Günlerde bir gün bir kör adam beýik jaýyň gapdalyna geçip, ýaglyjagyny ýazyp güne seredip oturypdyr. Onuň beýle tarapynda kagyzyň ýüzüne bolsa “meniň gözüm kör, haýyş edýän maňa kömek ediň” diýip ýazylgy eken. Birsalymdan soň kör adamyň ýanyndan biri geçip barýarka saklanypdyr. Ol ýerde birnäçe teňňe ýatan ýaglyga seredip gynanypdyr. Ýalyga iki-üç sany teňňe oklap, soraşman diýen ýaly gapdaldaky duran kagyza täze sözleri ýazypdyr-da öz ýoly bilen gidipdir. Öýlänräkler şol adam ýene geçip barýar eken, görse ýaglyk teňňelerden doly. Kör adam şol geleni aýak urşundan tanap, ondan kagyza näme ýazandygyny sorapdyr. Şonda ýaňky adam:
- Hiç hili ýalňyş zat ýazamok. Men ýöne hälki ýazylan zady çalaja üýtgedibräk ýazdym – diýip ýylgyrypdyr-da gidipdir. Şol kagyzdaky ýazylan täze sözler ine şeýle eken: “Häzir ýaz pasly dowam edýär, emma men ony görüp bilemok”.
Hiç haçan eliňizden gelýän ýagşylygy gysganmaň. Aglap duran çagany köşeşdirmek, garry daýy-daýzany ýoldan geçirmek, olaryň elindäki goşlaryny alyp kömekleşmek- bular biz üçin hiç hili agyr güýç sarp etmeli iş däldir. Adamyň sylag-hormaty ilki bilen eden ýagşylygy esasynda ýüze çykar!
Barsacy 5 years ago- 👍👍👍