Halk Maslahatynyň hukuk ýagdaýy kämilleşdiriler
30-njy sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň ýolbaşçysynyň hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.
Iş maslahatynyň barşynda 25-nji sentýabrda Halk Maslahatynda kabul edilen kararlary ýerine ýetirmek bilen bagly alnyp barylýan işler barada hasabat berildi. Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa bu ugurda parlamentiň deputatlarynyň alyp barýan işleri barada habar berdi – diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti habary diňläp, ýurtda kanunçykaryjylyk ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň, kanun çykaryjylyk işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň wezipeleri hem-de şu günüň talaplary bilen baglydygyny belläp, Halk Maslahatynyň hukuk ýagdaýyny kämilleşdirmek boýunça işleriň geçirilmeginiň hem zerur bolup durýandygy bilen baglylykda, şol meseleleri çözmegiň möhümdigini aýtdy.
Türkmenistanyň hukuk ulgamyny özgertmekde we Esasy Kanunyny kämilleşdirmekde iň gowy dünýä tejribesinden, halkara ölçeglerinden ugur alynmalydyr we halkara hukugynyň esas goýujy kadalaryna eýerilmelidir diýip, döwlet Baştutany nygtady.