Bir gezek şägirtleri dana Hing Şiden onuň mugallym hökmünde esasy wezipesini sorapdyrlar. Dana ýylgyryp:
— Siz ony bilersiňiz — diýipdir.
Ertesi halypanyň şägirtleri «Baky dag» diýlip atlandyrylan dagyň jülgesinde birnäçe wagtlap ýaşamak üçin ol ýere şaýlanypdyrlar. Daň säher bilen olaryň ählisi gerekli goşlaryny jemläpdir.
Olar günortana çenli ep-esli ýol ýöräp, dem-dynç almakçy hem-de çaý-çörek iýmekçi bolupdyrlar. Mugallymynyň ýanyna alan tüwüsini hem-de duzlanan gök önümlerini şägirtleri «bal edipdirler». Hing Şi gök önümleri şeýle bir duzlapdyr welin, ony dadanlar tiz wagtdan suwsapdyrlar. Olaryň ýanlary bilen alan suwy gutaran eken. Şägirtler suw gözläp, daş-töweregi gözden geçirip başlapdyrlar.
Diňe Hing Şi bu gözlege gatnaşmandyr, ol hatda ýerinden hem gozganmandyr. Birnäçe sagatdan soň, suw tapmadyk şägirtler yzyna dolanypdyrlar. Olary gören pähimdar ýerinden turup:
— Siziň gözleýän süýji suwly çeşmäňiz şol depäniň aňyrsyndan akyp ýatyr — diýipdir.
Şägirtler örän begenip, şol çeşmä tarap okdurylypdyrlar. Suwdan mazaly ganyp, halypasyna hem bir meşik suw getiripdirler. Şol wagt Hing Şi aýagynyň aşagyndaky suwdan doly küýzäni görkezip ýylgyrypdyr.
— Halypa, sizde suw bar bolsa, näme üçin ony bize hödür etmediňiz? — diýip, şägirtler geň galypdyrlar.
— Men öz wezipämi ýerine ýetirdim. Ilki bilen men sizde suwsuzlygy döredip, çeşme gözlemäge mejbur etdim. Edil şeýle ýagdaýda men sizde bilime bolan suwsuzlygy döredýärin. Onsoň, ruhdan düşeniňizden soň, men çeşmäniň nirededigini salgy berip, sizi goldadym. Ýanyma köp suw alyp, men size isleýän zadyňyzyň hemişe golaýda bolýandygy, diňe ony ünsli we öz wagtynda gözlemegiň zerurdygy barada görelde görkezdim — diýip, dana aýdypdyr.
— Diýmek, mugallymyň esasy wezipesi höwes döretmek, goldamak we görelde görkezmek bolýar-da — diýip, şägirtler gyzyklanypdyrlar.
— Ýok, mugallymyň esasy wezipesi okuwçyda adamkärçiligi terbiýelemekdir — diýipdir.
Terjime eden Maýsa ŞÜKÜROWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.