Abdylmuttalib we Kureýşiñ kethudalary
Abdylmuttalibiñ bu hereketlerini başdan-aýaga synlap duran Kureýşler işiñ netijesini añan batlaryna ulularyna habar berdiler. Sähel wagtdan Kureýşiñ ygtyýarlylary guýynyñ gazylýan ýerine geldiler we Abdykmuttalibe:
ㅡ Eý, Abdylmuttalib! Bu atamyz Ysmaýylyñ guýusydyr. Onda biziñ hem hakymyz bardyr. Bu işe bizi hem şärik et! - diýdiler.
Abdylmuttalib:
ㅡ Ýok, bolmaz. Arañyzdan bu iş diñe maña buýruldy! - diýdi.
Abdylmuttalibyñ bu gönümel jogaby Kureýş baýlarynyñ göwüne ýaramady. Içlerinden Adiýý bin Newfel şeýle diýdi:
ㅡ Sen ýerden ýeke çykansyñ. Ýekeje ogluñdan başga arkañda durjak ýok. Sen neneñ bize garşy çykyp, boýun egmezlige het edip bilýärsiñ
Bu söz Abdylmuttalibiñ ýüreginden ok bolup geçdi. Çünki Kureýş kethudalary ony ýekelikde aýyplaýardylar. Bu sözüñ ony gaty ynjydandygyny heteketleri hem aýdyp durdy. Ol esli salym sesini çykarman, gama batyp oturdy. Soñra:
ㅡ Diýmek, sen meni ýekelikde aýyplaýarsyñ-da, şeýlemi? ㅡ diýip gaharlandy. Garşydaşyndan hiç hili jogap bolmansoñ, bir müddet pikir edip durdy we soñra aýasy açyk ellerini hem ýüzüni göge tutup:
ㅡ Ant içýärin. Alla maña on ogul berse, olardan birini Käbäniñ ýanynda gurban ederin(16).
Abdylmuttalibiñ bu sözleri hem dileg, hem wada, hem antdy.
Damaska gidiş
Wakanyñ bu ýerde gutarmajagy görnüp durdy. Ýagdaý kyndy. Şeýle wakalar sebäpli uly dawalar turardy. Muña belet Abdylmuttalib gazmagyny goýup, bu meseläniñ bir emin tarapyndan çözülmegini teklip etdi. Teklip kabul edildi.
Emin bellediler. Ol Damaskly Sad bin Huzeýmdi.
Daýylaryndan birnäçesini ýanyna alan Abdylmuttalib, Kureýşiñ tirelerinden ýygnananlar bilen birlikde Damaska tarap ýola düşdi. Emma Damaska ýetmänkäler ýazgyt olary durmaga mejbur etdi. Yssysy gowrup barýan gyzgyn çölüñ ortarasynda olaryñ suwy gutardy. Bu has uly, has güýçli duşmandan hem howpludy. Abdylmuttalibiñ suw dilemegine Kureýşiñ kethudalary:
ㅡ Suw özümizden artanok - diýip, jogap berdiler.
Abdylmuttalibiñ we onuñ ýakyn garyndaşlarynyñ jany howp astynda galdy. Emma olaryñ ellerinden geljek zat ýokdy. Çölüñ ortasynda suw gözlemek, salgymyñ yzyndan ylgamakdan enaýy däldi.
Abdylmuttalibiñ suw gözlegine çykmagy
Her niçigem bolsa, Abdylmuttalib düýesine mündi we suwuñ gözlegine çykdy. Kureýşler bolsa onuñ ýakyn garyndaşlary bilen birlikde teşnelikden ölerine garaşýardylar.
Emma eden umytlary puç boldy. Älemleriñ Serweriniñ mukaddes nuruny alnynda göterýän Abdylmuttalib bir oýtak ýerden geçip barýarka, düýesiniñ aýagy otlaryñ arasynda gömlen bir daşa ilişdi. Düýe büdräp, enterekläp gitdi. Daş hem ýerinden gozgandy. Ýykylmajak bolup düýesinden berk ýapyşan Abdylmuttalib dönüp yzyna seredende gözlerine ynanmady. Gyzgyn çölde, togalanan daşyñ ýerinde Gün şöhlesine ýyldyraýan bir owuç suw göründi. Abdylmuttalib derrew düýeden düşdi. Gylyjy bilen daş oýtumyny giñeltmäge durdy. Çukanak ýer giñeldigiçe suwy köpelmäge başlady. Az wagtyñ içinde çukura ep-esli suw ýygnandy. Abdylmuttalib yzyna dolanyp, garyndaşlaryna begenjini buşlady.
''Suw tapdym!'' sesini eşidenleriñ hemmesi täzeden dünýä inen ýaly boldular. Olar suwuñ gözbaşyna baryp, hem özleri gana-gana içdiler hem mallaryny suwa ýakdylar.
Abdylmuttalib özüne suw bermedik Kureýşlilere garap:
''Suwa geliñ, suwa! Alla bize suw berdi. Hem özüñiz içiñ, hem-de mallaryñyzy gandyryñ! Hany, ýaýdanman, geliñ!'' diýdi.
Kureýşliler utana-utana suwuñ başyna bardylar. Gana-gana suw içdiler, mallaryny-da suwa ýakdylar. Köne suwlaryny döküp, täze we durnañ gözi ýaly arassa suwdan suw gaplaryny doldurdylar.
Zemzem guýusyny gazan elleriñ özlerine beren bu buz ýaly sowuk hem tämiz suwundan içen batlaryna Kureýşleriñ dünýeleri birden üýtgedi. Utançly hem günäli halda Abdylmuttalibe dönüp:
ㅡ Eý Abdylmuttalib, indi saña diýip biljek zadymyz ýok! Zemzemi gazmaga diñe seniñ haklydygyña düşündik.
Bu işe täk sen mynasypsyñ. Zemzem meselesinde gaýdyp señ bilen dawa etmeris! Indi mundan añryk gitmäge zerurlyk ýok!'' Bu sözden soñ olar Damaska ýetmän, orta ýoldan yzlaryna ㅡ Mekgä dolandylar(17).
Mekgä gelen Abdylmuttalib ogly Haris bilen birlikde guýy gazmagyny dowam etdi we az wagtyñ içinde Zemzem ulus ile äşgär boldy.
Gymmat bahaly zatlar üçin bije atylşy
Zemzem guýusyndan birnäçe gymmat bahaly zatlar hem çykdy. Bularyñ arasynda altyndan edilen iki sany keýigiñ heýkeli bilen gylyçlar, sowutlar hem bardy.
Zemzemi gazmak hukugyny Abdylmuttalibe beren Kureýşiñ ýaşulylarynyñ bu gymmatly zatlary gören batlaryna nebisleri täzeden oýandy. Olar ýene Abdylmuttalibiñ daşyna üýşdüler:
ㅡ Eý, Abdylmuttalib! Bu baýlyklara seniñ bilen birlikde biz hem şärikdiris. Bu zatlarda biziñ hem paýymyz bar! - diýdiler.
Jomart we sabyrly Abdylmuttalib ilki bada:
ㅡ Ýok. Siziñ bu mallarda hiç hakyñyz ýok - diýip, olaryñ aýdýanlaryny red etdi. Soñra ýene jomartlyk we mertlik edip: ㅡ Ýöne men ýene gowusyny edeýin! Aramyzda bije atalyñ - diýdi. Muña begenen Kureýş ýaşululary: ㅡ Bolýar, biz razy. Bijäni nähili atjak? - diýişdiler. Abdylmuttalib bijäniñ şertini aýtdy: ㅡ Ilki bijäni Käbe üçin, ikisini meñ üçin, ikisini hem siz üçin atarys. Bijede kime näme çyksa, şony alar, bijesine hiç zat çykmadyk hem öz bagtyndan görer.
Bu usul ähli kişi üçin deñlik we meseläni oñyn çözmegiñ gowy çäresidi. Bu sebäpden Kureýşler hoşal bolup, Abdylmuttalibiñ bu edýänlerini ýerli-ýerden öwmäge durdylar: ㅡ Dogry, seniñ edýäniñ tüýs ynsaplylyk...
Olar Abdylmuttalib bilen birlikde Käbäniñ içindäki Hübel butunyñ ýanyna bardylar we bije atdylar. Bijäniñ netijesi Kureýşiñ öñbaşçylarynyñ bu mallarda haklarynyñ ýokdugyny görkezdi. Altyn Keýikler Käbä, ýaraglar bolsa Abdylmuttalibe düşdi (18) Kureýişlere hiç zat düşmedi, emma indi olaryñ edip biljek zatlary ýokdy, mesele çözülipdi. Abdylmuttalib ýaraglary eredip, ondan gapy ýasatdy we ony hem Käbäniñ girelgesine oturtdy. Şeýlelikde, ol Käbäni altyn bilen bezedi.
Abdylmuttalib Zemzem guýusyny tapan wagty kyrk ýaşyna giripdi. Otuz ýyldan soñra, Allatagalanyñ bermegi bilen onuñ ogullarynyñ sany ona ýetdi. Şol wagt hem ol öñki eden wadasyny ýadyna saldy.
Ol ogullaryndan birini Käbede gurban etmelidi... Emma haýsysyny? Olaryb hemmesi-de biri-birinden ezizdi. Ýöne Abdylla içlerinde hasam üýtgeşikdi.
Peýdalanylan edebiýatlar:
16. Ibni Hişam, Sire, t-1 sah-160. Ibni Sad Tabakat t-1 sah-88. Taberi taryh t-1 sah-128.
17. Ibni Hişam, Sire, t-1 sah 152-158. Ibni Sad Tabakat t-1 sah-84.
18. Ibni Hişam, Sire, t-1 sah-145-146, Ibni Sad Tabakat t-1 sah-85.
Salyh Suruç. ''Älemleriñ Serweri Pygamberimiziñ Ömri''
Terjime edenler: Hydyr Amangeldi,
Nedim Polat,
Baky Annadurdyýew.