Durmuşyň gowgalaryndan sypynyp bildigi türkmen aga düşekde ýaplanyp, telewizor seredip, çaýjagaz owurtlanyny kem görenok. Boş wagtynyň köp bölegini şeýle geçirmesi birneme içgysgynç dälmi?!

XXI asyr – aýak üstünde uklanylýan asyr. Ýagny hem iş wagty, hem dynç alyş wagty der döküp, bir meýliň yzynda elmydam ylgaşlamak döwri. Ol isle işewürlik (kelle bilen iş salyşmak), isle beden zähmeti (el bilen gazanç etmek) bolsun, tapawutsyz, hemişe täzeçe şekilde garşydaşdan üstün alyp barmak üçin edilýän gaýrat derejesi möhüm bolup durýar.

Şonuň üçin, pursatyny tapdygymyz, biraz gaýra durup, özümize başdan-aýak seretmegimiz gerek. Bu 30 gün üçin ideal bir meýil näme?!

Ynha-da biz eziz diýarymyzyň Garagumdan gözbaş alýan jokramasy bilen ýüzbe-ýüz. Tomus gujagyny ähli raýatlara giňden gujak açdy. Kimler deňze hüjüm etdiler, kimler lagerlere («camps»). Galanlaram galdylar. Ýöne galan ýeriňde-de bähbitli amallary etmek mümkin ahyry!

Aýyň 30 gününi özümiz üçin sarp etmegiň wagty geldi! Nämeler edip bileris?

Kitap okamak – bir aýyň dowamynda okajak kitaplarymyzy hasaba alalyň. Günde belli bir sahypa agdaryp okamyzsoň, gapdalyna uçgunjyk bilen belgiläliň. Mukdarynyň näçe boljagy siziň öz biljek zadyňyz. Bu endik siziň diňe bir beýniňize iýmit bolman, eýse şäht açyjy ruhy buzgaýmak bolar. Okamak diňe «botanlara» degişli däl!
Berhiz tutmak – bedeniň aç wagty has öndümli işleýändigini alymlar biragyzdan tassyklaýarlar. 4 hepdämiziň barlygyny göz öňüne getirsek, bedenimize günaşa açlyk bilen ideg edip bileris. Ter gök önümler we arassa suw ýetik munuň üçin. Gazly, şekerli içgilere 1 aýjyk «ýok» diýmeli bor. Ýüzdäki herhili däne-düwürtikleriň emi hem açlykdadygyny bilýärmidiňiz?! Şuny doly edäýsek, netijesini duýman gitjek ýerimiz bolmaz!
Sportjuk bilen meşgullanmak – gelneje-daýzalara sorap görsem: «Goýaweri, jigim, bor-la, şonsuz derdim başymdan agdyk. Hanha, giden banka ýapmaly, öýüň işi ýatyr, çagalara ideg etmeli» diýip jogap berdiler. Özümçe bularyň ählisini bahana hasaplaýaryn. Belli bir derejede öý işlerini edip, özümize-de wagt aýyrmagy başarmalydyrys! Onuň üçin fitnes merkezlerine ýazylmaly. Agyr ştangly türgenler zalyna däl-de, ýaşlar üçin aerobika, döwrebap tanslar, ýüzmek kurslary, ýaşulular üçin ýoga, at-arka ýörişi kämil saýlaw bolup biler. Bulary elýetmez görmäň. Paýtagtyň köne atçylyk sport toplumyna baryp, meýletin at münmegi öwrenmekçi diýseňiz, işgärler uly höwes bilen ýardam ederler.
Özüňize baha bermek – şu 30 günde ýüz-keşbiňize serenjam berip, täze geýimleri geýmegiňiz, daşky gurşawyňyza pozitiw energiýa çaýar. Täze geýimleriňizi geýip, ýakynlaryňyz bilen gezelenje seýle çykyň. Çaýhanalarda jora-dostlaryňyz bilen wagt geçiriň. Bu size süňňüňizde jemlenen stres-dartgynlylyklaryňyzyň ýazylmagyna hemaýatkär bolar.
Täzelik girizmek ýa-da öňkini üýtgetmek – täzelik diýemde, uly zat göz öňüne getirmäň. Ähli zatlar ownuk-uşak hereketlerden ugur alýandyr. Meselem, irdenki içýän çaýly käsäňizi üýtgediň, 25-30 minutlyk bagda (ýa-da howluda bökjekläp maşk ediň). Onsoňam, bökjeklemek diňe çagalara mahsus däldir. Böküp başlasaňyz, ýylgyranyňyzy duýman galarsyňyz. Biri sorasa-da «Elimden ýüpbökdim («прыгалка») sypdy, şonda-da dowam edeýin diýdim» diýip ynandyryp bilersiňiz. Dişiňizi çep elde (çepbekeý bolsaňyz sagda) ýuwup görüň. Bu sizde öň oýanmadyk duýgulary oýarar. Guşagyňyzy üýtgetmek, ýantorbaňyzy başgaça götermek hem täsirli bolup biler. Öň irdenlerine mesge bilen bal iýýän bolsaňyz, olaryň ýerine pomidor-hyýar, zeýtun iýiň. Günüňiz başgaça geçer.
Dil öwrenmek – edil suwara bolmasa-da, diliň köküne düşünmegiňiz hem lezzetini ýetirer. Her diliň öz hezillikleri bolýar. Deň-duşlar bilen bäsleşip, şol diliň filmlerini görüp, üýtgeşik ruhy tolgunmany başdan geçirip bilersiňiz.
Ýylgyrmak – türkmençilikde biriniň ýüzüne gury ýylgyryp dursaň dälidir öýtmekleri ähtimal. Ata-babadan agraslygy miras edinip gelýän millet üçin aňsat bolman biler, emma ýylgyrmagyň ýokançdygynam unutmaň. Edil pallamak ýaly. Gülmegiň we ýylgyrmagyň dürli gorkunç kesellerden baş alyp çykmakda, şeýle hem garynda ýag emele gelmeginiň öňüni almakda lukmançylykda uly peýdasynyň bardygy tassyklanandyr.
Her bir adam ýylgyrsa owadan görünýär we ýaşy boýunça-da juwanlygy aýdyň bildirýär. Dişimiz ýylgyrmagymyza päsgel berýän bolsa, ylgapjyk lukmandan geçirmeli bor. Görnetin zat bolmasa, utanman, basybermeli! «Gülmek ömürdendir» diýilýär. Men-ä hut özüm loh-loh edip gülýän daýylary şeýle gowy görýän. Bahana bilen menem paýymy alyp galaýýan. Ýylgyryň! Çünki size gelişýär!

Edebiýat, 12 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir