Uly bolmadyk bir dükanyň eýesi gapynyň daşynda “Pişik çagalary satylýar” diýen ýazgyny asypdyr. Bu ýazgy köp çagalary özüne çekipdir, az salymdan soň bolsa bir oglanjyk dükana giripdir. Satyjy bilen salamlaşyp ol oglanjyk pişijekleriň bahasy bilen tanyşypdyr.
- 30 manatdan 50 manat aralygynda – diýip satyjy aýdypdyr.
Ulydan demini alyp oglanjyk jübilerini dörüp ugrapdyr, ownuk puljagazlaryny sanapdyr.
- Mende bary-ýogy 2 manat bar ekenä – diýip ol gynanç bilen aýdypdyr – haýyş edýän olary birje sapar bir göräýindä...
Satyjy ýylgyryp pişik çagalary gutydan çykarypdyr. Erkinlige çykan pişijekler ylgap gaçmakçy bolupdyrlar. Olaryň arasynda diňe biri yzky aýajyklaryny kakyp beýlekilerden yza galýar eken.
- Bujagaz pişijege näme bolýar? – diýip oglanjyk ýüzi salyk halda satyjydan sorapdyr.
Satyjy bolsa ojagazyň dogulandan bäri yzky aýajyklarynyň hereketsizdigini, galan ömrüne hem şeýle ýaşamaly boljagyny aýdypdyr. Şonda oglanjyk näme üçindir örän gamlanyp özüne şol pişijegiň gerekdigini ýaňzydypdyr.
- Goýsana oglum, bu bir ýeter-ýetmez haýwana. Saňa ol nämä gerek? Eger şonuň ýaly pişik alasyň gelse, men ony saňa sowgat hökmünde bereýin – diýip satyjy aýdypdyr.
- Ýok, men ony satyn aljak- diýip oglanjyk howatyrlanypdyr – bujagaz pişijek hem edil beýleki pişijekleriň bahasy ýaly. Men onuň bahasy näçe bolsa-da tölemäge razy, häzir size puly getirip bereýin.
Oglanjyga geň galma bilen seredip duran satyjy:
- Oglum, sen bir zada düşüneňok. Bu görgülijik beýleki pişijekler ýaly ylgabam, bökübem, oýnabam bilmeýär – diýipdir.
Bu sözlerden soň oglanjyk çep aýagynyň balagyny çermäpdir. Şol pursatda hem satyjyny der basypdyr. Çünki oglanjygyň aýagy gaty erbet gyşarylypdyr, olary gönülemek üçin tegelejik demir duran eken. Çagajyk satyja örän naýynjar seredipdir:
- Menem beýlekiler ýaly ylgabam, bökübem bilemok. Ine bu pişijege hem ýagdaýyna düşünýän biri gerek, nähili kynam bolsa oňa goldaw berýän adam gerek – diýende oglanjygyň sesi has hem titräpdir. Satyjy adam näme diýjegini bilmän dodagyny dişläpdir. Gözleri ýaşdan dolupdyr... Azajykdan soň özüni dürsäp, zoraýakdan ýylgyryp oglanjyga şeýle diýipdir:
- Oglum, indiden beýläk men her bir pişijegiň sen ýaly arassa, päk ýürekli eýesi bolmagyny diläp gezerin. Sen meniň gözümi açdyň.

Edebiýat, 12 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir