Eger-de siz kofäni köp içýän bolsaňyz, onda onuň yz ýanyndan
peýnir bölegini, banan iýmek ýa-
da bir bulgur süýt içmek maslahat
berilýär. Çünki bu önümler kofe
içgisiniň zeper ýetirýän elektrolizleriniň deňagramlylygyny saklamaga ýardam edýär.
* * *
Aýakgabyňyzdaky ýakymsyz
ysy aýyrmak isleseňiz, köwşüňiziň
içine ýörite haltajyklardaky atym
çaýyndan salyp goýaýyň.
* * *
Öýjükli telefonyňyzy dessine
işletmek zerurlygy ýüze çyksa,
onuň «Uçarda» atly hyzmatyny
ýakyp, güýç beriň, ol onuň çalt
elektrik güýç almagyna ýardam
eder.
* * *
Eger-de siz mikrotolkun pejinde iýmit gyzdyrmak isleseňiz,
onda iýmiti halka görnüşinde
ýerleşdiriň, bu onuň deň derejede gyzmagyna kömek eder.
* * *
Mikrotolkun pejinde gyzdyran pissaňyz köp halatlarda
çeýnemäge kynçylyk dö
redýär. Şonuň üçin hem mikrotolkun
pejine pissanyň ýany bilen 1 bulgur
suw salyp, soňra gyzdyrmak maslahat berilýär.
* * *
Mikrotolkun pejinde nahar gyzdyrylanda, kähalatlarda ol syçra
ýar we ýakymsyz yslary döredýär.
Munuň üçin öl esgini mikrotolkun
pejiniň içine salyp, 1 minut işletmek
maslahat berilýär. Bug bilen enjamyň içindäki ýaglar we iýmit galyndylary ereýär. Soňra şol öl esgi bilen
mikrotolkun pejiniň içini süpüräý
mek galýar.
* * *
Birinji gatda ýaşaýan adamlaryň
öýünde, köplenç halatlarda, howanyň maýlamagy bilen ownuk mör-
möjekler peýda bolýar. Eger-de
hepdede bir gezek öýüň ähli ýerini
sirke garylan suw bilen ýuwup çyksaňyz, dürli mör-möjekleriň döremeginiň öňüni alar.
* * *
Kesilen miweleriň goňurlaşmazlygy üçin limon ýada ary balyna
garylan suwy çalmakdyr. Limon suwundaky C witamini we balyň
düzümindäki peptid reň
kiniň garalmagyna sebäp bolýan
oksid täsirleşmesini togtadýar.
* * *
Çorbanyň ýüzündäki ýagy köp
bolan halatynda, ony azaltmak üçin
içine bir-iki buz bölejigini taşlamaly.
Sowuk buz eräp ýaglary kenarlara
itýär. Netijede, çemçe bilen isledigi
ňizçe aýyrmak oňaýly.
* * *
Ýumurtgalaryň gabygyny aňsatlyk bilen aýyrmak üçin gaýnap duran suwa bir nahar çemçe gabartma
sodasy ýada sirke goşmak ýeterlidir.