10. Isa otuz ýaşynda wagty Zeýtunlyk dagynda, keramatlyk (wahy) hökmünde Jebraýyldan Injil sahypalaryny kabul edýär

Otuz ýaşyna gelen Isanyñ özüniñ maña aýtmaklaryna görä, ejesi bilen zeýtun ýygmak üçin Zeýtunlyk dagyna çykdy. Soñra öýle wagty doga etdiler, doga edip durkalar şeý diýdi: ''Reb rehmet et...'' sözüni aýdanynda, töwerek-daşlary aýdyñlyga bürenip nur saçdy we ''Allany senalap, tagzym ederis'' diýip seslenen perişdelerden doldy.
Perişde Jebraýyl oña, parlap duran edil aýna ýaly kitap sahypalaryny hödürledi. Isanyñ kalbyna inen bu kitapda Allanyñ nämeler edendigini, nämeler diýendigini we nämeleri erada buýrandygyny aldy. Ine bu şeýle, ''Ynan Barnabas, her pygamberlikde her pygamberi şeýle bir gowy bilýärin welin, aýdan zatlarymyñ hemmesi şu kitapdan gelýär'' diýip maña gürrüñ berdi. Bu wahyny alan we Ysraýyl Ogullaryna ugradylan bir pygamberdigini düşünen Isa hemme zatlary (mährem) ejesi Merýeme aýdyp berdi we Allanyñ şany üçin beýik ezýetlere uçrajakdygyny we oña (ýagny ejesine) kän hyzmat edip bilmejekdigini aýtdy. Isa şeýdiýeninden soñ Merýem: ''Oglum, sen dogmazyñdan öñ hemme zatlar maña aýdyñ boldy, Rebbiñ beýik adyny senalap tagzym ederin'' Isa şol günden soñ pygamberlik wezipesini ýerine ýetirmek üçin ejesinden aýryldy.

11. Isa (Rebbiñ) keramaty bilen bir gaharjañ syrkawa şypa berýär we Kuddusa gidýär

Kuddusa gitmek üçin dagdan düşen Isa ylahy ylhamy bilen özüniñ pygamber hökmünde ugradylandygyny eşiden bir syrkawa duşdy. Ol heýwere keselli biridi. Ol gözýaşlaryny döküp Isa pygambere: ''Isa, sen Dawudyñ ogly, maña merhemet et'' diýip ýalbaran kesellä ýüzlenip, Isa pygamber şeýle diýdi: ''Saña nähili em etmeli, gardaşym?'' diýdi.
Syrkawly adam şeý diýdi:
''Reb (Rebb - bu ýerde jenabym, merhemetlim diýmek hökmünde ulanylan sözdür) mende ''Heýwere keseli bar'' diýdi. Isa oña käýýäp şeý diýdi: ''Sen; seni ýaradan Allaha doga et, ol saña şol şypa berer; çünki menem sen ýaly adam''. Hassa oña şeý diýdi: ''Rabb señ adamdygyñy bilýärin, ýöne Rabbyñ hoş gören ynsany. Sen Allaha doga et we ol maña şypa bersin''. Soñra Isa, şeýle diýdi: ''Rabbym, bolan Allah, keramatly pygamberleriñ hatyrasy üçin, bu hassa adama şypa ber''. Şeýdiýip aýdanyndan soñ hassa adamyñ elinden tutup Allanyñ adyny aýdyp: ''Eý gardaş, şypany kabul et'' diýdi.
Şeýle diýeninden soñ ýañky adam keselinden şypa tapdy, hawa bu şeýle, hamy çaganyñ hamy ýaly boldy.
Keselinden saplanandygyny gören deri keselli uly sesi bilen gygyryp: ''Eý ysraýyl halky Allanyñ siziñ arañyza ugradan pygamberini görmek üçin bärik geliñ!''
Isa oña haýyş edip şeýle diýdi: Gardaş, ýuwaş hiç zat aýtma''. Ýöne Isa haýyş etdigiçe ol has hem beter gygyrýardy: ''Pygamberi görüñ! Allanyñ keramatly guluny görüñ''. Bu sözleri eşiden Kuddustan çykyp gidip barýanlaryñ köpüsi yzyna dolanyp Isa bilen birlikde Kuddusa girip Allanyñ Isa araçylygy bilen heýwere kesellini halas edendigini gürrüñ bermäge başladylar.

12. Isanyñ Allanyñ ady bilen halka ilkinji beren akydasy bilen baglanyşykly täsin wadasy

Bütin Kuddus şäheri bu sözler bilen uly tolgunma düşüp başladylar hemmesi ýerli-ýerden ylgaşyp ybadathana giren Isany görmek üçin biri-birlerine dykyljyraşyp oturdylar.
Şondan soñ bilgiçler Isa pygambere şeý diýdiler: Bu adamlar seni görmek üçin we diñlemek üçin geldiler. Şonuñ üçinem gel şu ýokaryk belentlige çykyp Allanyñ saña beren sözlerini Rabb ady bilen öwüt beriñ!'' diýdiler. Soñra Isa bilgiçligi ýazyjylaryñ aýdan ýerine mündi we hemmeleri köşeşdirip barmagy bilen yşarat edip gürlemäge başlady:
''Rehmedi we haýyrlygyndan ýaradanlaryny özüni beýgeltsinler diýip ýaradan Allanyñ mukaddes adyny senalaýaryn. Guly Dawuda ''welileriñ parlaklygy içinde Zöhre ýyldyzyndan öñ seni ýaratdym'' diýişi ýaly dünýäniñ halas bolmagy üçin ugradyp hemme zatdan öñ bütin welileriñ we pygamberleriñ ruhuny ýaradan Allanyñ mukaddes adyna sena getirýärin. Özüne hyzmat etsinler diýip perişdeleri ýaradan Allanyñ mukaddes adyna sena getirýärin. We Allanyñ hormatlanmagyny göwnemeýän şeýtany we onuñ yzyndan gidenleri jezalandyran we ýoksuzlyga iteren Allany senalaýaryn, ynsany ýerýüzüniñ topragyndan ýaradan we işini etmek üçin ugradan Allanyñ mukaddes adyna sena aýdýaryn. Goýan mukaddes düzgünlerini bozany üçin ynsany jennetden çykaran Allanyñ mukaddes adyny senalaýaryn. Merhemedi bilen adam neslinib ilkinji eje-kakasy bolan Adam ata we How enäniñ göz ýaşlary üçin ýalkan Allanyñ mukaddes adyna sena getirýärin. Adalaty bilen ganhor jigsi Kabyly jezalandyran, ýerýüzüne tupan ugradan, üç şerli şäheri ýakyp ýykan, Müsüre azap beren faraony Gyzyl deñizde gark eden öz gullarynyñ duşmanlaryny dargadan, kapyrlary azap bilen jezalandyran we toba edip dogry ýola girmedikleriñ jezasyny beren Allanyñ adyna sena aýdýaryn. Ýaradanlaryna rehmedi bilen sereden we şol sebäpden öñünde dogrulyk we takwalyk bilen ýöresinler diýip mukaddes pygamberlerini ugradan; gullaryny her erbetliklerden goran, halas eden we atamyz Ybraýym bilen ogluna soñsuza deýin söz berşi ýaly, bu topragy gullaryna beren Allanyñ mukaddes adyna sena aýdýaryn. Soñra guly Musanyñ arada durmagy bilen şeýtanyñ bizi aldatmazlygy üçin bize mukaddes kanunyny berdi we bizi bütin beýleki kowumlardan üstün etdi. Ýöne gardaşlarym bu gün günälerimizden ötüri jeza görmezlik üçin näme edýäris?''
We yzyndan Isa Allanyñ sözüni unudandyklary we özlerini boş zatlara sarp eden halka, Allaha ybadat etmegi goý bolsun edip, dünýälik üçin çapyşan bilgiçlere, Allanyñ kanunlaryna gulak asmagy goý bolsun edip, boş akydalary wagyz edendikleri sebäpli ýazyjy bilgiçlere, öz adatlary we edenleri bilen Allahyñ kanunyny ýönekeý zat hasaplan mugallymlara we ynsanlara garşy hikmetli wagyz-nesihatlar etdi welin kiçilerinden ýaş ulylaryna çenli puşman edip Isa pygambere öz adyndan doga üdilmegi üçin ýalbaryp agladylar. Ýöne bilgiçlere, bilgiçligi ýazyjylara we mugallymlara garşy gygyrandygy üçin Isa pygambere gahar eden bilgiçler we baştutanlar (aglamady), we ony öldürmegi ýüregine düwdüler. Soñra ony Allanyñ pygamberi hökmünde kabul eden halkdan gorkup hiç zat diýmediler. Isa ellerini Rebb Allaha açyp doga etdi we halk aglap duran ýerlerinde aglap ''amin'', ''amin'' diýdiler. Doga tamamlanansa Isa kürsüden düşdi we şol gün yz ýany gelen birnäçe kişi bilen Kuddusdan aýryldy. We bilgiçler Isa hakynda aralarynda erbet zatlary gürleşdiler.

13. Isanyñ üns çekiji gorkusy,dogasy we Jebraýyl perişdäniñ ony köşeşdirmegi

Birnäçe günden soñ, ruhunda bilgiçleriñ etjek bolýan pyssy-pujurlyklaryny añan Isa doga etmek üçin Zeýtunlyk dagyna çykdy we bütin gijäni ybadat bilen geçiren soñ, dañ atan dessine şeýle doga etdi: ''Eý Rabbym bilýärin kiý ýazyjylar meni ýigrenýärler we Ferisiler meni, señ guluñy öldürjek bolýarlar. Şoñ üçin eý Rebbim, hemme zady başaran Merhemetli Allah, rehim et we bu guluñ dogalaryny eşit we meni olaryñ duzaklaryndan halas et, çünki meñ halas bolşum señ bilendir. Eý Rebbim aýt, çünki seniñ aýdanlaryñ soñsuza çenli amala aşjak hakykatlardyr''.
Isa şeý diýeninden soñ, ine seret, perişde Jebraýyl gelip şeýle diýdi: ''Gorkma eý Isa, çünki seniñ geýimiñi goraýan bir milýon (perişde) bar. Gökler üstünde we sen hemme zat öz ornuny tapýança we dünýäniñ soñuna çenli ölmersiñ''
Isa ýere egilip: ''Eý Rebbim Alla, seniñ maña bolan merhemetiñ çäksiz beýikdir; señ maña bagyş eden zatlaryñ garşysynda men saña näme bersemkäm Rebbim?'' diýdi. Jebraýyl Perişde jogap berdi: ''Tur ýeriñden Isa we Allaha ýekeje ogly Ysmaýyly Allanyñ sözüni ýerine ýetirmek üçin gurban etmek islän Ybraýymy we ogluny pyçak kesmändigi üçin bir goýuny gurban etmegi nyýaz eden wagtymdaky sözümi ýadyña sal. Jebraýyl perişde şeýle diýdi: '' Tur ýeriñden Isa senem şeýle edersiñ eý Allanyñ guly Isa'' Isa jogap berdi: ''Baş üstüne, ýöne guzyny men nireden alaýyn? Pulum ýok, ogurlamak hem dürs däl''. Jebraýyl perişdü oña bir goýun görkezdi we Isa her wagt şany beýik Allaha senalar aýdyp ony gurban etdi.

14. Kyrk günläp oraza tutup agyz bekläninden soñ Isa on iki sany şägirtleri saýlap alýar.

Isa dagdan inip, öz başyna gijeleýin Erdeniñ o tarapyna geçdi we kyrk gün kyrk gije hiç zat iýip-içmezden yzygiderli Rebbiñ özüni halky halas etmek üçin ugradylandygy üçin nyýaz edip oraza tutdy. We kyrk gün geçensoñ ol aç hem ýadawdy. Onuñ gözüne şeýtan göründi we her dürli zatlar aýdyp ony gününe goýmady. Isa bolsa Allanyñ sözleriniñ güýji bilen ony dep etdi. Şeýtan bir gyra çekilip gideninden soñ perişdeler gelip Isa pygambere gerek zatlary oña berdiler. Kuddusa dolanyp baran Isa pygamberi halk ýene-de söýgi bilen garşylady we oña özleri bilen bile bolmagy üçin towakga etdiler, çünki onuñ sözleri bilgiç-ýazyjylaryñky ýaly däldi; ýakymlydy, kalbyña güýç-kuwwat berýärdi.
Isa Allanyñ kanunlary bilen ýöremek üçin özüne mätäç adamlaryñ köplügini görüp daga çykdy we bütin gijeläp şol ýerde bolup doga okap ybadat etdi. Ertesi gün dagdan düşüp şägirtler (Hawarylar) diýlip atlandyrylan, aralarynda geljekde agaja gerilip öldürilmeli Ýahuda bilen on iki kişini saýlap aldy. Atlary: Balykçy iki sany jigi dogan Andreas we Simun (Petrus), salgytçy Matta we bu kitaby ýazan Barnaba, Zebediñ ogullary Ýuhanna we Ýakup, Tomas (Taddeus) we Ýahuda, Bartolomeus we Filipus, Ýakup we geljekgi haýyn Ýahuda.
Isa bulara her wagt ylahy syrlary açyklardy; ýöne zekatlary toplap paýlap bermek boýunça işi ynanylan Ýahuda skarýot her zadyñ onda birini ogurlardy.

15. Isanyñ toýda suwy şeraba öwüren keramaty.

Gül baýramçylygy golaýlaşanda, belli bir baý adam Isany we şägirtlerini ejesi bilen birlikde biriniñ toýuna çagyrdy. Isa bu ýere geldi we iýip-içişlik başlananda köplere şerap ýetmedi. Ejesi Isa pygambere ümläp seslendi: ''Şeraplary gutarypdyr''. Isa jogap berdi: ''Maña näme, ejemjan?'' Ejesi hyzmatkärlere Isa näme diýse gulak asmalaryny aýtdy. Ol ýerde Ysraýyl kowmynyñ adatyna görä, ybadat üçin tämizlikde ulanylýan alty sany küýze goýupdylar. Isa pygamber ''Bu küýzeleri suwdan dolduryñ'' diýdi. Hyzmatkärler aýdylany etdiler. Isa olara ''Allanyñ ady bilen, nahar iýýänlere içmekleri üçin beriñ'' diýdi.
Hyzmatkärler küýzeleri öý eýesiniñ ýanyna äkitdiler. Olara öý eýesi şeý diýdi: ''Haý sizem, şular ýaly gowy şeraby näme üçin hälden getirmediñiz?'' diýdi.
Çünki ol Isanyñ görkezen keramatyndan bihabardy. Hyzmatkärler jogap berdi: ''Hojaýyn, bu ýerde Allanyñ söýen adamsy bar, ol suwy şeraba öwürdi''. Toý eýesi, hyzmatkärleri serhoş hasaplady. Ýöne Isanyñ ýanynda oturanlar hemme bolup geçenlerden habarlary bardy. Nahardan soñ: ''Sen şübhesiz Allanyñ mukaddes gulusyñ, Alladan bize ugradylan hakyky pygamberisiñ''.
Soñra şägirtleri oña iman getirdiler we köpleri özünden geçip şeýle diýdiler: ''Ysraýyl kowmuna rehmedi bilen gelen we Ýahudanyñ maşgalasyny hormatlap garşylan Allaha şükürler bolsun, onuñ keramatly adyna sena aýdýarys''.



(dowamy bar)

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir