Muhammet el-Bakyr
Patmaýy-Zähradyr anyň enesi,
Zatynda bir zerre ýoktur günäsi,
Humaýun dagydyr ahyr binasy,
Muhammet Bakyra bagyşla bizni.
(Magtymguly Pyragy XVIII asyr)
Muhammet el-Bakyr Medine şäherinde 676-njy ýylda dünýä inipdir. On iki ymamlaryñ bäşinjisi hasaplanylýar. Dördünji ymam Huseýiniñ ogly bolan Aly bin Huseýin (Aly Zeýn el-Abydiniñ) ogludyr. Ejesi ikinji ymam Hasan bin Alynyñ gyzy bolan Fatyma bint Hasan el-Mujtebadyr. Ymamyýet yktydaryna görä hem eje hem-de kaka tarapyndan Yslam dininiñ soñky pygamberi Muhammet aleýhissalam bilen garyndaşlygy bolan ilkinji ymamdyr.
Yslam alymlarynyñ biri bolan Muhammet el-Bakyr beýleki Ehli-Beýte degişli ymamlar ýaly Sünniler tarapyndan söýülen we hormat goýulýan şahsyýetdir.
Taýýarlan: Peşeñ ogly Afrasyýap