Ejem çaga wagtym meni gujagyna alardy-da, ullakan hakykatlary arassa beýnimiň içine men düşüner ýaly edip ýerleşdirmäge çalşardy. Muny, umuman, başarandygyna indi has oňat düşünýärin. Çünki, ejemiň meniň gulagyma pyşyrdap aýdan hakykatlaryny hiç haçan unutmadym.
Özi örän dindar aýal bolan ejem ýygy-ýygydan maňa şeýle diýerdi:
– Alla hemişe ýagşylaryň hem dogrularyň ýanyndadyr. Ine, bir gün ulalarsyň. Belkem, senden ýalňyş hereketler etmegiňi islärler. Olaryň isleýän zady seniň üçin özüne çekiji görünmegem mümkin. Belki, haýsy hereketiň dogry, haýsy hereketiň ýalňyşdygyny birbada anyklap bilmezligiňem mümkin.
Şolar ýaly pursatda kelläňde şübhe dörese, ýüregiň sesine gulak as. Alla, etmeli zadyňy seniň kalbyňa guýar; nämäň dogry, nämäň egridigini özüň duýarsyň.
Ýalňyş iş eden wagtyň töweregiňde başga adamlaram bolup biler. Olar etjek bolýan ýalňyş işiňde seni iki elläp goldabam biler.
Dogry bir iş etmegi ýüregiňe düweňde-de, özüňi ýalňyz duýmagyň ahmal. Belkem, töweregiňdäki adamlar seni ýekän-ýekän terk ederler.
Ýöne şuny hiç haçan unutma: sen dogruny saýlasaň, asla ýalňyz galmarsyň. Alla seniň hemişe ýanyňda bolar. Dogrudygyna ynanýan bolsaň, ynanýan zadyň ugrunda göreşmekden asla çekinme. Sebäbi, Alla bilen bilelikdäki adamlar hemişe güýçlüdir.
Bir karar aljak wagtyň kalbyň sesini diňle hem-de Allanyň ýüregiňe guýanyna görä hereket et.

Sol Blum

Edebiýat, 12 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir