Huseýin bin Aly
Huseýin bin Aly bin Ebu Talyb ýa-da Ymam Huseýin (Arapça: الحسين بن علي; dogulan wagty: 626 – njy ýylyñ 10-njy ýanwary, dünýeden öten wagty: 680-nji ýylyñ 10-njy oktýabry).
Yslam pygamberi Muhammet aleýhissalamyñ ikinji agtygy. Dördünji halyf Aly bin Ebu Talybyñ ikinji ogly. Ejesi Muhammet aleýhissalamyñ gyzy Fatyma (Patma) Zahradyr. On iki ymamlaryñ üçünjisi bolan Huseýin bin Aly, Yslam halyfatynyñ Emewi halyflygyna öwrülmezligi üçin göreşipdir we soñunda Emewiler tarapyndan öldürilipdir.
Neslinden gelenlere ''Huseýini Seýýid'' diýip atlandyrylýar.
Huseýin Hijrýetiñ dördünji ýylynda Şaban aýynyñ üçünji gününde eneden dogulýar. Käbir taryhçylar onuñ hijrýetiñ 3-nji ýylynda dogulandygyny tassyklaýarlar(1).
Fatyma (Patma ene) bu perzendi doguran wagty Muhammet aleýhissalama habar berildi we gelen soñ agtygyny bagryna basyp sag gulagyna azan, çep gulagyna kamat okady. Soñra Alydan sorady: ''Ogluma näme at dakdyñ?'' diýip soranynda Aly ''Senden öñ oña at dakmadym'' jogabyny berip yz ýanyndan şeý diýdi: ''Onuñ adyna Huseýin dakaý'' diýdi.
''Huseýin'' diýmek arapça: ''owadan, gelşikli'' manyny añladýar. Dogulanyndan alty gün geçende, ýedilenji gününde Muhammet aleýhissalam akyka gurbany üçin bir goçy gurban etdi, çagajygyñ saçlarynyñ agyrlygy barabarynda kümüş sadaka berdi we bäbejigiñ sünnet edilmegini emr etdi(2).
Huseýiniñ ejesi hakda aýdanymyzda onuñ ejesiniñ ady Fatyma binti Muhammed. Ýagny arapçadan türkmençä terjime edenimizde Muhammediñ (s.a.w) gyzy Patma diýmekdir. Yslam pygamberi Muhammediñ (s.a.w) neslini dowam etdiren ýeke täk gyzy bolan Fatyma Zahradyr. Pygamberimiz Muhammet aleýhissalam Patma enemiziñ öwgülerini ýetirer eken. Ony dünýädäki we ahyrýetdäki bütin hatynlaryñ iñ üstüni diýip aýdan hadysy hem bardyr(3-4)
Huseýin Hezreti Aly bilen Hezreti Fatymanyñ Hasandan soñky ikinji ogludyr.
Huseýin sekiz ýaşyndaka ejesi dünýeden ötüpdi.
Huseýin kakasy Alynyñ döwründe otuz alty ýyllap ýaşady.
Huseýin agasy Hasan bilen Yslam pygamberiniñ ýanynda ulalyp ýetişdiler. Birnäçe hadys Muhammet aleýhissalamyñ Hasan we Huseýin bilen oýnandygyny we olar bilen köp wagtyny geçirendigini habar berýär.
Yslam pygamberi olary arkasyna mündürip gülüp oýnaýan wagtlary şeý diýipdir: ''Münýäniñiz nähili ýagşy ulag, siz nähili ýagşy münüjisiñiz''(5).
Muhammediñ (s.a.w) Hasan we Huseýine bolan söýgüsini görkezýän başga hadyslaryñ biri hem ''Şu iki oglum meñ, dünýädäki güllerimdir(6)'' diýen hadysy şerifidir.
Ibn Mesudyñ nakyl etmegine görä: ''Hasan we Huseýin bir gün Yslam pygamberi Muhammet aleýhissalam namaz okaýarka ýanyna bardylar we sejde edip durka arkasyna mündiler, pygamber sejdeden turan wagty olary usullyk bilen arkasyndan düşürdi, indiki sejdede agtyklary ýene pygamberimiziñ arkasyna mündiler.
Pygamberimiziñ namazy tamamlananda birini sag dyzynda, birini çep dyzynda oturdyp töweregindäki oturanlara garap şeýle diýdi: - Meni gowy gören, şu ikisini gowy görsün(7)''.
Pygamberimiziñ (s.a.w) Huseýin hakda aýdan hadyslary bar: ''Hasan we Huseýin jennetdäki ýigitleriñ jenabydyr (efendileridir - türkçe ㅡ A. b) (8).
''Huseýin mendendir, menem Huseýindendirin. Allahym Huseýini söýen söýsün. Huseýin agtyklarymdan biridir (9)''.
Hijretiñ 9-10-njy ýyllarynda heniz Huseýin alty ýaşlaryndaka Yslamyñ pygamberi Muhammet bilen Nejran Nasranylarynyñ arasynda bolup geçen dawwalarda Muhammet (s.a.w) Nasranylary olaryñ kitaplaryndan deliller getirip özlerinden üstün çykdy. Bu kitaplarda ''Özüniñ pygamber hökmünde geljekdigine'' degişli alamatlary alymlara aýdyp berdi.
Muhammet aleýhissalamyñ delilleri şeýle bir güýçlidi welin Nasrany ruhanylary Muhammediñ (s.a.w) aýdanlarynyñ we ''Hak'' ýol üçin gelendigini boýun almakdan başga alaçlary bolmady, emma kabul edesleri gelmedi. Şondan soñ Allah: ''Saña gelen şunça ylymdan soñ, ýene-de bu hususda señ bilen dawwa etseler-de kiý: ''Geliñ ogullarymyzy we ogullaryñyzy, hatynlarymyzy we hatynlaryñyzy, nebsimizi (ozümizi) we nebsiñizi (özüñizi) çagyraly: soñam ýalan sözlänlere nälet okalyñ (10)'' aýatyny indirdi we bet doga edilmegini emr etdi. Nasranylar kabul etdiler. Karara gelinen ýerde Nasranylaryñ hemmesi ýetmişden köp öz alymlary bilen garaşyp durkalar, Muhammet aleýhissalamyñ ýanynda dört adam bardy: ýanynda getiren agtyklary Hasan bilen Huseýini, gyzy üçin Fatyma Zahrany we nebsi üçinem Alyny getirdi. Nejran Hristiýanlary, Muhammediñ (s.a.w) bu kararyndan soñ nälet okamaklykdan ýüz öwürdiler...(11-12)''
Üçünji halyf Osman bin Affanyñ öldürilmegi bilen halk Alyny goldap ony halyf saýladylar (656/ h. 35). Alynyñ halyflyga geçişinden soñ sözünden dänenler boldy. Bu ýagdaý Yslam taryhynda ilkinji içki söweşiñ (pitnäniñ) başlanmagyna getirdi.
Huseýin bu söweşlerde kakasy Alynyñ tarapynda söweşdi we kakasy rugsat berdigisaýyn söweş meýdanyna tarap öñe hereket etdi.
Hezreti Aly Yslam pygamberi Muhammet aleýhissalamyñ nesliniñ kesilmeginden gorkany üçin Huseýin we agasy Hasanyñ söweş meýdanyna kän bir girmegine rugsat berenokdy.
Kakasyna kast edip ony öldürensoñlar agasy Hasany ýolbaşçy edinen Huseýin onuñ öwütlerine uýdy.
Hasan Mugawyýa bilen söweş açjak bolanda ikiýüzlileriñ oña dönüklik etmegi zerarly on ýyldan gowrak wagtdan soñ Hasan Mugawyýa tarapyndan öldürildi(13). Hasanyñ ölüminden soñ tarapdarlary Huseýinden kakasynyñ we doganynyñ aryny almak üçin onuñ buýrugyna garaşýardylar. At-owazasy Küfä tanalan bir adam Medinä gelip Huseýini Kufä çagyrýar. Bu zatlardan habardar bolan Mugawyýa Huseýine pitne turuzmak isleýänlere pursat bermezligi habar berende Huseýin oña bir hat ýollaýar. Hatda şeýle ýazgylar bardy: ''Señ bilen söweşmek we saña garşy çykmak niýetinde däldirin''(14).
Hasanyñ wepatyndan soñ Mugawyýa bilen birjigem gozgalañy we pitnäni turuzandygy hakda şyga we sünni çeşmelerinde hiç hili maglumat ýokdur(15).
Doganynyñ ölüminden soñ Ýezit halyf bolýança tagat-ybadat bilen meşgullanypdyr. Mugawyýanyñ ölüminden soñ sözünde we ähti-peýmanynda durmadygyñ ogly (Mugawyýanyñ ogly) Ýezit Medine häkimi Welit bin Utbeden özi üçin Huseýin we beýlekilerden äht edilmegini isledi.
Welid Huseýini we Abdulla bin Zubeýri ýanyna çagyrmak bilen bularyñ ikisem Mugawyýanyñ ölendigini halk bilmezden äht etmek üçin çagyrylandyklaryna düşündiler.
Abdylla bin Zübeýr Mekgä gaçyp gitdi. Huseýin görüşmäge gideninde gizlinlikde äht etmekligiñ özi üçin amatly bolmajagyny ertir halkyñ huzurynda äht etjekdigini aýdyp ol ýerden aýryldy we soñra jigsi Muhammet bin Hanafiýýanyñ garşy çykmagyna garamazdan Mekgä tarap ýola çykdy(16). Şondan soñ Kufeden çakylyk geleninde ilki agasynyñ ogly Muslim bin Akyly Kufä, ýagdaýlaryñ nähilidigini bilmek üçin öñden ýollady. Soñam özi ýola çykdy. Huseýin Kerbela wakasynda (M. 680/ - h. 61 ý.) Muharrem aýynyñ onunjy güni Kerbelada şehit edildi. Muharremiñ 10-njy gününi ýagşy görenler dünýä ýüzünde ençeme ýyldan bäri Aşura günini belläp ýas tutýarlar. Emewiler tarapyndan Kerbela söweşinde maşgalasyndan köp kişi bilen birlikde öldürilipdir.
1. Usul-u-Kafi, 1/463; el-Isabe atly kitabyñ meñzeşi hökmünde neşir edilen el-Istiab, 1/377
2. Uýun-u Ahbarir Ryza, 2/25; Ilamul-Vera, 1/427
3. Ahmed bin Hanbel, Musned; Hafyz Ebu Bekr Şirazi, Nuzulul-Kurän fi Ali.
4. Hatyp, Taryhy Bagdat
5. Bihar-ul-Envar j.43, s-254
6. Buhary j-2, s-188; Tirmizi j-5, s-615.
7. Mustedrek, Hakim, 3/166
8. Ibn Mäje, 1/56; Tirmizi 5/614; Bihar-ul Enwar 43/265
9. Tirmizi 5/658; Bihar-ul Enwar 43/261; Ahmed 4/172
10. Kurany Kerim, Aly Ymran Süresi/61.
11. Zamahşary Tefsir-i Keşşaf, Aly Ymran Süresiniñ 61-nji aýaty.
12. Fahr-i Razy, Tefsir-i Kebir, Aly Ymran Süresiniñ 61-nji aýaty (Mübahele aýaty)
13. Dinaweri el-Ahbaruttywal s - 218, 224-225
14. Dinaweri el-Ahbaruttywal s - 224-225.
15. TDW Yslam Ensiklopediýasy, jilt: 18, sah - 518 (türkçe)
16. TDW Yslam Ensiklopediýasy. jilt: 18, sahypa - 519 (türkçe)