Uly adamyň bedeninde dyngysyz hereket edýän ganyň umumy mukdary 5 litre barabar. Şol mukdaryň 1/3-iniň ýitirilmegi bedene ölüm howpuny salýar. Ganyň ýitirilmegi dürli keselleriň netijesinde (ýara, çiş emele gelende) ýa-da damarlara şikes ýetende ýüze çykyp biler. Käbir keselleriň täsiri bilen bolsa ganyň lagtalanmak häsiýeti bozulýar. Şeýle ýagdaýlarda damarlara şikes ýetmegi has hem howpludyr. Ganyň mukdarynyň azalmagy damarlarda onuň basyşyny peseldýär, gan aýlanyşygynyň bozulmagyna eltýär. Şeýle hem kelle beýnisiniň, ýürek myşsalarynyň, bagyr we böwrek ýaly synalaryň kislorod bilen üpjün edilişi bozulýar. Gan ýitiren adama öz wagtynda ýeterlik derejede kömek berilmese, oňa ölüm howpy abanar. Şonuň üçin hem her bir adam gany ýitiren adama ilkinji kömek bermegi başarmalydyr. Gan has inçe gan damardan, wenalardan we arteriýalardan akyp biler. Has inçe gan damardan ganyň akmagy, teniňe sähelçe şikes ýetmeginden hem bolup biler. Has inçe gan damardan ganyň örän haýal we pes basyşda akýanlygy üçin, ony aňsat duruzmak bolar.
Netijede, köp gan ýitmeýär. Sebäbi emele gelen ganyň lagtalanmasy gan akymy bilen ýuwulmaýar. Bu bolsa şikes ýeten gan inçe gan damarlaryň deşiginiň ýapylmagyny üpjün edýär. Örän inçe gan damarlardan akýan gana ilkinji kömek berlende, şikes ýeten ýeri ýod bilen zyýansyzlandyrmaly, soňra arassa daňy (hasa) bilen daňmaly. Wena damarlarynda ganyň akmagy bedeniň üstüne ýakyn ýerleşen wenalara şikes ýetmegi bilen ýüze çykýar. Şular ýaly wena damarlary bedende kändir. Wena damarlaryndan gan akanda, gan kadaly, üznüksiz we tolkunsyz akym bilen akýar, gan gaty garamtyldyr. Şeýle ýagdaýda ganyň lagtalanmagy, elmydama bedeni köp gan ýitirmekden saklap bilmeýär. Bu has inçe gan damarlara görä wenada gan akymynyň tizliginiň ululygy bilen baglanyşyklydyr. Şikes ýeten wenadançalt akýan gan, ganyň lagtalanmasynda emele gelen gan lagtasyny ýuwup aýyrýar. Şeýlelikde, iri wenalar arkaly köp gan ýitirilmegi beden üçin örän howpludyr. Şoňa görä-de wena gan damarlaryndan akýan gany duruzmak üçin ilkinji kömek berilmelidir. Wena gan damarlaryna zeper ýetirilmegi, köplenç, ujaklarda peýda bolýar. şeýle ýagdaýlarda ýaralanan ujagy ýokaryk galdyrýarlar. Bu bolsa ol ýere arteriýa boýunça ganyň gelmegini azaldýar. Wena damarlary boýunça ujaklardan hem ganyň akmagy peselýär. Uly bolmadyk wena gan akmasyny duruzmak üçin, şikeslenen ýeri daňy bilen berkräk daňmaklyk hem ýeterlikdir.
Daňy damarlaryň diwarlaryny gysyp, gan lagtalarynyň tizräk emele gelmegine we gan akymynyň saklanmagyna kömek berýär. Eger-de ilkinji kömek berlende gan akmasy durmasa, näsag basym keselhana äkidilmelidir, ol ýerde oňa ýörite saglygy goraýyş kömegini bererler. Arteriýa damaryndan ganyň akmagy wena damaryndan gan akmasyndan seýregräk duş gelýär, çünki iri arteriýa damarlary bedeniň üstüne ýakyn ýerlerde az ýerleşendirler. Arteriýadan gan akanda açyk gyzyl gan çüwdürilip çykýar. Ganyň şular ýaly akmasy beden üçin howpludyr. Arteriýa damarlarynyň diwarlary örän dykyzdyr. Şonuň üçin gysby daňy seýrek ýagdaýlarda arteriýadan ganyň akmasyny durzup biler. Şol sebäpli hem gyssagly başga çäreleri görmek zerurdyr. Ozaly bilen zeper ýeten ýere gany getirýän iri arteriýany bedeniň üstüne ýakyn ýerleşen ýerinde barmagyň bilen basyp, gan akmasyny gowşatmalydyr. Şolar ýaly ýerlerde pulsuň bardygyny siz bilýänsiňiz. Eliň ýa-da aýagyň arteriýalary ýaralananda, ýaralanan ýere ganyň akymyny azaltmak üçin olary ýokaryk galdyrmak gerekdir. Soňra ýaralanan ýeriň ýarasyndan oňa gan getirýän arteriýany rezin ýa-da elde ýasalan mata daňysy bilen berk daňmalydyr. Daňyny damarlaryň diwarlarynyň ýumşak dokumalaryny gysar ýaly edip, gaty çekmelidir. Şondan soň gan akmasy kesilýär. Daňy dogry daňlan ýagdaýda, bedeniň daňydan aşaky böleginiň reňki öçýär, agarýar, puls duýulmaýar. Şeýle daňynyň iki sagatdan artyk saklanmagy zyýanly bolýar, çünki daňy ondan köp saklanylsa, daňydan aşakdaky dokumalaryň ölmegi mümkin. Daňa daňynyň edilen wagtyny görkezýän ýazgyny berkitmeli.
Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan, 8-nji synplar üçin “Biologiýa” dersi boýunça okuw kitaby