Düýn Özbegistan Respublikasynyň Hywa şäheriniň «Içangala» döwlet muzeý-goraghanasynda «Tansyň jadysy» atly halkara tans festiwaly açyldy. Iki ýyldan bir gezek geçirilýän bu festiwal Özbegistanyň Medeniýet ministrligi, Horezm welaýatynyň häkimligi, hem-de Syýahatçylygy ösdürmek boýunça döwlet komiteti tarapyndan bilelikde guralýar ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Festiwala dünýäniň Beýik Britaniýa, Fransiýa, Italiýa, Russiýa, Niderlandlar, Kuweýt, Malaýziýa, Hindistan, Hytaý, Indoneziýa, Polşa, Gruziýa, Azerbaýjan, Gazagystan, Täjigistan, Türkmenistan ýaly 20-den gowrak ýurdundan tans toparlary gatnaşýar. Şeýle hem bu gözden geçirilişe dünýä ýurtlaryndan ýokary derejeli myhmanlar, Özbegistandaky diplomatik wekilhanalaryň işgärleri, 20-ä golaý daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşýar. Festiwalda Türkmenistana Daşoguz welaýatynyň medeniýet müdirliginiň «Dessan» folklor tans topary wekilçilik edýär.
Halkara festiwalyň çäklerinde Özbegistanyň milli medeni mirasy, sungaty, milli gymmatlyklary hem-de däp-dessurlary bilen birlikde, oňa gatnaşýan ýurtlaryň tans sungaty hem görkeziler. Halkara festiwalyň esasy maksady milli tans sungatyny wagyz etmekden hem-de syýahatçylygy ösdürmekden ybaratdyr.
Tans festiwalynyň çäklerinde ussat tansçylaryň döredijilik duşuşyklary, folklor tans toparlarynyň çykyşlary guralar, sahna we gurjak oýunlary görkeziler, hünärmentleriň, milli tagamlaryň, milli egin-eşikleriň, amaly-haşam sungatynyň önümleriniň sergileri ýaýbaňlandyrylar. Festiwala gatnaşyjylar Hywa şäheriniň taryhy-medeni ýadygärliklerine aýlanyp görmäge mümkinçilik alarlar. Halkara tans festiwalynyň jemleýji gününde dabaraly konsert geçiriler hem-de dürli ugurlar boýunça festiwalyň ýeňijilerine ýörite baýraklar gowşurylar.

Täzelikler, 12 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir