Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň gözel künjeginde ýerleşýän Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna baryp, bu ýerde behişdi bedewler bilen didarlaşdy we atly gezelenç etdi.

Bu ýerde milli Liderimiz bedewleriň idedilişi hem-de ýagdaýy, aýratyn-da, çapyşyga gatnaşýan atlaryň seýislenişi bilen gyzyklandy.

Döwlet Baştutanymyz «Irden tur-da, ataňy gör, ataňdan soň — atyňy» diýen paýhasly jümlä eýerip, Şapolat atly bedew bilen didarlaşdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, ahalteke bedewlerine aýratyn sarpa goýýar, atly gezelenç etmek, at çapmak we atçylyk sportunyň dürli görnüşleriniň ösdürilişi bilen gyzyklanmaga wagt tapýar.

Behişdi bedewler gözelligi hem-de nepisligi, wepadarlygy, örän ösen üşügi bilen şahyrlar we ýazyjylar, suratkeşler üçin asyrlaryň dowamynda ylham çeşmesi bolup hyzmat etdi. Dünýä peşgeş berlen bu täsin gudrat daşary ýurtly alymlaryň we atşynaslaryň ünsüni hemişe özüne çekýär.

Asyrlaryň we müňýyllyklaryň dowamynda ady rowaýata öwrülen bedewleriň şanyna aýdylan öwgüli sözleriň san-sajagy ýokdur! Atlar asyllylygy, mähirliligi, akyl-paýhasy we örän ýakymly häsiýetleri bilen tapawutlanýar.

Ahalteke bedewleri häsiýeti boýunça adamlara meňzeş bolup, mähirli garaýşy duýýarlar we şeýle jogap berýärler diýip, milli Liderimiz öz kitaplarynda ýazýar.

«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda bellenilen Garaşsyzlyk baýramynyň 28 ýyllygy mynasybetli guralan at çapyşyklarynda saýlama bedewleri çykyş etdiler, ýeňijiler bolsa ministrlikleriň we edaralaryň, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň baş baýragyna mynasyp boldular. Bu waka ýurdumyzda atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmäge uly ünsüň berilýändigine şaýatlyk edýär.

Ahalteke atçylyk toplumynda hormatly Prezidentimiz mähirli bedewler bilen didarlaşyp, Şapolat atly aty athanadan çykaryp, onuň bilen gezim etdi.

Soňra milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bedew ata atlanyp, ony çapuw ýodasyna çykardy. Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň häzirki okgunly ösüşiň we rowaçlygyň täze belentliklerine tarap gadam urýan ahalteke bedewiniň ýyndamlygy bilen deňeşdirilýändigini bellemek gerek.

Halkymyz bedew bilen iň belent arzuw-hyýallary, dünýä garaýyşlary hem-de asylly maksatlary baglanyşdyrýar. Bular barada hormatly Prezidentimiziň «Atda wepa-da bar, sapa-da» kitabynda gürrüň berilýär. Bu döwlet Baştutanymyzyň ahalteke bedewleriniň gözelligine, nepisligine, wepadarlygyna, tebigatyň we ynsan zehininiň sazlaşygyna bagyşlanan ýene bir ajaýyp kitabydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde, Türkmenistan dünýäde iri atşynaslyk merkezi hökmünde tanalýar, bedewlerimiz hem-de çapyksuwarlarymyz bolsa halkara sergileriniň, abraýly atçylyk sport ýaryşlarynyň we çapyşyklaryň ýeňijileri bolýarlar.

Ahalteke bedewleriniň dünýäde şan-şöhratyny artdyrmak hem-de arassa tohumyny gorap saklamak maksadynda uly işler geçirilýär. Milli Liderimiz tutuş kalby bilen bedewlere halkymyzyň belent sarpasyny, mährini siňdirip, olar baradaky aladany, ahalteke tohumly bedewleriň sanyny artdyrmak hem-de atçylyk sungatynyň milli däpleriniň dowamatlylygyny saklamak we häzirkizaman tehnologiýalary bilen baýlaşdyrmak işlerini syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi.

Bedew taýlykdan başlap, ösüp-ulalyp, öz gözelligi, syraty, çalasynlygy bilen uly ili haýrana goýýança, oňa köp zähmet we güýç, bilim-tejribe, zehin hem-de söýgi sarp edilýär. Türkmen halky bolsa öz bedewlerine yhlasyny siňdirmegi başarýar, ahalteke bedewleri munuň aýdyň subutnamasydyr.

Ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň giň gerimde bellenilýändigini nygtamak gerek, onuň çäklerinde dürli çäreler, atlaryň gözellik bäsleşikleri, atçylyk sport ýaryşlary, sergi-ýarmarkalar guralýar. Bu baýramçylyk halkymyzyň zehininiň we paýhasynyň, ata-babalarymyzyň däp-dessurlarynyň dabaralanmagy bolup durýar.

At çapyşyklary — türkmen toýlarynyň aýrylmaz bölegidir. Ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýetli bolan toý-baýramlar mynasybetli at çapyşyklary guralýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hünärmenleriň öňünde häzirkizaman usullary peýdalanmak arkaly tohumçylyk işiniň ylmy esaslaryny pugtalandyrmak, atçylyk sportunyň ähli görnüşlerini has işjeň ösdürmek, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek babatda wajyp wezipeleri goýýar.

Esasy zat atşynaslyk ýörelgeleriniň dowamatlylygyny hem-de özenini saklap galmakdan ybaratdyr diýip, milli Liderimiz nygtaýar.

Gadymdan gözbaş alýan bu däp-dessurlary aýawly saklap, sanly tehnologiýalaryň döwründe ýaşlaryň şol ýörelgeleri mynasyp dowam etdirmegini, halkymyzyň taryhy ösüşini kesgitlän bu ajaýyp bedewlere yhlas — alada, mähir bilen garamaklaryny gazanmak zerurdyr.

Edara jaýy Aşgabatda ýerleşýän, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylyk edýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi netijesinde, bu ulgamda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin täze mümkinçilikler açylýar, behişdi bedewleriň dünýäde şöhratynyň artdyrylmagyna ýardam edýär.

Dürli döwletlerden alymlaryň, ippologlaryň, atşynaslaryň, genetikleriň, seçgiçileriň, atçylyk sporty bilen meşgullanýan türgenleriň, tälimçileriň gatnaşmagynda ýurdumyzda halkara sergileri hem-de maslahatlary guralýar. Bu hem öz nobatynda ahalteke bedewleriniň dünýä dolan şöhratyny artdyrmaga ýardam edýär.

Türkmen halky milli buýsanjymyza hem-de adamzadyň bahasyna ýetip bolmajak baýlygyna — ahalteke bedewlerine bagyşlanan köp sanly nakyllary hem-de pähimleri aýawly saklap, biziň günlerimize ýetirdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde, bedew ählihalk söýgüsine mynasyp boldy hem-de döwürleriň we nesilleriň sazlaşygyny hem-de döredijiligiň arabaglanyşygyny özünde jemläp, berkarar Watanymyzyň ösüşiniň baş nyşanyna öwrüldi.

Edebiýat, 12 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir