Ine seniň garnyňda peýda bolanyma birnäçe gün boldy. Sen meniň ejem bolýandygyna nähili begenýändigimi söz bilen beýan etmek maňa agyr gelýär, meniň nähili söýgi bilen ýaradylandygym meni begendirýär, eje. Hut şu sebäpden hem meniň göwnüme, men iň bagtly çagalaryň biri bolaýjak ýaly.
Ine, eýýäm ikimiz bir aý bäri bile. Meniň bedenim belli bir görnüşe eýe bolup başlady. Bilýän, men häzir edil sen ýaly owadan däl, ýöne maňa wagt ber. Men şeýle bagtly!!! Ýöne meni bir zat binjalyksyzlandyrýar. Soňky wagtlar sen şeýle bir gaýgylanýaň, bu ýagdaý maňa rahatlyk berenok, eje. Ýöne sen gaýgy etme, hemmesi geçer. Ynamyňy ýitirme, eje.
Ejejan, eýýäm 2,5 aý geçdi. Men ellerimiň ösüşini görüp örän begenýän. Men sabyrsyzlyk bilen garaşýan,"haçan men olar bilen oýnap bilerkäm" diýip. Hemme zatdan beterem, men ol ellerim bilen saňa ýakynlaşasym gelýär. Ejejan, düşündirsene sen näme üçin gijelerine aglaýarsyň? Haçanda kakam bilen duşuşanyňyzda siz sögüşýärsiňiz? Mümkin siz eýýäm meni isleýän dälsiňiz? Siziň meni söýmegiňiz üçin men elimden gelenini edýän-ä ,ejejan.
Eýýäm 3 aý geçdi, men duýýaryn eje, sen şeýle bir sussypes.Düşünemok. Nämeler bolup geçýär, men howatyrlanýan. Şu gün lukmanyňkyda bolduňyz, men özümi gaty gowy duýýaryn. A ertir näme üçin biz, ýene onuň ýanyna gitmeli? Ýa-da seň ýagdaýlaryň gowy dälmi, eje?
Ejejan, häzir wagt gije ýarymdan geçdi, men şonda-da ukym tutanok.Elleriň bilen oýnamak nähili gyzyklydygyny bilsediň..
Biz ýene-de lukmanyňkyda. Nämeler bolup geçýär?
Waý!!! Meniň öýümdäki zat nämeka? Bu täze oýunjakmyka? Seret, eje?! Näme üçin meň öýümi yrgyldatýarlar?
Siz näme üçin beýtýäňiz?
Men gorkýan!!!
Eje!
Meň aýagymdan çekýäler, goparýalar! Meniň nähili ejir çekýänimi siz nädip görüp bilmeýärsiňiz, eje? Eje men özümi goramaga şeýle ejiz we kiçijek. Goraýda meni, kömek et maňa, ýalbarýan. Aýt olara, goý bes etsinler. Söz berýän, men gowy, akyllyja bolaryn. Men garnyňda kän betlik etmen, depirjiklemerin.Ol nähili adamka, maňa beýdip bilýän, menem adama ejenan.
EJE!!!
Men mundan artyk çydap bilemok, ejejan kömek et maňa.
Ejejan şol günden bari 4 ýyl geçdi, Men seniň şol günki gelen netijäň üçin nähili ezýetleri çekýäniňi asmandan görüp otyryn. Haýyş edýän aglama. Meniň seni güýçli söýýändigimi bil we men ikimiziň duşuşygymyza garaşýaryn.
Men seni öpýän ejejan.
Gyzgyn soýgi bilen, seniň ÇAGAŇ!!!