Ataly ogul unaş içmäge oturypdyrlar welin, ilki ogly aşy içip görüp:
— Eje, seniň şu gylygyň gursun, hemişe nahary buz ýaly edip, soňra öňümde goýýarsyň – diýipdir.
Atasy oglunyň gepinden çen tutup, aş sowukdyr güman edip, çemçäni dolduryp içipdir. Aş gyzgyn bolansoň, onuň agzy, bogazy ýanypdyr, gözi ýaşarypdyr. Ogly:
— Ata, näme gözüň ýaşarypdyr-la? – diýip sorapdyr.
Onda atasy aýdan:
— Heýem ýeke ogly bolan aglaman durup bilermiii?


Öýde hiç zat ýok

Günlerde bir gün Ependiniň öýüne bir ogry giripdir. Ony görenler: – Ependi, öýüňe ogry girdi – diýipdirler.
Onda Ependi:
– Aý, siz ony gaýgy etmäň. Näme bolsa görübiris. Barybir öýde almaga hiç zat ýok – diýip ýatyberipdir.

Edebiýat, 12 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir