Hasan bin Aly

Hasan bin Aly bin Abu Talyp ýa-da Ymam Hasan el-Mujteba
(Arapça: الحسن بن علي بن أﺑﻲ طالب, Parsça: حسن ابن علی, dogulan wagty: 624-nji ý. 4-nji marty. Medine. Dünýeden öten wagty: 669-njy ý. 7 aprel). Aly bin Ebu Talyb we Fatyma Zahranyñ uly ogly we Muhammet aleýhissalamyñ ilkinji agtygy.
Şyga ygtykadyndakylar ony ymamlaryñ ikinjisi diýip kabul edýärler. Kiçeñiräk pyrkalara görä ikinji Ymam Huseýin diýip aýdýarlar.
Belli bir karara gelinmezligine garamazdan Sünni bolsun Şyga, Alawy bolsun tapawudy ýok Huseýiniñ Yslam dininde örän uly orny bar. Ol Muhammet aleýhissalamyñ Ähli-beýtindendir. Kakasy bilen birlikde otuz ýedi (37) ýyl, babasy bilen bolsa sekiz (8) ýyl birlikde bir döwürde ýaşapdyr. Onuñ neberesinden gelenlere ''Şerif'' diýilýär.
Hasan hijrýetden 3 ýyl soñ, ýagny milady ýyl hasabyndan alanyñda 624-nji ýylda dogulypdyr. Kakasy Hezreti Aly musulmanlaryñ Mekgeden Medinä göçýän wagtlarynda Muhammet aleýhissalamyñ ýatylýan düşeginde ýatyp pygamberiñ janyna kast edýänlere garşy janyny gurban etmäge taýyn bolupdy. Şeýdip pygamberimiz Muhammet aleýhissalama galdyrylan amanat zatlary eýelerine sag-salamat ugradypdyr. Hezreti Muhammet aleýhissalamyñ agasy Abu Talybyñ ogludy. Muhammet pygamberiñ gyzy Fatyma Zahranyñ gyzyna öýlenip, pygamberimiziñ giýewsi bolýar. Hezreti Alynyñ Fatymadan bolan ogly hem Hasandyr. Onuñ bu adyny Muhammet aleýhissalam goýupdy. Hasan arapça owadan, gelşikli diýen manyny añladýar.
Hasanyñ tiz öýlenip tiz hem aýrylyşýandygy rowaýat edilýär. Şol sebäpden oña Mytlak (Heleýinden aýrylyşýan) lakamy berilipdir. Rowaýata görä ýüze ýakyn (1) hatynlara öýlenip aýrylyşypdyr. Şyga alymy Ibn Şehraşubyñ aýtmagyna görä iki ýüz ellä, ýa-da üç ýüze golaý gyrnaklary bar eken(2).
Hasan we jigsi Huseýin babasy Muhammet aleýhisslam tarapyndan gowy görülerdi, munuñ şaýady hökmünde onlarça hadyslary görkezse bolar. Meselem şolaryñ biri: ''Hasan we Huseýin jennetdäki ýigitleriñ jenabydyr (efendisidir - türkçe ㅡ A. b.)'' diýip aýdýar(3).
Muhammet aleýhissalam olar hakda ýene şeý diýipdir: ''Bular meñ Ähli - beýtimdendir. Allahym bularyñ başyndan her dürli musybetleri aýyr we bulary tämiz kyl!''
Aly Küfede öldürilenden soñra Alynyñ tarapdarlary Hasana halyflyk täji tagtyñ galmagy we dolandyrmagy üçin äht (ýemin) etdiler. Bu ýeminden soñ onuñ kakasy Aly bilen Halyflyk dawwasy üçin elinden gelenini gaýgyrmadyk Mugawyýa tagta dalaş edip ugrady. Mugawyýa pursaty elden bermän Siriýa, Palestina we Şamdaky goşunbaşylaryna söweş taýynlyklaryna başlamaklary üçin taglymat berdi. Bir ýandanam Hasan bilen şertnama baglaşjak boldy. Hasana halyflyk tagtyndan çekilmegini ýañzydýan bir hat ugratdy we eger aýdylany edilmese erbet boljagyny we köpsanly musulmanlaryñ öljegini duýdurdy.
Hilegär we köpbilmiş syýasatçy we halka gowy görünmäge synanyşýan Mugawyýa bolsa Abu Sufýanyñ oglydy.
Ilkibada Hasan oña boýun bolmady we şertnama baglaşmady.
Käbir çeşmeleriñ habar bermegine görä altmyş müñe golaý Mugawyýanyñ goşuny Hasan bilen söweşmek üçin ýörüşe geçipdir. Hasan bolsa kyrk müñe golaý adamdan ybarat goşun toplap onuñ garşysyna geçdi. Iki goşun Sabat diýilýän ýere golaý gelip garşylaşdylar.
Hasan söweş başlanmazdan öñ Mugawyýanyñ esgerlerine ýalñyş tarapdadyklaryny Kuran we Hadyslardan mysal getirip öwüt-ündew etdi.
Hasan garşydaşlaryna boýun bolýandyr öýden bir bölek goşun birlikleri Hasana dönüklik (asy) edip üstüne duýdansyz döküldiler.
Hasan ýaralandy ýöne, onuñ goragçylary olaryñ gozgalañyny basyp ýatyrdy. Bu gozgalañ ýatdy diýildem welin Hasanyñ goşunbaşylarynyñ biri bolan Ubeýdulla Mugawyýanyñ tarapyna geçdi. Iki goşunyñ arasynda gutarar ýerde gutarmadyk söweşler başlady. Soñunda Mugawyýa ýeñiş gazanyp bilmejegini, adamlaryny hem dereksiz ýitirjekdigine soñ düşündi. Iki Kureýşli adamlaryny Hasan we onuñ yzyny eýerijiler bilen düşünişsinler diýip ugratdy. Hasan ýaralanypdy we goşun içinde käbir ikiýüzlileriñ hataryndan ybarat adamlaryñ barlygy üçin goşunyna ynam edip bilmedi. Soñunda Hasan we Mugawyýa bir ýerde duşuşyp düşünişdiler we şertnama baglaşdylar.
Sünni ýolundakylara görä Hasan Gurhana we sünnete uýmagy, kada-kanunlara görä hereket etmegi we ýandaşlaryndan ar almazlygy üçin şertlerini beýan etdi.
Şyga tarapdarlarynyñ aýtmaklaryna görä, Hasan Mugawyýanyñ ölüminden soñ ýene halyflyk tagtyna geçjekdigini, eger özi öläýen ýagdaýynda jigsi Huseýiniñ geçmegi üçin şert goýupdyr.
Mekir we hileli, syýasatçy, köpbilmiş Mugawyýa muny iki elläp kabul etdi we tagt makamyna geçse elinden gelenini gaýgyrmajakdygyny ähdi-peýman etdi.
Şertnamadan soñ Mugawyýa äht baglaşmak we tagta geçmek üçin Kufä gitdi. Ol ýerde Mugawyýa halka wagyz-nesihat edeninden soñ Hasan münbere çykyp şeý diýdi: ''Eý Yrak halky! Meñ göwnüm sizden geçdi. Kakam Aly bar wagty muhalefetler etdiñiz, ony bir günem gaýgy-gamda goýmadyñyz. Ahyrynda kakamy öldürdiñiz. Maña-da şony rowa gördüñiz; üstüme hüjüm etdiñiz, meni ýaraladyñyz. Heniz ýaram gowlaşmady. Malymy talaña berdiñiz. Eý Yrak halky! Eger siz pygamberiñ Ähli beýtine ezýet berseñizem hyýanat edilen ýerde Alla biz bilen siziñ arañyzda häkim we özi ýeterlikdir. Şu ýagdaýda men Mugawyýa ähti-peýman baglaşdym. Siziñ ähti-peýmanyñyzdan bolsa ýadadym'' diýdi.
Şyga çeşmelerine görä Mugawyýa halyfatyñ başyna geçeninden on ýyl soñra Hasanyñ panyda ýaşap ýörmeginden birahat bolup ugrady we Hasany öldürtmegiñ küýüne düşdi. Bir tarapdanam halyflygy ogly Ýezide galdyrmaklygyñ ýollaryny gözläp başlady. Ol gizlinlikde ogly bilen äht etmäge başlady. Ýene bir ýandan Hasanyñ hatyny bolan Eşas bin Kaýsyñ gyzy Jude Hasany zäherläninden soñ ýakyn wagtda halyf boljak Ýezit bilen nika gyýdyryljakdygyny aýdypdyr we bu habaryñ ýany bilen ýüz müñ dirhem ugradypdyr.
Juda kakasy Eşasyñ hem göwnemegi bilen Hasany zäherleýär.
Sünni çeşmelerine görä Ýezit bin Mugawyýa tarapyndan nika gyýylmak wadasy bilen aldanylan aýallarynyñ biri Jade bint Eşas bin Kaýs tarapyndan zäherlendi (4-5)
Hasan bu zäheriñ ezýetinden kyrk günläp ölmez-gülmez bolup syrkawlap ýatdy. Hasan hijrýetden 50 ýyl geçeninden soñ Sapar aýynda şol zäheriñ yzasyndan ejir çekip şehit boldy.
Sünnileriñ bäşinji halyfy, şygalaryñ ikinji ymamy bolan Hasany, jigsi Hüseýin tarapyndan gusuly alynyp ýuwulyp kepenlenipdir. Öz wesýeti boýunça-da jynazasyndan soñ babasy Muhammet aleýhissalamyñ ýanyna depin edilmelidi.
Şyga çeşmeleriniñ habar bermegine görä bu habary eşiden birinji halyf Ebu Bekriñ gyzy we Muhammet aleýhisslamyñ hatyny Aýşe binti Ebu Bekir muña garşy çykypdyr(6) we Mugawyýa tarapyndan Medinäniñ esgerleri bilen merhum Hasanyñ babasynyñ ýanyna depin edilmegine rugsat berilmändir.
Sünni çeşmeleriñ habar bermegine görä Ebu Bekriñ gyzy Aýşe rugsat beripdir ýöne Merwan bin Hakem Muhammet aleýhissalamyñ ýanyna jaýlanmagyna garşy çykypdyr(7)
Tarapdarlary we jigsi Huseýin, merhum Hasany Baky mazarlygyna depin edipdirler.



1. TDV Yslam Ensiklopediýasy, jilt-16,  sah- 283 (türkçe)
2. Ibn Şehräşub, Menäkybu Aly Ebi Talib, Nejep 1956, III, 192
3. History of the Cemetery of Jannat al-Baqi
4. Ibn Esir, Kämil taryh. lll. 460
5. Suýuti, s. 192
6. Şeyh Sadyk, “Ileluş-Şeraýi”, j. 1, s. 221, hadys 1
7. http://www.sorularlaislamiyet.com/qna/11468/hz-ayse-hz-hasanin-peygamber-efendimizin-yanina-defnedilmesine-engel-olmus-mu.html (türkçe).

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir