Birwagtlar Simlada örän owadan gyz ýaşaýardy. Ol kanagatly, dogruçyl etrap kazysynyň perzendidi. Kitti Beýton açykgöwünli oňatja gyzdy, öz güýjüne onçakly ynanmasa-da, zerur halatynda ulanmagy başarýardy. Onuň ejesem ähli hamrak enelere mahsus bolşy ýaly, gyzynyň geljekki durmuşy hakynda çynlakaý alada edýärdi.
Şol döwürde kimdir biri bakalawr derejesine eýe bolup, wezipeli orunlaryň birini eýeleýän bolsa, onuň altyndan ýa-da sadapdan nepis nyşanlary dakynmaga-da hukugy bardy. Gulluk wezipesinde uly abraýa eýe bolan, sözi geçginli şeýle adamlaryň biri özüni maşgala gurmaga mynasyp saýýardy. Eýsem, simlaly bu emeldar kim? Ol sada-da bolsa, juda bigörkdi, bu jelegaýdaky iň bedroý kişileriň biri diýsegem, belki, öte geçdigimiz bolmaz. Ýüzüni bir ýola gören adamyň ikinji gezek göresiniň geljekdigem şübhelidi. Onuň Saggot-Barr-Saggot Antoniý Barr-Saggot diýen ýaly alty sözden ybarat ady bardy. Ol Hindistanda iň zor emeldarlaryň biri hökmünde tanalýardy. Dogrusy, ol daşyndan synlanyňda ünsüňi çekýän adampisint maýmyna-da meňzemän duranokdy.
Ol hanym Kitti Beýtony alada bilen gurşanda, ejesi ýaşynyň soňunda ykbalyň özüne beren bu peşgeşine gaty begenip, gözüne ýaş aýlady.
Gyzyň kakasy jenap Beýton bolsa, sesini çykarmady. Çünki ol bir ýukaýürek ynsandy.
Barr-Saggot biçak barjamlydy. Onuň gazanjy batyrgaý arzuwlardan-da has ýokardady. Onuň puly juda köp bolansoň, eli uzadan ýerine ýetýärdi. Adatça, emeldarlaryň aglabasy ortatap durmuşda ýaşaýardy, ýöne Barr-Saggot ilden üýtgeşikdi. Ol oňat durmuşda ýaşap, göwnüni açýardy, at münmegi gowy görýärdi, tans edýärdi, garaz ýurtda täsirli kişileriň biridi.
Meniň gürrüň berýän wakalarym Hindistanyň taryhdan ozalky döwürlerinde bolup geçendir öýdüp pikir edäýmäň! Megerem, käbir adamlar tennis ýüze çykmazdan ozalky kriket oýnaýan döwürlerimizi ýadyna salan bolmagy-da ahmal. Maňa ynansaňyz, hatda şoňa çenli kriket oýlanylybam tapylmandy. 1844-nji ýylda Angliýada ýaňadandan ýoň bolan ýaýdan nyşana ok atmak edil tennis ýaly giňden ýaýrapdy. Adamlar ýaý atmak boýunça dürli paýhasly adalgalary ulanyp, ol hakda çynlakaý pikir ýöredýärdiler.
Hanym Kitti Beýton aýal-gyzlar üçin niýetlenilen 60 ýard aralykdan ýaýy örän gowy atýardy. Ol ýaýdan ok atmakda Simlada iň ezber ýaý atyjy gyz hasaplanylýardy. Erkekler onuň adyny “Diana Tara-Dewi” diýip tutýardylar.
Barr-Saggot oňa aýratyn üns berýärdi, ozalam aýdyşym ýaly, ejesi şatlykdan ýaňa ýüregi bökjekläp, akyl-huşuny aldyrana çalymdaşdy. Ýöne Kitti Beýtonuň göwni bir ýalydy. Adynyň yzyndan uzyn nama gelýän uly wezipeli kişiniň özüni saýlamagy, muňa-da beýleki gyzlaryň kalplarynyň ýakymsyz duýgulara gaplanmagy oňa hoş ýakmanam duranokdy. Ýöne Barr-Saggotuň adaty däl bigörklügi baradaky hakykaty welin, inkär edip bolmaýardy. O zaňňaryň özüne serenjam bermek üçin edýän tagallalarynyň bary, diňe ony has-da gülkünç görkezýärdi. Çal maýmyn diýen manyny berýän “langur” lakamynyň oňa sugşurylmagam ýöne ýerden däldi. “Ol yşnaksyzy öz gaşyňda dyza çökermek nähili ýakymly, ýöne iň gowusy, Umballedäki atly goşunda gulluk edýän, geljegi näbelli bolan, syratlydan agras ýigit Kubbon bilen başyňy alyp gaçyp gideniň mundan has ibaly bolaýmasa?” diýip Kitti öz ýanyndan pikir öwürdi. Kitti Kubbony halaýardy. Ýöne Kubbon bütin durky bilen oňa berlen-de bolsa, muny daşyna çykarmaýardy, çünki ol asylly ýigitdi.
– Ýöne, eje, jenap Barr-Saggotuň biçak bedroýdugyny özüňem görmän duraňog-a – diýip, gyzy ejesiniň ýüzüne geldi.
– Jan gyzym – diýip, ejesi hudaýhonlyk bilen gyzynyň uguny ýekelemäge çalyşdy. – Biz ähli zadyň sahyby bolan beýik Biribaryň ýaradyşyndan özge hili bolup bilmeýäris. Galyberse-de, meň saňa diňe ýagşylyk isleýändigime düşünmelisiň. Bu barada mazaly oýlanyp gör-de, akylyňa aýlan.
Kitti özüniň naşyja tumşujagyny galdyryp, ejesine närazylygyny bildirdi. Gyzyň kakasy jenap Beýton birsalym kellesini gaşap oňaýdy, sebäbi ol bir ýukaýürek adamdy.
Möwsümiň ahyrynda Barr-Saggot niýetini amala aşyrmaga indi amatly pursatyň gelendigi barada öz ýanyndan pikir edip ugrady. Ol ýöriteläp meýilnama taýynlady. Bu ýagdaý öz guramaçylyk ukybyna bolan sylag-hormaty has-da artdyrmaga mümkinçilik berýärdi. Ol ýaýdan ok atmak boýunça diňe zenanlaryň arasynda ýaryş gurap, gymmat bahaly göwher gaşly bilezigi baýrak goýdy. Ol özüniň şertini şeýlebir ýeserlik bilen işläp düzdi welin, hemmeler bu bilezigiň hanym Kitti Beýton üçin niýetlenen sowgatdygyna şobada göz ýetirdiler. Bu bilezigi kabul etmegiň Barr-Saggotuň elini we ýüregini kabul etmek bilen barabardygy öz-özünden düşnüklidi. Ýaryşyň şerti “Sent-Leonard” diýlip atlandyrylyp, Simlanyň ýaýdan ok atmak boýunça jemgyýetiniň düzgünine görä, aralyk 60 ýard1 bellenilip, jemi 36 ok atylmaly edildi.
Ýaryşa simlaly ýaşaýjylaryň ählisi çagyryldy. Çaý stollary Annandeýliň arça agaçlarynyň astynda rejeli goýlupdyr. Göwher gaşly bilezik bolsa, göm-gök mahmal gabyň içinde nurly Günüň şöhlesine lowurdap, dabaraly ýalkym saçyp durdy. Kitti Beýton juda ynjalyksyzlygy sebäpli, ýaryşmaga ýagdaýy ýokdy. Bellenilen günde simlalylaryň ählisi Annandeýle eňdiler. Kitti ýaş Kubbonyň ýanyna bardy, çünki oglanyň biynjalykdygyny aňmak onçakly kyn däldi. Kitti solgun, gaharly halda uzak wagtlap bilezige tiňkesini dikip durdy. Barr-Saggot juda bezemen geýnendi, Kittä garanyňda, has-da dergazapdy hem-de hemişekisinden has betnyşan görünýärdi.
Kittiniň ejesi barjamly emeldaryň geljekki gaýynenesi hökmünde hondanbärsilik bilen dylym-dylym etdi. Bäsleşik başlady, ýaryşa gatnaşýan zenanlar biri-biriniň yzyndan orta çykdylar, tomaşaçylar bolsa, olaryň töwereginde ýarym aýlaw görnüşinde seredişip durdylar. Ýaýdan nyşana ok atmak ýaly surnukdyryjy ýaryş megerem ýok bolsa gerek. Olar Gün tä jülgäniň aňrysynda gizlenýänçä, arçalaryň arasyndan adaja şemal göterilýänçä dowamly ýaý atdylar. Janköýerler hanym Kitti Beýtonyň ýaý atma nobatyna, ýeňiş gazanmagyna sabyrsyz garaşýardylar. Kubbon ýarym aýlawyň bir künjünde, Barr-Saggot bolsa, beýleki bir künjünde durdy. Hanym Kitti Beýton sanawda iň soňkudy. Bäsdeşleriniň toplan utugy ujypsyzdy, Barr-Saggotuň bilezigi gürrüňsiz oňa gowşaýmalydy.
Barr-Saggot özüniň berdaşly gollary bilen Kittiniň ýaýyny mäkäm dartyp gördi. Kitti öňe çykdy, bilezige nazaryny dikdi, onuň ilkinji atan peýkamy, “altyn” tegelegiň göni ortasyna degip, dokuz utuk gazandy.
Çep tarapda duran ýaş Kubbonyň reňki öçüp, ýüzi ak tam boldy, şol wagt şeýtan symsyklan dek, Barr-Saggot ýylgyrdy. Ol ýylgyranda, atlar ürküşip gitdi. Kitti onuň ýylgyranyny gördi. Çepine seredip, Kubbona biliner-bilinmez baş atyp goýberdi-de, ýaýdan ok atmagyny dowam etdirdi.
Men ondan soňky sahnany bolşy-bolşy ýaly suratlandyryp bilermikäm beri?! Çünki. ol gaty geň hem gelşiksizdi. Hanym Kitti Beýton özüniň näme edýänini hemmeleriň göreri ýaly äwmezlik bilen peýkamlaryny taýýarlady. Ol gaty ökde atyjydy, ýaýy aňryýany bilen özüne laýyk gelýärdi. Onuň eserdeňlik bilen gönüläp atan oklary nyşananyň daýanç sütünine yzly-yzyna 4 sapar degdi. Ol nyşananyň daýanç sütüniniň ýokarsyndan bir gezek uranda, ähli zenanlar geňirgenişip, bir-biriniň ýüzüne seredişdiler. Soňra onuň atan oklary gyzyl tegelejige degmän, agyna degip ugrady. Şeýlelikde, onuň atan bäş oky ak tegelejige baryp çümdi. Muňa Barr-Saggotuň ýüzi gahardan ýaňa edil ýaşajyk suwoty ýaly, gök-dalak boldy. Kitti Beýtonuň nyşana tarap ýene-de oýlanyp-ölçerip atan iki oky hem çep tarapa, sowa geçip gitdi. Şol wagt märekäniň arasyna agyr ümsümlik aralaşdy. Hanym Kitti Beýton elýaglygyny çykardy. Soňra onuň nyşananyň öňündäki ýere atan oklarynyň birnäçesi pytrap gitdi. Soňra ol gyzyl, ýagny ýedi utuk gazandy – ol bu ýaryşyň matlaby göwnünden turanlygynda, nämeleri başaryp biljekdigini görkezmek isläpdi hem-de tolgundyryjy çykyşyny nyşananyň sütünine tarap owadanlap atan peýkamy bilen tamamlady. Ine, bu ýerde onuň bahalary bellik edilipdir:
Hanym Kitti Beýton.
Altyn-1. Gyzyl-1. Gök-0. Gara-0. Ak-5. Urgularyň jemi-7. Umumy utuk-21.
Barr-Saggotuň mysalasy hamala diýersiň, soňky atylan birnäçe peýkamyň nyşana däl-de, hut öz aýagyna çümen ýaly görünýärdi. Kiçijik, bigörk, menekli, myrdar bir gyz, çuňňur ümsümligi dabaraly şaňňy sesi bilen bozdy:
– Onda, men ýeňdim!
Kittiniň ejesi näçe saklanjak bolsa-da, köpçüligiň öňünde gözüne ýaş aýlady. Şeýle lapykeç boldy, hiç bir höre-köşe ony rahatlandyryp biljek däldi. Kitti öz ýaýyny yzgytsyz dartyp goýberdi-de, ony aşak sallap, öz ýerine geçip durdy.
Barr-Saggot hälki ýeňiji gyzyň gödeňsiden çypar goşaryna göwher bilezigi dakanda, hamala, muny özüne ýaraýan ýaly edip görkezmäge dyrjaşýardy. Bolup geçýän zatlar gelşiksizdi, gaty oňaýsyzdy. Hemmeler dargamaga hem-de Kittini ejesi bilen düşünişmegi üçin ikiçäk galdyrmaga howlukdylar.
Ýöne Kubbon gyzy atynyň ardyna aldy… Galanyny gürrüň bermegiň bolsa zerurlygam ýok.