(Bu hekaýada beýan edilýän mugallym hanym Reýçel bilen okuwçysy Dewid baradaky wakalar birnäçe ýyl mundan ozal hakyky durmuşda bolup geçen)

Hanym Reýçel öňki okuwçylaryny uçurym edip, başlangyç mekdebi tamamlan synplaryň birine ýolbaşçy bolýar. Täze alan synpyna ilkinji gezek sapaga girende, bir okuwçy onuň aýratyn ünsüni çekýär. Ol okuwçy ne üst-başyna, ne-de saçy-başyna üns berýär. Sapak bilenem seri ýok. Mugallym ony arakesmede hem synlaýar. Görse, arakesmede-de beýleki çagalar bilen oýnamaýar. Bir gyrada kürtdüripjik dur. Onuň bolşuny mugallym hem-ä geň görýär, has beteri bolsa, oňa nebsi agyrýar. Bu okuwçynyň ady – Dewid.

Hanym Reýçel Dewidiň ýagdaýyny öwrenmek isleýär. Ol öňi bilen başlangyç synp mugallymlarynyň Dewid baradaky garaýşy bilen gyzyklanýar. Dewidiň şahsy jildini açyp, dörjeläp başlaýar. Başlangyç synp mugallymlarynyň Dewide 1-nji synpy gutarandaky ýazan häsiýetnamasyny tapýar. Hanym Reýçel häsiýetnamany okap başlaýar, okadygyça-da haýran galýar. Çünki häsiýetnama: «Dewid zehinli we şadyýan okuwçy. Öý işlerini sypdyrman ýerine ýetirýär. Synpdaş ýoldaşlary bilen oňşukly oýnaýar. Synpdaşlarynyňam ondan ýaňa göwünleri hoş» diýen mazmunda ýazylypdyr. Hanym Reýçel haýal etmän 2-nji synpy gutarandaky häsiýetnamany okap başlaýar. Onda hem: «Dewid kämil çaga, ýöne ejesiniň agyr kesele uçramagy ony diýseň gynandyrýar. Öýdäki ýagdaýlary hem öwerlik däle meňzeýär. Dewide bu gaty agyr gelýän bolmaly» ýaly mazmunda ýazylan. Mugallym şahsy jildi dörjelemäge dowam edýär. Şondan soň ony her ýyl başga mugallym okadypdyr.

Dewidiň 3-nji synpdaky mugallymynyň häsiýetnamasy: «Ejesiniň aradan çykmagy Dewide gaty agyr degdi. Kakasy oňa kän üns bermeýär, indemeýär. Nähilidir bir çäre görülmese, öýdäki ýagdaýlary onuň häsiýetine erbet täsir edip biler».

4-nji synp mugallymynyň häsiýetnamasy: «Dewid sapaklaryna hiç üns bermeýär. Özem hemme zady içine salyp ýör. Birhili küýli ýaly. Hiç hili dosty ýok. Käwagt sapakda-da uklaýar».

Hanym Reýçel häsiýetnamalary okap bolup, meseläniň düýp sebäbine düşünýär we Dewide ýüregi awaýar. Mugallym öz ýanyndan okuwçysynyň «derdine» näme «derman» tapyp bolarka diýip, oýlanyp başlaýar. Ol munuň üçin kän kelle döwýär. Dewide bolsa, elinden geldiginden, ýumşak çemeleşmäge çalyşýar.

Günler bolsa geçip dur. Ahyry mugallymlar güni gelip ýetýär. Okuwçylaryň hersi mugallymlaryna kiçijik sowgat getirýär. Çagalar daşy owadan suratlar bilen bezelen, şykyrdawuk örtük bilen örtülen, her hili reňkli lentalar bilen ykjamja saralan gaty kagyzdan ýasalan gutujyklary getirip mugallyma berýärler. Mugallym bolsa her sowgat getiren okuwça aýratyn sagbolsun aýdyp, sowgatlary açyp görýär-de, bir gyrada goýýar. Dewid hem öz sowgadyny getirip mugallyma gowşurýar. Onuň sowgady goňur kagyza çen bilen dolanan, emelsizje ýasalan gapjagazda. Okuwçylar muny görüp pyňkyryşýarlar. Hanym Reýçeliň ýüregi gyýym-gyýym bolýar. Dewidiň sowgadyny okuwçylaryň öňünde açmak oňa gaty agyr gelýär, ýöne açmasa, hasam erbet boljak. Ol haýal etmän sowgady açýar, gabyň içinden ýasama daşlardan ýasalan, gaşlarynyň birnäçesi gaçan bilezik, birem içinden diňe üçden biri galan atyr çüýşejigi çykýar. Okuwçylar bulary görüp hasam beter gülüşýärler. Hanym Reýçel bilezigiň owadanlygyny taryp edip, öz eline dakýar, atyrdanam sepinýär we ysynyň şeýle gowudygyny aýdýar. Çagalar seslerini tapba kesýärler. Hatda Dewide gözi gidip, imrinenlerem bolýar. Çünki mugallymlary diňe Dewidiň sowgadyna aýratyn garaýar.

Sapaklar gutarandan soň, Dewid hanym Reýçeliň ýanyna gelip: «Mugallym, bu gün üstüňizden uzak gün ejemiň ysy geldi durdy» diýýär-de, hiç zat bolmadyk ýaly çykyp gidýär. Mugallym bolsa hiç zat diýip bilmän, onuň yzyndan seredip galýar. Ol wagt mugallym nädip gürlesin?! Bokurdagyna ýumruk ýaly bir düwün gelip oturýar. Okuwçylaryň bary gaýdanyndan soň bolsa, gözünden boýur-boýur ýaş akdyryp, aglap başlaýar. Tä ýaňky düwün gözýaş bolup, eräp gutarýança aglaýar.

Şol günden soň hanym Reýçel Dewide aýratyn üns berip başlaýar. Dewide näçe yhlas siňdirdigiçe, onuň zehininiň janlanýandygyny duýýar. Oňa göwünlik berdigiçe, çaga has kämilleşýär. Okuw ýylynyň ahyryna çenli Dewid okuwçylaryň arasynda iň ekabyrlarynyň biri we mugallymlarynyň iň gowy görýän okuwçylarynyň biri bolup ýetişýär.

Ýene bir ýyl geçende, hanym Reýçeliň öýüne Dewidden bir hat gelýär. Dewid hatynda hanym Reýçele şol wagta çenli tanan mugallymlarynyň iň gowusydygyny ýazýar.

Dewidden ikinji hat alty ýyl soň gelýär. Ol bu gezekki hatynda orta mekdebi tamamlaýandygyny, mekdep boýunça iň ökde üçünji okuwçy saýlanandygyny we entegem hanym Reýçeliň şol wagta çenli gören iň gowy mugallymydygyny ýazýar.

Bu hatdan dogry dört ýyl geçende, hanym Reýçele ýene bir hat gelýär. Dewid bu hatynda uniwersitetde okaýandygyny, okuwyny tapawutlanan bahalar bilen gutarmak isleýändigini, munuň üçin bolsa özüniň jan edip okamalydygyny ýazýar we entegem iň gowy mugallymyň hanym Reýçeldigini aýdýar.

Indiki hatam dört ýyldan soň gyşda gelýär. Bu gezekki hatynda Dewid okuwyny tapawutlanan bahalar bilen, üstünlikli tamamlandygyny, ýöne özüniň entegem kämilleşmek isleýändigini ýazýar. Elbetde henizem tanan mugallymlarynyň içinde iň gowusynyň hanym Reýçeldigini aýtmagy ýadyndan çykarmaýar. Ýöne bu hatda bir üýtgeşiklik göze ilýär. Hatyň aşagyndaky goluň öňünde öňler diňe «Dewid» diýlip ýazylýardy, bu hatda bolsa «Lukman Dewid» diýlip ýazylan.

Şol ýylyň ýazynda Dewidden ýene hat gelýär. Hatynda Dewid bir gyz bilen tanşandygyny, ol gyzyň diýseň gowy gyzdygyny we oňa öýlenmek isleýändigini ýazýar.

Dewid birnäçe ýyl öň kakasy hem ýogalandygy sebäpli, toýda öýlenýän oglanyň ata-enesi üçin niýetlenen ýerde oturmagy hanym Reýçelden soraýar. Hanym Reýçel hem uly höwes bilen kabul edýär.

Soň näme bolandyr öýdýärsiňiz?! Elbetde, hanym Reýçel toýa barýar. Ýöne şo-ol birnäçe gaşy kem bilezigi dakynmagy unutmaýar, özüne sowgat berlen, Dewidiň ejesiniň ysy kükäp duran atyrdan sepinmegi-de ýatdan çykarmaýar. Toýa baryp, öýlenýän oglany gujaklanda, Dewid bilen mugallymynyň arasynda gysgajyk pyşyrdyly gürrüň bolup geçýär. Ony başga hiç kim eşitmeýär:

– Maňa ynananyňyz üçin, özüme ynam döredeniňiz üçin, meni täzeden durmuşa baglanyňyz üçin taňryýalkasyn! Şu ömrümde tanan mugallymlarymyň içinde iň gowusy siz.

– Ýok, ýalňyşýaň, oglum. Men seni tanan günüme çenli mugallymçylygyň nämedigini hem bilmeýän ekenim. Asyl saňa taňryýalkasyn!

Taýýarlan, terjime eden Mekan Annaberdiýew

Edebiýat, 12 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir