Ýerden 400 km töweregi uzaklykda Ýeriň daşyndan aýlanýan Halkara kosmos bekedindäki internetiň tizliginiň ýokarlandyrylandygy mälim edildi. NASA bu beket bilen has çalt aragatnaşygy ýola goýmak we geljekde ylmy-barlaglary gysga wagtda netijeli ýerine ýetirmek üçin internet tizligini iki esse ýokarlandyryp, 600 Mbps tizlige ýetirdi. Şeýle hem ýokary tizlikli internet aragatnaşygy geljekde gurulmagy maksat edinilýän “Gateway” bekedinde ulanyljak aragatnaşyk mümkinçilikleri üçin hem ähmiýetli bolar. Halkara kosmos bekedi bilen aragatnaşyk Ýeriň ýüzündäki antennalar hem-de Gözegçilik-maglumat geçiriji emeli hemralar (TDRS) arkaly üpjün edilýär. Kosmos bekedinden gelýän maglumatlar bu emeli hemralar arkaly Ýerdäki antennalara iberilýär. Bu ýerden bolsa adaty geçirijiler arkaly degişli merkezlere iberilýär. Şeýle çylşyrymlydygyna garamazdan, kosmos bekedi bilen Ýeriň arasyndaky aragatnaşyk bir sekuntdan hem az wagtda amala aşyrylyp bilinýär. Ýokarlandyrylan internet tizligi arkaly kosmos bekedinde iş alyp barýan kosmonawtlar has ýokary durulygyndaky wideolary we beýleki maglumatlary gysga wagtda Ýere ibererler. Halkara kosmos bekedinde dünýäniň dürli ýurtlaryndan astronomlar bolup, ol ýerde ylmyň birnäçe ugurlaryna degişli barlaglar geçirilýär. Beketde hemişe alty adam bolup, her kosmonawt ol ýerde 6 aý çemesi bolýar.