Türkmenistanda korrupsiýa we parahorluga garşy göreşmek baradaky maksatnamana täzelener
1-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, şeýle hem döwletiň içeri syýasatynyň wajyp wezipeleri bilen baglanyşykly hem-de birnäçe guramaçylyk meseleleri girizildi.
Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa ýüzlenip, kanunlarda parahorluk we korrupsiýa üçin temmi çärelerini berkitmek boýunça ýene-de bir gezek seretmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutany parahorlara we korrupsionerlere günä geçmek çäresiniň ýatyrylandygyny ýatladyp, kanunçylyk namalaryny berkitmegi ýene-de güýçlendirmegiň wajypdygyny nygtady – diýip, TDH habar berýär.
«Men halkyň puluny ogurlamaga, halkymyzyň hasabyna baýamaga hiç kime, hiç haçan ýol bermerin» diýip, döwlet Baştutany aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti B.Atdaýewiň ýolbaşçylyk edýän Baş prokuraturasynyň giňeldiljekdigini we işgär sanynyň artdyryljakdygyny belläp, döwlet serişdelerini ogurlamak ýaly nogsanlygyň köki-damary bilen ýok ediljekdigini nygtady. Şeýle-de Döwlet howpsuzlyk geňeşine Mejlis bilen bilelikde korrupsiýa we parahorluga garşy göreşmek baradaky maksatnamany gysga wagtyň içinde täzelemegi hem-de hödürlemegi tabşyrdy. Bu resminama döwlet häkimiýet edaralarynyň we häkimlikleriň, guramalaryň hem-de kärhanalaryň amala aşyrýan guramaçylyk, ykdysady, hukuk, maglumat we işgärler häsiýetli çäreleriniň hemişe kämilleşdirilip durulýan ulgamyny öz içine almalydyr diýip, milletiň Lideri belledi. Onuň esasy maksady jemgyýetde korrupsiýany döredýän sebäpleri we şertleri köki-damary bilen ýok etmekden ybaratdyr.