Türkmen alabaýy
Asyrlaryñ sungatyna
Dowam türkmen alabaýy.
Halkyñ milli gymmatyna
Kemal türkmen alabaýy.
Ýurdum-joşgunyñ mekany,
Toýuñ buşlugyñ mekany!
Gujurly, syzgyr, wepaly,
Merdan türkmen alabaýy.
Durky peleñ, şir mysaly,
Mizemez şöhraty ýoly.
Gerek bolsa, gerçek ýaly
Edermen türkmen alabaýy.
Penasynda hatar nerler
Ýol geçendir kerwen-kerwen.
Agramyna altyn berlen,
Halal, türkmen alabaýy!
Goja taryhda ady bar,
Geçmişden janly ýadygär!
Waspy dünýäni jadylan,
Ykrar türkmen alabaýy.
Nepis halym, bedewim deý,
Mirasdyr bu pederimden.
Ýeñişleriñ hataryndan
Nyşan türkmen alabaý!
Gurbanguly Berdimuhamedow
13.09.19