Pil wakasy

Hidaýat gününiñ (Pygamberimiziñ dünýä injek gününiñ) dogmasyna az wagt galypdy. Haj möwsümi başlanypdy. Ýer ýüzüniñ çar tarapyndan adamlar suw kimin akyp, Käbä zyýarata gelýärdiler. Käbäniñ beýle kän zyýaratçy ýygnanmagyna birnäçe adamlaryñ görüplikden içleri ýanýardy. Bulardan biri hem Hebeş hökümdarynyñ Ýemendäki häkimi Ebrehe Eşremdi.
Ebrehe Käbä sary ynsan akymyny duruzmak üçin, Wizantiýa imperatorynyñ kömegi bilen öñürti Sana şäherinde Kulleýs atly bir ybadathana gurdurdy. Uly çykdajylar edip, içini altyn-kümüşe bezedi. Daşyny dürli ýurtlardan getirden gymmat bahaly daşlar bilen timarlady. Şol döwürde onuñ gurduran ybadathanasyna owadanlykda taý gelip biljek ybadathana ýokdy. Ebrehäniñ hyýaly gymmat bezegler bilen halky bu ýere çekmekdi we adamlaryñ Käbä bolan uly akymyny öz islän tarapyna sowmakdy. Ebrehe ybadathana gurlup gutarandan soñra, Hebeş hökümdaryna şeýle mazmunly hat ýazdy:
''Hökümdarym! Señ üçin bir ybadathana gurdurdym welin, şu wagta çenli ne Arap, ne-de bir Ajem onuñ ýalysyny gurduran däldir. Araplaryñ hajyny bärik öwürýänçäm asla ynjalmaryn'' (27).
Emma Ebrehäniñ ähli eden çykdajylary we aladalary biderek boldy. Hakykatdan hem onuñ gurduran ybadathanasynyñ üýtgeşik owadanlygyny görmek üçin örän köp adam geldi. Emma diñe owadanlygyny we bezeglerini görmek üçin... Käbä zyýaratçylaryñ akymy bolsa, azalmaga beýlede dursun, gaýta öñküsindenem beter köpelmgini dowam edýärdi!

Kulleýsiñ hapalanmagy we Ebrehäniñ gelen karary

Ebrehäniñ Käbe zyýaratçylaryny öz ybadathanasyna sowmak niýeti bilen ullakan we örän owadan ybadathana gurduranyny araplar hem eşidipdi. Şol wagt Kinane tiresinden bolan Nefwel atly biri ybadathanany hapalap harama çykarmagy ýüregine düwdi. Bir gün gijäñ ýarynda gidip, Kulleýsiñ içini-daşyny täreti bilen hapalap harama çykardy. Soñra bolsa gaçyp ýurduna geldi. Bu waka owal hem adamlaryñ öz ybadathanasyna däl-de, Käbä gidýänlerinden kineli Ebrehäni gazap atyna atlandyrdy. Bu işi araplaryñ biriniñ edenini bilen wagty: ㅡ Araplar muny Käbelilerden ýüz öwürdenim üçin edendirler. Menem olaryñ Käbesini ýer bilen ýegsan ederin - diýip, ant içdi(28). Soñra Käbäni ýykmak niýeti Mekgä ýöriş etmäge taýýarlanyp ugrady. Hebeş hökümdaryndan Mahmyt atly meşhur pilini diledi. Hökümdar öz döwründe äpetlikde we güýçlilikde deñi-taýy bolmadyk Mahmyt diýen pilini Ebrehä berip, onuñ dilegini kanagatlandyrdy(29). Ebrehe goşunyny jemläp, Mekgä tarap ýola düşdi. Ol Mahmyt atly pili bilen goşunyñ öñüni çekip Mekgä ýakynlaşýardy. Şol wagt käbir arap tireleri bu uly goşunyñ garşysyna çyksalar-da güýçleri pes bolansoñ, ýeñildiler. Ebrehe ägirt uly goşuny bilen Mekgäniñ alkymynda ýerleşen Mugammis diýlen ýere gelende, atlylarynyñ bir toplumyny öñbaşçy hökmünde atly goşuny iberdi. Bu atlylar Mekgäniñ ýakynyna gelip Pygamberimiziñ atasy Abdylmuttalibiñ iki ýüz düýesi bilen birlikde Kureýşleriñ we Tihameleriñ düýelerini sürüp äkitdi(30). Ol wagtlar Abdylmuttalyp Kureýş tiresiniñ ýolbaşçysydy.

Ebrehe we Abdylmuttalib

Ebrehe bir ilçi bilen Kureýşlere şu habar iberdi: ''Men uruşmak niýeti bilen gelmedim, ybadathanañyzy ýykmak üçin geldim. Eger şoña garşy çykmasañyz ganyñyzy geçýärin.
Eger Kureýş tiresiniñ ýolbaşçysy meniñ bilen uruşmak islemeýän bolsa ýanyma gelsin!'' (31)
Kureýşleriñ ýolbaşçysy Abdylmuttalibiñ ilçä beren jogaby şu boldy: ㅡ Allanyñ adyna ant içýäris, biz hem uruş islämzok. Şeýle-de biziñ uruşmaga güýjümiz ýok. Onsoñam bu ybadathana Allanyñ öýüdir. Ony weýrançylykdan diñe Alla gorap biler. Eger mukaddes öýüni Özi goramasa, Ebrehäni pälinden gaýtaryp biljek güýç bizde ýokdur''(32).
Bu gepleşikden soñra Abdylmuttalib ilçi bilen birlikde Ebrehäniñ ýanyna bardy.
Abdylmuttalibiñ sypaty haýbatlydy. Ony bu sypatda gören Ebrehe öz ýanyndan oña hormat duýdy. Ony sylagly myhman derejesinde garşylap, hezzet-hormat edenden soñra, islegini sorady.
Abdylmuttalib:
ㅡ Nökerleriñiz iki ýüz sany düýämi alypdyrlar. Şolary yzyna gaýtarsañyz bolýar'' diýip, islegini aýan etdi.
Bu haýyş Ebrehäniñ göwnünden turmady. Ol onuñ üstünden gülüp:
''Seni ilki görenimde uly bir adam saýdyn. Geplemäge başlañda welin, beýle däldigiñe düşündim. Men seniñ we seniñ atalaryñ ybadathanasy bolan Käbäni ýykmaga geldim. Sen bolsa iki ýüz sany düýäñ gürrüñini edýäñ'' diýdi.
Abdylmuttalib bu sözlere:
ㅡ Men düýeleriñ eýesi. Käbäniñ hem öz eýesi we goraýjysy bardyr. Elbetde, ol ony gorar - diýip, darykman jogap berdi.
Ebrehe bu sözleri ýokuş gördi we:
ㅡ Indi ony menden hiç kim gorap bilmez! - diýdi. Abdylmuttalib bu sözleriñ hem aşagynda galmady:
ㅡ Meni o zatlar gyzyklandyranok. Ynha sen, honha-da ol (33)!
Bu iki taraplaýyn gepleşikden soñra Ebrehe Abdylmuttalibib düýelerini gaýtaryp berdi. Abdylmuttalib düýeleri bilen Mekgä gelip, bolan gürrüñi Kureýşlere aýdyp berdi. Yzyna alan iki ýüz düýesini bolsa Alla ýoluna gurban etmek üçin niýetläp goýdy.

Mekgeden çykylmagy

Abdylmuttalib Ebrehäniñ şerinden we zulumyndan goranmak üçin halka Mekgeden çykmagy maslahat berdi. Özi hem töweregindäki adamlar bilen Käbäniñ ýanyna bardy we onuñ gapysynyñ halkasyna ýapyşyp:
''Eý Allam! Bir gulam öz öýüni gorar. Sen hem öz öýüñi gora! Tä olaryñ goşunlary we güýçleri seniñ öñüñde ýeñlip boýun bolýança'' (34) diýip, dileg etdi.
Mekge boşadyldy. Ilat dag derelerine siñip,Ebrehäniñ goşunlarynyb etjek weýrançylygyna garaşyp oturdy. Mekge gamgyn Käbe gamgyn, Kureýş gamgyndy...

Goşun herekete taýýar, emma...

Ertesi günüñ säheridi. Mekgäniñ üstüne ýöriş edip, Käbäni ýer bilen ýegsan etmek üçin, Ebrehäniñ goşunlary taýýardy. Goşun diñe buýruga garaşýardy. Milady ýyl hasabynda 571-nji ýyl, 17 Muharrem, ýekşenbe günüdi.
Goşun herekete girmeziniñ öñ ýanynda Ebrehäniñ ýakyn adamlaryndan biri Nufeýl bin Habib mähnet piliñ ㅡ Mahmydyñ gulagyna şu sözleri pyşyrdady:
''Çök, Mahmyt! Sag-salamat gezen ýerleriñe dön. Sen Allanyñ mukaddes gören ýerindesiñ!''(35) Ol bu sözleri aýtdy-da, daga tarap gaçyp gitdi. Nufeýliñ pyşyrdamasyndan soñ, pil duran ýerinde çökdi oturyberdi. Ony turuzmak üçin her zat edip gördüler, emma bolmady. Piliñ ýüzüni Ýemene tarap öwürseler turup ýöreýär. Damaska tarap öwürseler hem gidýär. Gündogara gaýtarsalar hem durmaýar. Diñe ýüzüni Mekgä tarap dönderseler, ysgyny giden ýaly çökýär oturyberýärdi (36).
Bu tolgundyryjy wakanyñ şaýady bolan adamlar pil Mahmydyñ bolşuna akyl ýetirip bilmän duran wagtlary Allatagala jelalyny (ezýet, gazap) görkezdi we Kuranda ''Ebabil'' diýip atlandyrylan guşlary deñiz tarapdan Ebrehäniñ goşunlarynyñ üstüne iberdi. Bu garlawaja meñzeş guşlar aýaklary bilen iki sany, agyzlarynda-da mäşiñ ululygyndaky bir daşy getirip, goşunyñ üstüne ýagdyrmaga başladylar. Daş degen esgeriñ şo bada jany çykýardy (37).
Daş ýagşynyñ aşagynda galan goşunyñ diñe asmana añkaryp durmakdan başga elinden gelýän zat ýokdy. Ol wagt giden meýdan daş degip ölen esgerleriñ we haýwanlaryñ läşlerinden üst-üstedi. Goşun yzyna gaçmaga başlady. Ebrehe-de gaçyp, zordan janyny gutardy. Emma bet niýetine ýetip bilmedik Ebrehe birnäçe wagtdan soñ daşyñ salan ýarasyndan ölüp gitdi (38).
Käbä tarap ýöremedik pil mahmyda welin, hiç zat bolmady.
Alla tagala Ebrehäniñ goşunlarynyñ başyna Ebäbil guşlaryny musallat edip inderenden soñra, ýagyş ýagdyryp, sil getirdi. Gelen sil Ebrehe goşunlarynyñ ölülerini syryp-süpürip deñze dökdi (39).
Beýik Rebbimiz Kurany Kerimde bu hadysany bize şeýle habar berýär:

''Mähriban we rehimli Allanyñ ady bilen:

1. (Eý Muhammet), Perwerdigäriñiziñ pil eýelerini nähili (heläk) edenini görmediñizmi?
2. Ol olaryñ (Kabeýtullany weýran etmek üçin ulanan barça) hile-usullaryny berbat etmedimi?
3-4. Ol olaryñ üstüne gaty daşlary okalýan top-top guşlary iberip;
5. Olary (mör-möjek, garynjalar tarapyndan) çeýnäp taşlanan saman ýaly (eleme deşik edip taşlady)(40).

Bu hadysa Pygamberimiziñ Pygamberligine bir alamatdy. Çünki bu waka ol dünýä inmegine az wagt galanda bolup geçipdir we doglan ýeri, söýgüli Watany, Kyblasy bolan Mekge hem Käbe aklyñy haýran edýän sebäp bilen Ebrehe ordasynyñ ýykmagyndan goralypdyr.
Hawa, Alla Tagalanyñ rahmedi, elbetde, Pygamberimiziñ ýüzüniñ nurunyñ hormatyna, bu beýik ybadathanany Ebrehe goşunynyñ depelemegine ýol bermezdi, bermedi hem!..


Peýdalanylan edebiýatlar:

26. Ibni Hişam ag. eser, t-1 sah-167. Ibn Sad ag. eser, t-1, sah-100.
27. Ibni Hişam, Sire, t-1, sah-45. Ibn Sad Tabakat t-1, sah-91. Taberi, Taryh t-2, sah-109.
28. Ibn Hişam, Sire, t-1 sah-47. Ibni Sad Tabakat t-1, sah-91, Taberi, Taryh t-2 sah-110.
29. Ibni Sad Tabakat t-1, sah-91.
30. Ibni Hişam, Sire, t-1, sah-50, Ibn Sad Tabakat t-1, sah-91. Taberi, Taryh t-2, sah-111.
31. Ibni Hişam, Sire t-1 sah-50.
32. Şol ýerde.
33. Ibni Hişam, Sire, t-1, sah-51. Ibni Sad Tabakat t-1, sah-92.
34. Ibni Hişam, Sire, t-1 sah 53. Ibni Sad Tabakat t-1, sah-92.
35. Ibni Hişam, Sire, t-1, sah-54.
36. Ibni Hişam, Sire, t-1, sah-54. Taberi, Taryh t-2, sah-113
37. Ibni Hişam, Sire, t-1, sah-54-55. Ibni Sad Tabakat t-1, sah-92.
38. Ibni Hişam, sire, t-1, sah-56.
39. Ibni Sad Tabakat, t-1, sah-92.
40. Pil süresi. Pygamberimize wahyý gelmänkä, pygamberligini görkezip, ýüze çykan haýran galdyryjy wakalara ''Irhasat'' diýilýär. Bu wakalar Pygamberimiziñ pygamberligine alamatdyr. Alymlar Pil wakasyny hem Irhasat diýip kabul edýärler.

Salyh Suruç

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir