Günlerde bir gün Ependiniň bir goňşusy üýşmeleň edipdir. Ol üýşmeleňe Ependi hem barypdyr. Zyýapatyň eýesi oňat geýnüwli adamlary töre geçirip hormatlapdyr. Öý eýesi Ependiniň eginbaşlary onçakly gowy bolmansoň, ony aşakda, pesräk ýerde oturdypdyr, oňa onçakly üns bermändir. Ertesi gün Ependi gowy geýnip, ýenede
zyýapata barypdyr. Zyýapatyň eýesi bu gezek Ependini garşylap, hormat edip ony törde oturdypdyr. Orta tagam gelipdir. Zyýapatyň eýesi Ependä:
– Iýiberiň! – diýipdir. Ependi donunyň ýeňini tutup:
– Iý, donum, iý! – diýen. Saçagyň başynda oturanlar oňa ýüzlenip:
– Ependi, näme üçin beýle diýýärsiň? – diýipdirler. Ependi bolsa:
– Düýn köne eşiklerimde geldim. Eşigime seredip, ýüzüme beýle bakylmady. Bu gün bolsa oňat egin-eşigime garap, hormat edildi – diýip jogap beripdir.
Aý söwdasyny edemok
Bir gün Ependiden:
– Bu gün aýyň üçümi ýa bäşi?– diýip sorapdyrlar.
Onda Ependi:
– Men-ä bilmedim. Indi näçe wagtdyr, aý söwdasyny edemok – diýip jogap beripdir.