Onda dünýä düňderiler ahyryn!
Günlerde bir gün Ependiden:
– Näme üçin adamlaryň köpüsi ber-başagaý bolşup, çar taraplara gidip barýarlar? – diýip sorapdyrlar.
Onda Ependi:
– Eger hemme kişi bir tarapa gitse, ýeriň şol tarapy agralyp, dünýäniň düňderiläýmegi ahmal ahyryn! – diýip düşündiripdir.
***
Reňkinä gysganmadyr
Ependiniň bir gara towugy bar eken. Bir gün ony bazara satmaga getiripdir. Onuň ýanyna bir hyrydar gelip:
– Şu towuk ak bolan bolsady, onda men satyn alardym – diýipdir.
Onda Ependi:
– Sen ertir bu ýere gel. Saňa bir ak towuk getireýin – diýipdir. Ol adam hem «bolýar» diýip, ylalaşyp öz ugruna gidipdir.
Ependi towugy öýe getiripdir. Soňra eline bir tokga sabyn alyp, suw ýyladyp, ol towugy ýuwmaga başlapdyr. Emma näçe ýuwsa-da, ol sähelçe-de agarmandyr. Ahyry Ependiniň jany ýanyp:
– Görýän welin, bu towugy reňklän adam bolsada reňkinä gysganmadyr. Ol hakyny tüýs halallap işleýän adam eken – diýipdir.