Meret atly 1nji synp okuwçy hemişe mollymyndan 2lik alýan eken Mollymy mundan bizar bolyp bir gezek muña 2lik dälde 1lik goýypdyr Meret oyüne şadyýan ýylgyryp gelip Ejesine gündeligini gorkezýär we şeýle diýýär
Eje eje gordiñmi bu gezek mollym gündeligme 1 sanyny goýdy
Hawa akmak oglan ýeri sen näme üçin begenýäñ Kakañ gelsin seniñ bu işiñi tizräk oña aytmasam bolmaz
Hawa eje menem oña tizräk aýdasym gelýä
Nämäni??? 2likdenem pese düşeniñimi???
Hawa... Sebabi 2 sany 2nji orunda durandygymy añladýa A indi bolsa men 1nji oruna mynasyp boldym Mollym ahyry meni 1nji oruna goýdy Meniñ partadaşym 5lik aldy Onuñ häzir içi ýanýa Sebäbi ol 5nji orynda ))))
*****
Iki sany kone dostlar sataşýar Olar salamlaşyp gürleşip otyrýar Olaryñ biri kel beýlekisi bolsa Saçy umuman düşmedik Onsañ ol kele ýüzlenip
-- Aý dos kelläñde ýeke tar saç galmandyra Näme boldy saña???
-- Aý maşgalaly bolsañ derdiñem bolýan ekendä Derdiñ bar bolsa saçyñ yok bolýan eken A ýõne señ kelläñden ýeke tar saç gaçmandyr Näme dos señ aladañ yokmy???
--- Wahh dos bar Meñ aladam şeýle bir kän welin Olaryñ haýsy biri hakda alada etjegim bilman soñ ahyr hiçisi hakdadam alada edemok Şoñ üçünem saçym düşenok)))
****
Biznesi 0-dan başlamagyň iň gowy ýollary:
1. Baý maşgalada dogulmak.
****

Internetde pul işlemgi 2-ädimde düşündirýän:
1. Internedi öçürýäris.
2. Işe gitýäris.
****

Bir ýylan, öz dosty ýylandan soraýar:
+ Biz örän zäherlimi?
- Hawa örän.
+ Örän-öränmi?
- Hawa örän-örän.
+ Ohho onna meň işlim gaýtdy, dilimi dişläpdirna.
****

Dünýäniň top 3 baýlary kafeda otyr diýýär.
Baýlaň bir Amerkan, biri Türkmen, birisi bolsa Ýewreý diýýär.
Bular şeýle bir baýlygy bardy, biri birine göwni ýetenok diýýär.
Soň diýýä Amerkan we Ýewreý-den gelen baý Türkmeniň üstünden güleli diýip, özlerini öwmäge başlaýarlar.
Amerkadan gelen milýader:
Men ýakynda Google kompaniýasyny satyn almakçy, pulym bolsa şeýle bir köp welin zyňyşyp oýnasaňam bolýar dostlar
diýýär.
Ýewreý diýýär:
Dostlar size aýtsam şeýle bir pulym köp welin ýakynda Microsoft-y satyn almakçy
diýýär.
Soň Amerkan we Ýewreý Türkmen baýynyň ýüzüne seredip sen näme edip bilersiňiz diýip, üstünden gülen ýaly edip soradylar.
Türkmen arkaýyn elindäki loşkasy bilen öz kofesini bulap, loşkany goýduda:
Jan dostlar men hiç-zat satjak dälä

Edebiýat, 12 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir