy günäkärläp bilemok. Kakamyň gaharjaňlygyna-da şonuň ýaly hem ýüreginiň dözümsizligine-de men belet. Eger şeýle bolmadyk bolsa, daýym ony bagyşlamazdam. Daýyma-da kesir diýesim gelenok. Megerem, ol çäýnegi kakam däl-de keseki zyňan bolsa, göwnüme «Şonuň bilen deň bolmaýyn» diýip yzyna, oba dolanyp gelse-de gelerdi. Gaty-gaýrym sözi ýakynyňdan eşitmek has agyr degendir. Onuň ýene birden gaýtalanmazlygyny isländir. Gatnaşygy ýiterinden howatyr edendir. Emma mesele başga ýerde. Kakamyň daýymyza gaýnag suwly çäýnegi zyňyp ýöreden kolhozam-a ýitip gitdi. Göwne degişenine bir degdimikä? Her kimem degen däldir diýer. Bilýän kakamam bu edenine köp ökünendir. Ýöne olary dirildip getirip bolýan bolsa, şol waka-da gaýtalansa, kakam ýene-de çäýnegine ýapyşaýjak ýaly bolup dur. Sebäbi? Sebäbi olar iş adamlarydy. Olar iş bitirmeli, halka çörek bermeli, zähmet gün paýlamaly, iliň gözüne müýnsiz bakmaly diýen düşünje bilen ýaşapdyrlar. Kakam hiç wagt: «Daýy jan, gel, geç çaý içeli, gurçugam gyrylasy ýok. Gyrylaýsa-da gurçuk gyrylsyn, seň göwnüň gyrylmasyn» diýmez. Bolmalysy hem şeýle. Bolmalysy şeýle bolsa, onda näme üçin olary seýrek duşýan zat ýaly geň galyp, unudyp bilmän ýatlaýarkam?

Edebiýat, 12 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir