Türkmenistanyň Prezidenti W.Putini doglan güni bilen gutlady
7-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy – diýip, TDH habar berýär.
Iki ýurduň Liderleri birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, strategiki hyzmatdaşlyk ýörelgelerinde guralýan döwletara gatnaşyklarynyň üýtgewsiz dostlukly, oňyn we ynanyşmak häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler.
Döwlet Baştutany russiýaly kärdeşini doglan güni bilen gutlady hem-de berk jan saglyk, bagt we abadançylyk, şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň dostlukly halkynyň bähbidine ähli başlangyçlarynda we tagallalarynda täze üstünlikler arzuw etdi. Şeýle-de häzirki wagtda hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň barha okgunly häsiýete eýe bolýandygyny kanagatlanma bilen belledi, bu gatnaşyklaryň deňhukuklylyk we açyklyk derejesi bilen tapawutlanýandygyny, şunda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda uly üstünlikleriň gazanylmagynda Russiýanyň Lideriniň şahsy goşandyny hem-de hemmetaraplaýyn goldawyny aýratyn belledi.
Söhbetdeşligiň dowamynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin ýokary derejede gazanylan ylalaşyklar bilen baglylykda türkmen-russiýa hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meseleleri boýunça pikir alşyp, köpugurly uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar, şolaryň doly durmuşa geçirilmegi umumy bähbitlere kybap gelýär.
Şunda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-russiýa Hökümetara toparyna möhüm orun degişlidir, ol özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegine, işewürlik we maýa goýum gatnaşyklaryny höweslendirmäge häzirki zaman ýagdaýlary nazara almak bilen hyzmatdaşlygyň täze geljegi uly ugurlaryny işläp taýýarlamaga ýardam bermelidir.
Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň iri sebitleriniň arasynda ýola goýlan ýakyn gatnaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatşdaşlygyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň mysalydyr. Iki ýurduň ykdysadyýetleri üçin hem strategiki häsiýete eýe bolan energetika pudagy, ulag ulgamy we beýlekiler türkmen-russiýa hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
Ynsanperwer ugry döwletara gatnaşyklarynyň möhüm bölegi bolup durýar, bu ugurda bilelikdäki işiň köpýyllyk baý tejribesi toplanyldy hem-de bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Iki ýurduň arasynda wagtyň synagyndan geçen syýasy, ykdysady, medeni-ruhy gatnaşyklary geljekde hem pugtalandyrmaga özara gyzyklanma bildirildi.
Telefon söhbetdeşlegiň barşynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin şu hepdede Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde GDA gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Aşgabatda geçiriljek mejlisiniň gün tertibine ünsi çekdiler hem-de Arkalaşygyň giňişliginde netijeli uzakmöhletleýin hyzmatşdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin bu sammitiň ähmiýetini bellediler.
Söhbetdeşler sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň birnäçesi boýunça pikir alşyp, BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalarynyň ugry boýunça tutuş dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de abadançylygy üpjün etmek maksady bilen oňyn hyzmatdaşlygy pugtadandyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Wladimir Putin gadymdan gelýän dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara erk-islege esaslanýan däp bolan türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň geljekde hem üstünlikli ösdürilip, täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler hem-de birek-birege we iki ýurduň halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.