«Adam nädip kitap bilen höwrügip bilýärkä?! Göräýmäge, galyň, dörtburç, içem hatdan do-oly birgiden kagyzlar toplumydyr welin, onuň «oýny» kändir. Adamyny özüne şeýlebir dartar welin, sen goýaý! Bu nähili beýle bolup bilýärkä?» diýen ýaly soraglar kitap okamaýan adamlaryň köpüsinde döreýän bolsa gerek. Bu soraglar meniň özümde-de döräpdi dogrusy.
Kitap — aýratyn bir dünýä. Adam öz beýnisiniň hyýal güýjüni ulanmak arkaly şol dünýä girip gidýär. Eger kitap has dartgynly wakalara baý bolsa, onda ol biparh oturyp bilmeýär. Gahrymanlaryň şatlygyna şatlanyp, agysyny aglaşýar. Şeýlelikde, kitap bilen arasynda jebis dostlugyň dörändigini özi-de bilmän galýar.
Her bir adamyň özüniň halaýan, elmydama ünsüni çekip durýan zatlary, özüne mahsus aýratynlyklary bolýar. Ol kitap saýlanynda hem esasan şo zatlary göz öňünde tutýar. Eger onuň saýlan kitaby şol aýratynlyklara deň gelmeýän bolsa, onda ol adam kitapdan irmek bilen bolýar. Ol kitabyň dünýäsini özüne kabul edip bilmeýär. Şonluk bilen kitap okamak höwesi hem zym-zyýat bolýar. J.K.Rouling bu barada: «Eger-de sen kitap okamagy halamaýan bolsaň, diýmek sen heniz dogry kitaba duşan dälsiň» diýip belleýär.
Adam kitap okamak arkaly gitdigiçe kämilleşýär, dünýä akyl ýetirişi güýçlenýär, dünýägaraýşy giňeýär, gepi-sözi saýhallaşýar. Belki şonuň üçindir, onuň halaýan eserleri öz ýaşyna görä üýtgäp durýar.
Kitap bilen dostlaşmak adamy diýseň bagtly edýär. Diňe kitap saňa gerek ýerinde maslahat berýär, bilmeýän zatlaryňy öwredýär, dürli-dürli adamlaryň ykballary bilen tanyşdyrýar, içiň gysyp duran wagty gowy wagt geçirmegiňe kömek edýär.
Aşyr Saparow