Häzirki wagtda dünýäniň ähli ýerinde diýen ýaly psihologlaryň we pedagoglaryň iň esasy üstünde durýan meseleleriniň biri «Çagalarda emosional we intellektual aňlaýyş ukybynyň ösüşi» temasydyr. Ýagny emosional we intellektual duýgularyň nahili kemala gelýändigi, olaryň haçan emele gelmäge başlaýandygy we olara nämeleriň sebäp bolýandygy hakdaky meseleler iň kän üstünde durulýan meselelerdir. Biz hem bu günki makalamyzda şolar hakda durup geçmekçi.
Biz öňi bilen “emosional aňlaýyş ukyby” diýlende nämä düşünmeli, şonuň üstünde durup geçeliň.
Emosional (duýguçyl) aňlaýyş ukyby (emotional intelligence, EI) – Başarnykly položitel duýgularyň barlygyny duýup ýa-da aňlap, zyýanly duýgulardan bütinleý gaça durmak hem-de başga adamlaryňam şolar ýaly duýgularynyň bardygyny bilip, şoňa düşünmek ukybydyr. Emosional aňlaýyş ukyby ýokary bolan adamlaryň öz durmuşlarynyň dowamynda gazanýan üstünlikleri ähli temalarda diýen ýaly beýlekilerden has ýokary bolýandygyny geçirlen ylmy-barlaglaryň netijesi görkezýär. Olar ýaly duýgy ukyby adamlarda eýýäm çagalyk döwründen emele gelip başlaýar hem-de olaryň gelejekdäki üstünliklerine öz oňyn tasirini ýetirip ugraýar.
Emosional aňlaýyş ukyby çagalarda ilki bilen maşgalada döreýär, soňra bolsa onuň sosial gatnaşyklarynda özüni görkezýär. Maşgaladaky gatnaşyklar nahili bolup geçýän bolsa, olar çaganyň içki dünýäsine aralaşyp, onuň öz durmuşynda hem şolar ýaly duýgy-düşünje bilen hereket edip başlamagyna sebäp bolýar. Soňra çaga ol hereketleri öz ýaşaýşynyň dowamynda aň ýetirmezden, biygtyýar gaýtalap gezýär we durmuşda gazanjak üstünlikleri-de, köplenç, şoňa bagly bolýar. Ýagny maşgalada nahili pozitiw (oňyn) we negatiw (tersin) gatnaşyklar bolup geçýän bolsa, olar gönümel çagalara täsir edýär we çaga öz häsiýetlerini pikirlenmezden şoňa görä şekillendirýär. Meselem, maşgalada goh-galmagal, düşünişmezlikler köp bolýan bolsa, bu zatlar çagada durmuşa bolan gahar, ýaşaýşa bolan garşy çykma duýgusyny emele getirýär (прeтензия к миру) we şeýdibem ol şol ýerden özüniň adamlara bolan göriplik, dikbaşlylyk häsiýetlerini alýar.
Hazirki wagtda ene-atalaryň birentegi öz çagalarynyň gowy terbiýelenmegine köp üns berýärlar. Emma çagalaryna terbiýe berenlerinde hemişe öz duýgy- düşünjelerine görä hereket edýärler. Ýagny çaganyň duýgy-düşünjesi känbir soralyp durulmaýar. Emma meselaniň aslyna seredenimizde weli, eger biz çagamyzyň gelejekde has başarjaň we intellektual adam bolmagyny isleýän bolsak, olaryň duýgularyna-da has köp üns bermelidiris. Ýagny çaga özüniň begenjini, gynanjyny aýdyp bilmeli hem-de edil şol wagt özüniň nahili duýguny başdan geçirýändigini, daş-töweregindäki adamlara bolan duýgularynyň nähilidigini arkaýyn beýan edip bilmelidir. Eger çaganyň hossarlary öz çagalarynyň nähili duýgy-düşünjededigine garamazdan, ony aňly-üşükli adam etmek üçin diňe öz duýgy-düşünjeleri bilen hereket edýän bolsalar, onda olar öz çaganyň içki dünýasinde durmuşa bolan gorky, özune, öz ukyplaryna bolan ynamsyzlyk duýgularyny emele getirýändirler we bu negatiw (tersin) duýgulary çaga bilniksiz ýagdaýda öz ömrüniň dowamynda ulanar ýörer hem-de olaryň ýaramaz täsirlerini durmuşynda hemişe görer. Beýle çagalar ulaldygyça özlerine görä däl-de, eýsem, başgalaryna görä hereket ederler we durmuşdan lezzet alyp bilmezler, wagtlaryny hemişe başga bir zadyň gözleginde geçirerler. Bu bolsa çaganyn durmuşdaky psihologiki başarnygyna gaty täsir edýändir. Ýagny çaganyň durmuşundaky esasy başarnygy IQ başarnygy däl-de, eýsem, EI başarnygydyr. Ýagny başarnyklaryň we üstünlikleriň diňe 20 % IQ bilen baglanşyklydyr, galan 80% EI bilen baglanşyklydygyny geçirlen soňky ylmy-barlag isleriniň netijesi subut etdi. Şol sebäpli-de çagalaryňyzyň diňe akyl we bilim taraplaryna däl-de, eýsem, olaryň emosional akyl ýetiriş taraplaryna-da, şol ukyplaryna-da köpräk üns bermelidiris. Çünki çaganyň durmuşda has başarnykly, has akyl-paýhasly bolmagy üçin emosional akyl ýetiriş ukybynyň has güýçli bolmagy zerurdyr.