Ýyllar geçdi hemme zat öñki bolşy ýalydy, ýöne Basardan habar ýokdy. Tomus paslydy Serdar begiñ rahatlygyny pozdular. Bir baýyñ oýüne gapalañ çozupdur diýen habar gelidi. Serdar beg baýyñ oýüne bardy. Görse oýüñ içinde hemmesi diş bilen gyrjalyp öldürlipdi iñ geñ zady bolsa hiç bir gara mala degilmändir. Bu waka beýleki baýlar bilen hem gaýtalandy. Oba howsala düşüpdi kimler muña gaplañ peýda bolupdyr diýse beýlekiler muña baýlary öldürýän arwah-jyn diýipdiler. Obada gitdigiçe myş-myşlar peýda boldugyça Serdar beg hem muña has beter howsala düşürdi. Serdar beg howlusynda itleriniñ sanyny köpeltdi ýatandada tüpeñini gujaklap ýatardy, çala şygyrdy eşdilse göni oýanyp tüpeñi bilen howla çykardy. Ine bir gün hem Serdar begi itleriñ çyñsaýan sesi ukysyny pozdy. Gapyny ylagap baryp tüpeñi bilen açdy, Serdar beg doñup galdy, görse Basar ar almana gelipdi ýany bilen 4-5 sany möjek alyp gelipdi. Basar Serdar bege topulyp agzy bilen tüpeñi döwdi we Serdar begi ýaralady. Öýündaki Serdar begiñ aýalyny we çagalaryny bir birden süýräp Serdar begiñ gözüniñ öñünde öldürdi iñ soñunda bolsa Serdar begiñ özini öldirdi. Basar indi öz eýesi Berdiniñ we ejesi garagözüñ we doganlarynyñ aryny alypdy. Edil Serdar begiñ Basaryñ gözüniñ öñünde hemme hossarlaryny öldürşi ýaly Basar hem Serdar begiñ aýalyny we çagalaryny Serdar begiñ gözüniñ alnynda öldürdi. Şeýdip Basar möjek süra goşulyp gitdi, oba hem önķi rahatlygyna dolandy. Şeýdip hem Basar hakda rowaýat döräpdi.