Bilbil her gün ir bilen turup gülüň başujyna baryp dowamly aýdym aýdyp durýardy. Bu onuň ýaşaýyş şekilidi. Gün dogandan, gün batýança şeýle dowam edýärdi. Şeýle bir ýitiripdir bilbil özüni howanyň ýagyş, palçyk, sowuk, yssydygyna garamaň her gün irden irginsiz aýdym aýdýardy güle.
Bilbiliň bu akyla zyýan söýgisi dilden dile ýaýrady. "Gül Söýgüniň we Gözelligiň wekili boldy". Söýgüsini görkezmek, düşündirmek islän islendik kişi biri-birine gül berip duýgusyny görkezýän (wasyp edýän) boldy. Bilbiliň bu hereketi güli ýönekeý bir ösümlik bolmakdan has tapawutlandyryp, ony söýginiň nyşany halyna getirdi. Ýogsa-da ujunda bir gysym gyrmyzylyk bolan bir ýaşyl uzunja sap näme üçin bular ýaly dünýä ýüzünde meşhurlyk gazansyn! Gel gör näme bolanyny, gül bu ýagdaýy hiç wagt kabul etmändir; hatda bilbiliň bu perýadyny ketjallyk edip eşitmediksirän bolup ýöripdir.
Ahyr soňy bilbil bütin gaýratyny jemläp bir gün aýdym aýtmagyny goýup usuljyk bilen gülüň ýanyna ýakynlaşyp sorapdyr:
-Eý gül saňa bolan söýgümi bilýäň; ýöne hiç garşylyk bereňok, näme derdiň? diýip sorapdyr.
Gül jogap beripdir:
-“Aý sen meniň üçin aýdym aýdýardyňmy, ynan hiç duýmandyryn”, diýip jogap beripdir.
Bu jogap garşysynda bilbil hiç hili durşuny üýtgetmedi, emma gaty ynjyndy. Ýene-de aýdym aýtmakdan dänmedi. Dowamly aýdym aýtdy, her gün ir bilen... Gül hiç eşitmedi bilbili. Bilbil aýdymy aýdyp ýören wagtlarynda beýleki tarapda bürgüt batyrlygyň-gaýduwsyzlygyň nyşany boldy. Garga; akylyny bütin dünýä tanatdy. Kepderi; päkligiň we parahtçylygyň nyşany boldy. Laçyn ýyrtyjylygy bilen tanaldy. Horaz bolsa menem bar diýip bir işe ýaraýanyny görkezdi, takyklygyny bütin dünýä görkezdi. Bilbil bütin durmuşy boýunça pukara kimin diňe güle aýdym aýtdy ýördi. Ketçallyk etdi, diňe aýdym aýtdy.
" NE EŞIDEN BOLDY BILBILI NE-DE ALKYŞLAN ".

Edebiýat, 12 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir