Gowy geçirilen gün nähili gowy uky bilen tamamlanýan bolsa, gowy geçirilen ömür hem ajaýyp ölüm bilen tamamlanar.
* * *
Ömürboýy ýaltalyk bilen geçdik, käşgä ene-atalarmyza ýalta bolmasadyk...
* * *
Durmuşy düýş ýaly ýalan-ýaşryk diýip kabul etmezligmiziñ sebäbi öwrenşenligimizdedir.
* * *
Haýsy kömür günlerde bir gün almaz boljagyny öñinden bilip-biler?!.
* * *
Müñlerçe ýaşaýyş görnişlerinden diñe birinde ýaşap bolar. Başgalarynyñ şatlygyna höwes etmek akmaklykdyr. Sebäbi ony nähili ulanmalydygymyzy bilip-bilmeris.
Şatlyk taýýar däl, sargytdyr.
* * *
Kiçiligimden adamlary haýwanlara meñzetmek häsiýetim bar. Meselem: Kimleriñ ýüzi garlawajy, kimleriñ ýüzi goýuny, tilkini, möjegi ýatladýar. Her kimiñem meñzeýän haýwanyna görä häsiýeti bolýar. Onsañ bir goýuna: "Sen näme üçin beýle ýuwaş?" ýa-da bir tilkä: "Näme üçin sen beýle hokgabaz?" diýip bolarmy?!.