Döküber gelin...

Rowaýata meňzeş bolansoň anyk aýtmaly bolýan – bu bolan waka. Waka diýsem geňirägem eşdilýär. Gepiň gysgasy, köçäň bir tarapynda iki sany ýaş gelin, garşysynda-da bili bükülen garryja ene ýaşaýar. Başga-da ýaşaýanlar bar welin, olar bolan ýagdaýa degişli bolmansoň, sanap oturmagyň manysy ýok. Ondan gowsy hapa dökülýän bedreler, gaplar hakda aýdaýyn. Hawa, garry ene howlyň hapasyny bir gaba salyp köçäň gyrasyna çykaryp goýýar, gelinlerem. Ýöne olar hapalaryny bi wagt çak çykaryp, garry enäň gabynyň üstüne döküp gaýdýan ekenler. Bir günem gelinleriň biri şeýdip durka garry ene-de bagyň aňyrsynda kükerlip bir zada güýmenip oturan eken. Ene başyny galdyrýar, gelniňem gözi garra düşýär. Nädendir öýdýäňiz? Galmagal turar-da. Haýran galaýmaly – ene galmagal etmeýär-de, «Döküber gelin, özümjik yzyňy ýygnaşdyraryn» diýýä. Gelin bir ýere girmändir. Gaýdybam, gelinler garryň gabyna hapalaryny dökmäni goýupdyrlar.

Ertekä meňzeýär gerek? Hakykatdygyny anyk bilmesem, menem bu gürrüňi bir dilewaryň tapan owadan hekaýaty bolaýmagam mümkin diýip ikirjinlenerdim. Ýöne durmuş diýlen dilewaryňdan, ýazyjyňdan has güýçli, çeper. Onuň wakalary has çuň bolup çykýar. Onuň düzýän käbir wakalarynyň oýlanyp aňyrsyna çykyp bolanok.

Ene görgüli her gün kişiň hapasyny ýygnaýa-ýygnaýa bizar bolandyr, başga biriniň äsgermezçiligi degnasyna degendir, «Elime düşäýseň bolýar» diýip aňtap ýöräýjek ýaly. «Döküber gelin, özümjik yzyňy ýygnaşdyraryn» diýmek üçin nähili adamkärçilik gerek. Bu adamkärçilik garryň bilini büken durmuş tejribesi, käýine-käýine paltasy daşa degensoň gelen netijesimikä? Ýogsa o gelinlere hetdini tanatmak, gaýdyp şeýle işiň golaýyndan geçmez ýaly töwerege peçan etmek laýygy dälmi? Bihaýaçylyga garşy göreşilmese, çäresi görülmese onuň hasam bujrugy artmazmy? Biz şu düşünje bilen janymyzy ýaka-ýaka saçymyzy agardyp ýörüs dälmi? Arada bir içegen deň-duşymyzy ýatlaşdyk welin, oturanlaň biri «Ogullaryndan janynyň ýangynjyna-da içýändir» diýdi. Lagnatkerde ogul atasyny arakkeş-ä däl, dälem eder. «Döküber gelin...» sözleriň aňyrsyndaky agyny, yzany duýmaga çalyşdygyňça iniň tikenekleýär. Gelinler gaýdyp hapalaryny dökmänmişler. Wah, görgülä şeý diýdireňsoň, gaýdybyň bolarmy? Gelin it ýylgyrşyny edäge-de «Wi-iý» diýip, ertesi ýene öňki bolşuna boluberen bolsa nähili bolardy. «Häzirki zaman gelinlerinden şo-da daş däldir» diýýäniňiz-ä bardyr. Hakykatdanam ene näderdi? «Bular özlerinden bilb-ä utanjak däller» diýip gazap atyna atlanaýardymyka? Ýok, megerem ol tä amanadyny tabşyrýança bihaýalaň yzyny arassalap geçerdi, ýöne ýüzlerine gelmezdi. Sebäbi, hapaň dökülýänini görenden bu işi kimleň etjegini ene aňandyr. Diňe bir aňmagam däl, bet işiň üstünde tutanda-da ýene gelinden garry köp utanan bolaýmasa... Çyn haýa hemişe bihaýadan haýa eder.
Sen göreş-göreşme şere şärik bolma. Ine, esasy göreş.

Edebiýat, 12 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir